SIZDEN GELENLER

Almanyň we bananyň saglyga peýdasy

Haýsy miwäniň saglyga has peýdalygy barada lukmanlar dürli pikirleri beýan edýärler. Olar alma bilen bananyň arasyndaky tapawutlary belläp geçdiler.

Almalarda banandan has köp süýüm bar. Netijede, süýümiň kömegi bilen beden has güýçli immunitet görnüşinde “artykmaçlyk” alar. Bu madda mikrobiotanyň saglygyny goramakda möhüm rol oýnaýar. Mundan başga-da, alma gan şekeriniň az üýtgemegine sebäp bolýar. Netijede, banan açlyk duýgusy has çalt duýulýar. Süýji bolansoň, banan gandaky şeker derejesini ýokarlandyrýar, ýöne 45-60 minutdan soň ýene-de pese gaçýar.

Şeýle-de bolsa, banan örän sagdyn miwelerdir. Bu miwelerde B witamini barlygy sebäpli tebigy antidepressant roluny oýnap bilerler, ýöne banan iýmit däl “dopamin goldawyny” çalşyp biler.

Bu miweleriň aýry-aýrylykda hem ele alanymyzda, olaryň saglyga peýdasynyň uludygyny görmek bolar. Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar.
Onuň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygyny anyklady. Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni alýar. Iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şeker mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär.

Şeýle hem almanyň düzümindäki kuersetin maddasy dodagymyzda gaýnan uçugy ýok etmäge ukyply. Kuersetin maddasy almanyň gabygynyň aşagynda bolany üçin ony daşy bilen iýmeklik masalahat berilýär. Mundan başga-da, bilermenler ýatmazdan öň, alma iýmegiň rahat uklamak üçin ähmiýetiniň uludygyny belleýärler.

Ýatmazdan öň alma iýmegiň rahat uklamak üçin ähmiýeti uludyr. Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde giňden ulanylypdyr.

Köp kaloriýaly bananlar köp babatda peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Banan ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegi, myşsa dokumalarynyň işjeňligi we suw deňagramlylygyny saklamak üçin zerur bolan kaliýiň ajaýyp çeşmesidir. Bu möhüm elementi diňe iýmit bilen alyp bileris we 100 gram bananda takmynan 340 mg bar.
Banan antidepressant täsiri bolan miweleriň biridir. Banan aminokislotaly triptofana baýdyr. Triptofan, bedenimizdäki birnäçe biohimiki proseslerden soň bagt gormony diýlip atlandyrylýan serotonine öwrülýär. Keýpiňi ýokarlandyrmakdan başga-da, ýady, ünsi we ukyny gowulaşdyrýar.

Banan ýatkeşligiňi berkitmek üçin örän peýdalydyr. Hünärmenler günüň dowamynda iýlen bir bananyň ýadawlygy, gaharjaňlygy ýeňletmäge ukybynyň bardygyny belleýärler. Çünki onuň düzümi ýokumly witaminlere baýdyr. Banan şähdiňi açýar hem gujurly, işjeň bolmaga ýardam edýär. Banan bilen süýtden taýýarlanan şerbet ynsan bedeniniň üşükliligini güýçlendirip, bedene rahatlyk berýär. Şeýle-de, bedendäki suwuň hem-de duzuň kadaly mukdarda bolmagyna ýardam berýär.

Toýmyrat Arazalyýew, TOHU-nyñ talyby.

 

Jemgyýetde ýaş alymlaryň orny

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika