ATAWATAN ESERLERİ

Arzyly kenar   

      (hekaýa)

Selbinýaz gözlerini süzüp, mawy deňziň jümmüşinden çykyp, yzly-yzyna kenara urulýan tolkunlara seredip otyr. Gyzyň göwnüne, bu tolkunlar haýsydyr bir niýet bilen ýola çykyp, niýeti paşman ahmyr bilen yza dönen ynsanlary ýatladýan ýalydy. Selbinýaz bu görnüşi synlap oturşyna, iki ýyl mundan öň tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýere ilkinji gezek gelşini ýatlady…

Selbinýaz Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebine okuwa kabul edilenine begenjinden iki bolup bilmedi. Ol körpelikden kalbynda beslän mugallymçylyk hünäri boýunça bilim aljakdygyna buýsanýardy. Şonuň üçinem, okuw üçin gerek boljak ähli esbaplaryny bireýýäm taýýar edip goýupdy. Gyzynyň öz kärini ýöretmegi maksat edinmegi Selbinýazyň ejesi Aýnagözeli-de az begendirmedi. Ol Selbinýazyň mydama-da özüne bil baglap biljekdigini aýdyp, oňa guwanýardy.

Selbinýaz okuw başlanmazyndan iki-üç gün öň gelip, mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdi. Mazaly, bir otagda ýaşamaly ýyldaş gyzy hem uzak garaşdyrman geläýdi. Olar tanyşlyk açyp, gysga wagtyň içinde öwrenişip ötägitdiler. Deňiz ýakasyndaky obalaryň birinden gelen Gültäç diýseň açyk göwünli gyz eken. Edil Selbinýazyňky ýaly, olam öz käbesiniň kärini dowam etdirýändigini buýsanç bilen otagdaşyna gürrüň berdi.

Okuw ýylynyň başlanmagy bilen talyplaryň aladasy artdy. Olar geçilýän ähli dersleri öz wagtynda özleşdirip, okuwa yhlas bilen ýapyşdylar. Joralaryň ikisi-de mekdebiň öňdebaryjy talyplary bolup, mugallymlaryň guwanjyna öwrüldiler. Bar ünsüni okuwa gönükdiren talyp gyzlar okuw ýylynyň nähili tamamlananyny-da duýman galdylar. Bilelikde geçirilen bir ýyla golaý wagt iki jorany has-da ysnyşdyrdy. Okuwyň ilkinji ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyş möwsümi gelende, Gültäç Selbinýaza öz öýlerine myhmançylyga gitmegi teklip etdi. Selbinýaz deňzi näler göresi gelse-de, birbada bu teklibe razylyk berip bilmedi. Ol öz hossarlarynyň garşylyk görkezäýmeginiň mümkinliginden ýaýdanýardy. Ýöne Selbinýazyň ejesi-de, kakasy-da gyzlarynyň jorasynyňka myhmançylyga gitmegine birjigem garşylyk bildirmediler. Şeýlelikde, Selbinýaz otagdaş jorasy bilen otla münüp, hyýalynda beslän arzyly kenaryna tarap ýola düşdi.

Gadyr bilen garşylanan myhmanyň şanyna guralan hödür-keremden soň, olar deňziň kenaryna gezelenje çykdylar. Selbinýaz aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňzi synlap-synlap ganyp bilenokdy. Gültäçleriň öýleri kenara ýakyn ýerleşensoň, gije-de deňziň pagşyldap kenara urulýan tolkunlarynyň sesi eşidilip durdy.

Endigine görä säher bilen oýanan Selbinýaz ýuwaşlyk bilen ýorganyndan çykyp, äpişgäniň öňüne bardy. Aýnanyň aňyrsyndan ýaýylyp gidýän mawy deňziň tolkunlary ony gol bulap ýanyna çagyrýan ýaly göründi. Jahan ýagtylyp barýan hem bolsa, heniz gün dogmandy. Jorasynyň ukuçyl häsiýetine belet Selbinýaz ony oýarman ýuwaşlyk bilen otagdan çykyp, kenara tarap ugrady. Deňziň üsti bilen öwüsýän salkynjak şemala saçlaryny ykjadyp barýan gyz ýod ysly howany yzly- yzyna demine dartdy. Ol kenardan biraz içiräk girip duran daşly depejigiň üstünde gowuja ornaşyp oturdy-da, ýüzüni gündogara öwrüp,  günüň dogmagyna garaşdy. Gyzaryp başlan gözýetime seredip oturşyna, saçlaryny çözledi. Adaja öwüsýän şemala saçlaryny ykjadyp, bir pursatlygam nazaryny sowman, täze dogup gelýän güni synlap oturan gyz bu wagt dünýäni unudyp, bu täsinlige tomaşa edýärdi. Selbinýaz gün tä deňziň üstünden ep-esli ýokary galýança sarsman oturdy. Günüň ýiti şöhleleri mazaly gyzdyryp ugrandan soň, ol öýe gaýtmak üçin ýerinden turdy. Selbinýaz ýuwaşja ýöräp gelşine, deňziň kenarynda surat çekip duran ýigidiň deňesine ýetdi. Gyzyň golaýlap gelýänini gören suratçy ýigit ünsüni çekip duran suratyndan sowup, oňa ýüzlendi:

―Salam, men sizi suw perisidir öýtdüm. Suw perisi bolmasaňyzam, siz ýerdäki iň owadan gyz bolmaly. Alyň, bu size!

Ol çeken suratyny tagtanyň ýüzünden aýryp, gyza uzatdy. Kagyzyň ýüzünde onuň  günüň dogşuny synlap oturan suraty edil janly ýaly görünýärdi. Selbinýaz geňgalyjylyk bilen ýigide seredip:

―Siz muny haçan çekip ýetişdiňiz? – diýip sorady.

―Elbetde ýaňy, siz dünýäni unudyp, säheriň şapagyny synlaýakaňyz. Siz bu suraty özüňizde galdyryp bilersiňiz.

―Ýok, men suraty almaýyn. Myhman ýerime elim suratly barsam gelşiksiz bolar. Sag boluň, siz suraty gaty gowy çekýän ekeniňiz.

Ol şeý diýip, suraty ýigidiň eline tutdurdy-da, çalt-çaltdan ädimläp, Gültäçlere tarap gitdi.

Selbinýaz dolanyp geleninde, Gültäjiň ejesi aşhanada ertirlik taýýarlap ýören eken. Ol Selbinýazy görüp:

―Geldiňmi, gyzym, bar, Gültäje-de tur diý, üýşüp ertirlik edineliň – diýdi. Saçak başynda Selbinýazyň nämüçindir işdäsi bolmady. Öý eýeleri:

―Deňziň howasy işdäňi açýar-a. Sen näme, haýal iýip-içýäň, ýa oňly ukyňy alyp bilmediňmi? – diýip biynjalyk boldular. Selbinýaz syr bildirmejek bolup, çem-çüm iýen boldy. Onuň näler suratçy ýigit hakynda bilesi gelse-de, ol barada Gültäçden soramaga ejap etdi. Üç gün myhmançylykda bolanyndan soň, öý eýeleri bilen hoşlaşyp, otla münen Selbinýazyň göwnüne şol arzyly kenarda bir zady galan ýalydy. Suratçy ýigidiň çeken suraty, onuň ýylgyryp duran keşbi Selbinýazyň göz öňünden öwran-öwran geçip durdy…

täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Selbinýazyň bu wakalardan ünsi bölünipdi. Okuw sapaklarynyň aladasy bilen bolup, ol suratçy ýigit hakynda pikir etmegi bütinleý ýadyndan çykaryp barýardy. Şeýlelik bilen ýene iki ýyl geçdi. Okuwlaryny üstünlik bilen tamamlan talyplaryň begenjiniň çägi ýokdy. Saýlan käriniň eýesi bolup, zähmet ýoluna başlamak olaryň her birine ganat bekleýärdi.

Selbinýaz bilen Gültäjiň hersi öz obalarynda işe başlasalaram, olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklary dowam edýärdi. Tomusky dynç alyş möwsüminiň ortalarynda bir gün Gültäçden jaň geldi. Ol tolguna-tolguna Selbinýaza durmuşa çykýandygyny aýdyp, toýa hökman maşgala bolup gatnaşmaklaryny sargady. Selbinýazam öz gezeginde jorasynyň begenjini paýlaşyp, oňa bagtly durmuş arzuw etdi. Birdenem:

―Jora jan, o bagtly ýigidem özümiz ýaly mugallymmy? – diýip, jorasyna sowal berdi.

―Ýok, jora jan, mugallym däl. Ökde suratkeş ol. Meniň suratlarymy dagy edil janly ýaly edip çekäýipdir, gyz!

Selbinýazyň, birdenkä, demi tutulyp, howa ýetmeýän ýaly gursagy daralyp başlady. Ol şondan soň Gültäç bilen nämeler hakynda gürleşenini-de doly aňşyrman, onuň bilen hoşlaşdy. Selbinýazyň derdi täzelenipdi. Onda-da nähili! Eziz görýän jorasy bu gün onuň kalbynyň çuňlugynda orun tutan ýigide durmuşa çykýar! Selbinýaz toýda özüni nähili duýar? Gitmese-de gelşiksiz, üstesine-de iň ýakyn jorasy öýkelejek. Iki jan owarrasy bolan Selbinýaz toýa ejesidir kakasy bilen bile gitdi. Içindäki derdini hiç kime aýdyp bilmeýän gyz syr bildirmejek bolup janserek bolýardy.

Ine-de şol arzyly kenar! Selbinýaz toý güni ähli myhmanlardan, hatda öý eýelerinden hem ir oýanyp, öňküje oturan ýerine geldi. Ol şol birwagtky daşyň üstünde oturyp, iki dyzyny gujaklap pikire çümüp otyr. Şol oturşyna-da eýýäm näçenji gezek iki ýyl mundan öň şol nätanyş, şu günden beýläk mähriban jorasynyň adamsy boljak suratçy ýigit bilen bolan gysgajyk söhbeti ýatlaýar. Selbinýaz birdenem içki duýgularyna bäs gelip bilmän aglamaga başlady. Aňynda bolsa, “Näme üçin, näme üçin?” diýen sowal dynman gaýtalanýardy. Aglap-aglap köşeşen gyz bärde uzak eglense, syry açylaýmagyndan howatyr etdi-de, toý ýere tarap ugramakçy bolup ýerinden galdy. Deňziň salkynjak duzly suwundan el-ýüzüni ýuwup dikelenem şoldy welin, bir wagtky tanyş ýüze gözi düşäýmezmi! Suratçy ýigit birwagtkysy ýaly ýylgyryp durdy. Elinde-de surat çekýän gurallary. Gyz birbada ol gözüne görünýändir öýtdi. Ýöne ýigidiň:

―Suw perisi, salam, siz şunça wagtlap nirelere ýitirim bolduňyz? Men size şu kenarda kän gezek garaşdym. Ýöne siz hiç dolanyp gelmediňiz. Men sizi nireden gözlejegimem bilmedim. Herne, bile okan dostum hem synpdaşym sebäp bolaýdy. Ol öýlenmezinden öň bizi myhmançylyga çagyrdy. Şonda bize öýlenjek gyzynyň suratyny görkezdi. Ynanaýyň, Gültäjiň gapdalynda duran suratlaryňy görüp, begenjimden tas gygyrypdym. Zordan saklanaýdym. Ýuwaşlyk bilen dostum Baýramdan sen barada soradym. Ol seniň toýa gelýändigiňi aýtdy. Şondan bäri şu arzyly kenara her gün gelip, saňa garaşyp ýörşüm. Çeken suratyma-da şol wagt göwnüňiz ýetmedi öýdýän. Men muň üstünde kän işledim. Belki indi kabul edersiňiz.

Ol suraty gyza uzatdy. Selbinýaz gulaklarynyň eşidenlerine ynanyp bilmän,  henizem aňk bolup ýigide seredip durdy. Gözlerinden bolsa, begenç gözýaşlary yzly-yzyna paýrap dökülýärdi-de, deňziň mawy tolkunlaryna garylyp gidýärdi.

 

Kümüş Mätniýazowa,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň (TDP-niň)

Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri