BILIM

Bilim ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň buýrugy bilen 2025-nji ýylyň  24-nji fewralynda  Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy Erol Özwar bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga Türkiýäniň ýokary bilim guramasynyň bölüm başlyklary, tejribeli hünärmenleri hem gatnaşdylar. Iş maslahatynda iki ýurduň ýokary hünär bilimini berýän bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejelere çykarmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2023-nji ýylda gol çekilen «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» laýyklykda ýokary hünär biliminde hyzmatdaşlyk etmegiň gerimi has-da giňedi.

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda: “Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli alyp barýan döwlet syýasatyna laýyklykda, biziň ýurdumyzda bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, ýaş nesle döwrebap bilim berilýär. Okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar bilim işine giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we iri şäherlerinde ýokary okuw mekdepleriniň sany artdyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 26 sany ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. Şu ýerde soňky döwürde döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň, ýagny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň häzirki zaman binalar toplumlarynyň gurulandygyny aýratyn bellemek isleýärin” diýmek bilen, ýurdumyzda ýokary hünär bilimine aýratyn üns berilýändigi we bu ugurda Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen bilim, ylym babatda tejribe alyşmagyň ýaş nesillerimiziň ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam etjekdigi barada nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň dünýäniň öňdeligini düzýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girýän bilim edaralary bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkiýe Respublikasyndaky ÖSYM-iň (Ölçemek, saýlap-seçmek, ýerleşdirmek merkeziniň) tejribesini öwrenmek, Türkiýe Respublikasynyň «Çanakkale Onsekiz Mart» uniwersiteti bilen bilelikde «Daşky gurşaw dostlugy okuw moduly» atly taslamany durmuşa geçirmek, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Sosial bilimleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini işjeňleşdirmek, Türkiýe Respublikasynda bilim alýan Türkmenistanly ýaşlaryň okaýan hünär ugurlary, olaryň okuwlaryna ýetişikleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasy tarapyndan Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp ýerlerini bermek, iki döwletiň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän IT merkezleriniň hem-de tehnologiýalar parklarynyň toplan iş tejribelerini öwrenmek, hususan-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkiýe Respublikasynyň halkara indekslenýän žurnallarynda Türkmenistanly professor-mugallymlaryň makalalaryny çap etmek, Türkiýe Respublikasynyň bilim edaralary bilen iki ýurduň edebiýatyna, taryhyna, medeniýetine, Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna dahylly bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmak dogrusynda berlen teklipler Türkiýäniň Ýokary bilim guramasy tarapyndan gyzgyn goldanyldy.

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwar iki doganlyk halkyň ýokary bilim ulgamyndaky başlangyçlaryny hem-dehyzmatdaşlygyny doly goldaýandygyny, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýokary derejede hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga uly isleg bildirýändigini belledi. Aýratyn hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly bilim, emeli aň, oba hojalyk, inženerçilik ugurlarynda hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda tagallalary etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň bilim ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ýaş inženerleri «Almaty Tech Cup – 2025» halkara robototehnika çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda talyp hakly ýerler boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmen ýaşlary Indoneziýadaky Halkara ylym sergisine ylmy işleri bilen gatnaşýarlar

Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri