ATAWATAN ESERLERİ

Adamy ýaşadýan söýgi

Söýgi … Niçeleri ýandyran, kimleri köýdürip, güldür söýgi. Zöhre-Tahyr, Leýli-Mežnun ýaly aşyk magşuklaryň geçendigine garamazdan häzirki günde hem geljekde döredijilik äleminde iň derwaýys temalaryň biri bolup galjagy şübhesizdir. Görnükli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň döredijiliginde belleýşi ýaly, “ şygyrýet äleminde iň görnükli tema “Söýgi”. Göräýmäge şahyrlarymyz, bagşylarymyz şondan başga tema tapmaýan ýaly, howa gürrüňsiz söýgi temasynda goşgy ýazýanam, aýdym aýtýanam juda köp, şol sanda özüm hem söýgi temasynda ýazýan. Beýik akyldarlaryň aýdyşy ýaly durmuşa her kim öz gözi bilen seredýär we özüçe baha berýär. edil şonuň ýaly hem söýgi temasynda ýazýan näçe köp bolsa-da her kim öz ýanyndan pikir ýöredýär. Hiç birimiziň söýgimiz biri-birimiziňkä meňzeş däl.

Geliň indi pikir edip göreliň. Adamzat söýgüsiz ýaşap bilermi?! Pikirimçe bu mümkin däl. Sebäbi söýgi ýaly mähirden, şatlykdan, gülkiden, gam-gussadan doly.

Bu ýokarda ady agzalan zatlar biziň durmuşymyzy emele getirýärmi näme?

Pikir edeliň. Biziň ýüregimizde dyrnak ýaly hem mähirlilik bolmasa nähili bolar? Elbetde adamlarda ýigrenç duýgusy möwç alar. Göräýmäge dünýädäki ähli zatlar ýykylsa ýumrulsa gowy boljak. A mähir bolsa beýle däl, ol adamda barlygy emele getirýär, kalbynda ýylylyk duýgusyny döredýär. Ýaşaýşyň dowamaty hökmünde geljege nazar salýar.

Aslyýetinde adam dünýä inende söýgi bilen dünýä inýär we şol söýgi bilenem ömürlik ýaşaýar. Goý, ol Watana bolan söýgi bolsun, ene-ata, perzende, söwer ýaryna bolan söýgi bolsun tapawudy ýok, ol duýgy adamyň kalbynda müdimilik ýaşaýar.

Kiçijik çagany mysal alanymyzda, durmuşda şeýle eýjejik gudraty gowy görmeýänimiz ýok bolsa gerek, çünki çaga bolan garaýyş oňa bolan mähir ynsanyň zandyndaky söýgüden emele gelýär. Islendik çagany görenimizde öz ýanymyzdan arzuwly nazarymyz bilen seredip geljekdäki pikir ummanyna çümýäris.

Belleýşimiz ýaly adamzadyň durmuşyny söýgüsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Adamzat ýaşaýarmy diýmek onuň ýüreginde söýgi baky ýaşaýar. Munuň bilen men söýgä kesgitleme bermek islämok, sebäbi munuň belli bir kesgitlemesi ýok. Şu ýerde G.Seýitliýewiň şeýle setirlerini ýatlasym gelýär:

Kim diýer, ýaz güli owadan bolar.

Kim diýer, güýz güli owadan bolar.

Ýürekden soradym ýüregim diýdi,

Her kimiň öz güli owadan bolar.

Diýmek adamzat ýaşaýarmy, munuň jogaby gutulgysyzdyr. Söýgüni her kim özüçe göz öňüne getirýär. Geliň pikir edeliň söýgini mähirsiz göz öňüne getirip bolarmy? Köpümiz bu sözleri aýrybaşgalaşdyrjak bolýarys, emma söýginiň başlangyjy özeni mähir dälmi eýsem. Haçanda bize mähirli gözler bilen seredýän ynsan bar bolsa, biz oňa öwrenşýäris, şol ynsany ýitiresimiz gelenok. Şol ynsana bolan položitel garaýyşlar biziň ýüregimizi gurşap alýar.

Mähir, söýgi bu iki jümle ýanma-ýan bolup, ikisi hem ynsan dünýäsinde ýakymly pursatlara sebäp bolýan duýgulardyr.

Söýgi we mähir jümlelerini özboluşly pasyllara meňzedip wasp edesim gelýär. Üns berýän bolsaňyz köp şahyrlaryň şygyrlarynda ýaz pasly söýgüni döredýän pasyl hökmünde wasp edilýän bolsa, güýz pasly köplenç aýralyk manyda döredijilikde ulanylýar.

Haçanda gün özüniň ýyly mährini ýere berip ugranda, ýer hem günüň söýgüsine jogap hökmünde zemini gül-gülzarlyga besleýär. Agaçlaryň pyntyk açmaklary, güllemekleri, guşlaryň säher howasynda jürküldi sesleriniň ýakymy bu başgaça we söýgä, mähire doly dünýäni janlandyrýar. Bu ahwal ynsanyň kalbyndaky ýaşaýan söýginiň ganatsyzam bolsa adamzady asmana uçurmasyna çalym edýär. Göwnüňi ganatlandyryp, dünýäniň eziz we mylaýym ynsanyna öwürýär.

Tomus paslynda bolsa gün öz mährini ýerden aýaman eçilýär.bu hem edil söýgüniň ýüregimizde alawlap ýanýan pursatlaryny göz öňüňe getirýär. Şeýle mähirlilikden ýaňa ýüregimizi rahatlyk  gurşap alýar. Bahar paslynda biziň bar mährimiz agajyň ekiniň güllerine düşen bolsa, güýzüň gelmegi bilen biziň nazarlarymyzda onuň miwesi bolýar. Gün hem bar mährini onuň miwelerine bagyş edýän ýaly, bizi onuň miwesi guwandyrýar. Bu ýagdaýdan ýer hem öýkelän ýaly, egnine sary köýnegini geýip, gijelerine sowuklyk aralaşyp başlaýar. Bu bolsa tersleşip ýüreklerimiziň bir-birinden daşlaşyp başlaýan pursatyny, aýralygy ýadyňa salýar.

Aýralygyň gelmegi bolsa  aňzakly gyşy ýadyňa salýar. Ara düşen sowuklyk sowuklyk diňe bir ýüreklerimizi däl eýsem ýeri hem doňdurýar. Köpümiz gyş paslyny doňýürek, ynsan hökmünde göz öňüne getirýäris.

Güýz paslynda bolsa ýere şol ýyly mähriň ýetmeýändigi üçin ýaryndan öýkelän gyz mysaly egnine sary köýnegini geýýär. Şahyrlarymyzyň döredijiliginde sary reňki aýralyk diýip şöhlelendirmeleri hem şondandyr. Bu aýdylanlardan çak tutsak söýgüde diňe süýji günler däl, eýsem ajy pursatlary bilen hem ynsan durmuşyna aralaşyp bilýär diýildigidir. Emma aý aýlanyp, ýaz paslynyň gelmegi söýgüniň gutarnyksyzdygyna delalatdyr.

Ýene bir mysala ýüzleneliň. Fizikanyň grawitasiýa kanunyna laýyklykda ýer bizi öz üstündäki ähli jisimleri özüne çekip saklaýanyny bilýäris. Bu bolsa ýeriň bize bolan söýgüsinden ýaňa bizi özünden uzaklaşdyrasy gelmeýän ýaly, hatda bu dünýäni terk edenimizden soň hem ýeriň bagryna siňmegimiz, ýeriň bize bolan söýgüsiniň çäksizdigine subutnamadyr.

Görýän bolsaňyz söýgüsiz durmuşy göz öňüne getirip bolmajagy baradaky birnäçe mysallara ýüzlendik. Elbetde adam öýsüz, ýer-ýurtsyz, maşgalasyz ýetimlikde ýaşap biler. Bu edil elsiz-aýaksyz, maýyp adamlaryň ýaşaýşy ýaly. Ýöne pikir ediň adam ýüreksiz ýekeje minudam söýgüsiz ýaşap bilermi? Belki şonuň üçin hem söýgi biziň ýüregimizden orun tapýandyr. Ýürek urmasa ynsanyň ýaşap bilmeýşi ýaly, söýgi ýok ýerinde-de ýaşaýyş ýok. Sebäbi ýaşaýyşa güýç, lezzet, giňlik berýän SÖÝGI.

 

 

Kerwen Ýowyýew,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri