Ussat halypa bagşy Magtymguly Garlyýew: “Aýdym saz göwün guşunyň ganatydyr, ile berseň, özüňki bolar, gizläp goýsaň, ýiter gider” diýer eken.
Özüniň ýürege ýakyn sazlary, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen milli aýdym-saz sungatymyzda özboluşly ýol goýan sazandalarymyzyň biri-de Möwlam Täç ogludyr.
Ussat sazanda şu dünýä bilen hoşlaşmasynyň öňüsyrasy mejalsyz ýagdaýda özüniň gamgyn günde ýoldaşy bolan dutaryny bagryna basyp: “Hoş dutarym, men senden baky aýrylyşýaryn” diýip syrdaşy bilen allaýarlaşandan soňra, özüniň ýalňyz perzendi ýedi ýaşly ogly Esgere: “Balam, şu senedi saňa tabşyrýaryn, kesbimi dowam etdirgin” diýip gözlerini ýumdy. Bu gürrüňi edilýän adam Möwlam sazandady. Ol Bereket etrabynda Sahy Jepbarowyň şägirtleriniň içinde ýetişen ezber sazandalarynyň biridi. Ol Ata Ablyýew, Ata Esadow, Hojamämmet Täçmämmedow, Şamyrat Gurbannepesow bilen tirkeşen adam, Möwlamyň Täçmämmet Suhangulynyň ansamblynda Moskwada aldyran suratlary, onuň ogly Esgeriň şahsy arhiwinde saklanýar.
Kakasy wepat bolan Esger entek tokarja çagady. Ata kesbini ýöretmek üçin oňa halypa gerekdi. Jahan urşy paýawlap barýanam bolsa tyldakylaryň ýagdaýy öwerlik däldi. Açlyk-horluk, öz hökümini ýöredýärdi. Şonda-da 1944-nji ýylda garry enesi Abadan eje kendirikdäki iň soňky urbalygyny ýugrup, sekiz ýaşly Esgerjigi bagşy Soltan Atanepesowyň öýüne ýörite saçakly eltipdi.
Ynha, şol günden başlap keramatly dutarydyr gyjak Esgeriň köňül hoşuna, gamly gününde syrdaşyna öwrülýär. Ejesi türkmeniň nepis sungaty bolan halyçylyk ussatlygyny dowam etdiren bolsa, Esger jadyly senediň yşgyna düşýär. Ýeri gelende şu ýerde ýene bir zady ýatlamak gerek. Hesel Möwlamowa 1950-nji ýylda Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda “At gazanan halyçy” diýen hormatly ada eýe bolupdyr.
Soltan akka Esgeri Bereketde açan saz kružogyna (gurnagyna) kabul edýär. Ýaşajyk çaganyň dutaryň kirşine kakyşy, perdede barmaklaryny oýnadyşy halypanyň göwnünden turýar. Soltan Atanepesowyň şol wagytky saz kružogyna (gurnagyna) Esgerden başga-da köp sanly oglan-gyzlar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Aşyrmämmet Dawudow, Rahym Rahmanow, Nurmuhammet Garlyýew dagylar hem bardy. Şolardan Aşyrmämmet Dawudow Türkmenistanyň halk bagşysy diýen hormatly ada eýe boldy.
Esger Möwlamow özüniň ýoldaşlary bilen bu kružoga (gurnaga) yzygiderli gatnap kämilleşýär. Ol eýýäm on bir ýaşynda öz halypasyna sazandarlyk edip, 1947-nji ýylda ilkinji gezek respublikanyň çeper höwesjeňleriniň gözden geçirilişinde çykyş etdi. Soň ol gyjak öwrenmeginiň kül-külüne düşýär. Ol dura-bara bu senetden baş çykaryp başlaýar. Bu ugurdan oňa belli bolan halypaçylyk eden adam bolmansoň, öz zehini bilen radiodan Ata Ablyýewiň we Saparguly Işangulyýewiň gyjakda çalan sazlaryny magnitafon ýazgysyna geçirip, olary gyjakda çalmagy öwrenýär.
Saz sungatynda kämillik öz-özünden gelmeýär, tebigy zehinden we ukypdan başga-da oňa irginsizlik, erjellik gerek. Ata pendini tutmak üçin bolsa, bu zatlar Esger üçin hökmandy. Ol 1955-nji ýylda Türkmenistanyň edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen ongünlüginde tutuş respublikadan seçilip alnan alty gyjakçynyň biri hökmünde çykyş etmäge hukuk gazanýar. Şonda “Döredijilik üstünligi üçin” diýen nyşan bilen sylaglanýar. Munuň özi Esgeriň ukybynyň ykrar edilmegidi.
Ongünlügiň öňüsyrasynda Aşgabatda bolan üç aýlyk türgenleşikde meşgur sazanda Ata Ablyýewiň göwün göteriji sözleri ony has-da galkyndyrypdy. Şonda Ata halypa: “Esgerjan, tüweleme, seniň duýuş ykybyňa synym oturýar. Barha türgenleşiberseň, seniň meşhurlyga eýe boljakdygyňa şekim ýok” diýipdi. Atly halypadan beýle sözleri eşitmek ýaňy ýörjen-ýörjen sazanda üçin uly ynamdy.
Ýyllar yzly-yzyna kerwen gurap geçýär. Ol ýyllar Esgere üstünlik getirýär. Ol ökde sazanda bolup ýetişýär. Soltan Atanepesowyň, Aşyrmämmet Dawudowyň, Sarman Hudaýberdiýewiň, Molla Çäkliýewiň, Saryhan Sapaýewiň ýanlarynda saz çalmak bilen, onuň inçe senede bolan ukyby has-da kämilleşýär.
Ol ýerli telewideniýede Nurberdi Gulowyň, Wary Aýjanowyň, Aşyrmämmet Dawudowyň we Saryhan Sapaýewiň ýanynda sazandarlyk edýär.
Esger kakasynyň halypasy we köne dosty Sahy-däde bilen gatnaşyk edipdir. Bir gezek Sahy bagşy olaryň öýlerine gelende: “Eger Esgerjany öýlendirseňiz, maňa habar ediň, men Möwlamyň hatyrasy üçin, onuň oglunyň toýunda bir gije aýdym aýdyp berjek” diýipdir. Ol beren sözünde hem tapylypdyr.
1958-nji ýylda şol toýda Sahy bagşy öz gyjakçysy Ata Ably bilen bir gije aýdym aýdyp, Bereketlilere hezil beripdir. Soňra bir gezek Sahy Jepbarow gelip gidende: “Esgerjan, oglum, menden saňa ýadygärlik galsyn” diýip, Esgere gyjak çaldyryp, iki sany aýdym aýtdy. Şol aýdymlaryň magnitafon ýazgysy Sahy dädesinden galan iň gymmatly ýadygärlik hökmünde Esgeriň şahsy arhiwinde saklanýar.
“Möwlam neresse juda ukyplydy, buýran ýumşuny derrew bitirerdi. Pahyryň arman, ömri gysga eken. Halypa hökmünde men siziň bosagaňyzy hiç mahal unutmaryn”
“Möwlam neresse ikimiz Sahy aganyň guramaçylyk işlerine kömekleşerdik…” Bu sözler Sahy Jepbarow bilen Ata Esadowyň Esgerlerde galdyran ses ýazgylaryndan alyndy.
Howwa, aramyzdan juda ir, bary-ýogy 29 ýaşynda giden Möwlam Täç ogly respublikamyzyň görnükli bagşy-sazandalary bilen Bereket aralygyny baglanyşdyryjy kirşi goýup gidipdi. Aşgabatdan gelen bagşy-sazandalaryň aglabasy olaryň öýlerine gelerdi. 1954-nji ýylda Berekede ilkinji gezek gelen ussat, halypa bagşy Magtymguly Garly hem Esgerlerde myhmançylykda bolup aýdym-saz edipdi.
Sazanda Möwlam Täç oglunyň ýedi ýaşly ogluna wesýet edip gitmegi we oňa ynam bildirmegi ýerde galmady.
Esger 1947-nji ýyldan başlap çeper höwesjeňleriň raýon, oblast, respublikan gözden geçirilişlerine yzygiderli gatnaşýar. Ol üstünlikli çykyş etmek bilen diplomlara we hormat hatlara, welaýat, respublikanyň bütin Soýuz festiwallaryň laureaty diýen ada mynasyp boldy. Esger sazanda 1974-nji ýylda Moldowiýada, 1977-nji ýylda Litwada geçirilen halkara festiwallarynda-da gyjakda saz çalyp, diplomlar bilen sylaglanýar. Türkmenistanyň halk bagşylary Aşyrmämmet Dawudow, Saryhan Sapaýew, sazandalar Esger Möwlamow, Güýç Nurýagdyýew, bagşylar Molla Çäkliýew, Tuwakmyrat Bugaýew, Bäjan Hojamyradow dagy Soltan Atanepesowyň halypaçylyk mekdebiniň miweleridir.
Esger Möwlam ogly Bereket şäherçesiniň 1-nji orta mekdebini tamamlan wagty ýetim galdy. Ýetginjek oglan on ýyllyk orta bilim alandan soňra raýon medeniýet öýüniň metodisti, kitaphanaçasy, soňra bolsa pionerler öýüniň direktory wezipesinde işledi. Ol 1961-nji ýylda Aşgabatdaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini üstünlikli tamamlaýar. Soňra ýollama haty esasynda Türkmenbaşy şäheriniň bilim bölüminiň garamagyna ugradylýar, Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdepde mugallym, mekdep direktory, şäher medeniýet bölüminiň başlygy, mugallymlary kämileşdiriliş we taýýarlaýyş institutynyň direktory wezipelerinde işledi. Ökde sazanda bolmakdan başga-da ol käri boýunça Türkmenistanyň hem-de SSSR-iň “Halk magaryfynyň otliçnigi” diýen nyşanlar bilen sylaglara mynasyp bolan mugallym.
Esger sazanda özüniň iş wagtynyň çäklidigine garamazdan, saz sungatyna bolan höwesini hiç wagt unutmady.
Kämillige gol beren, uly halypalardan sapak alan Esger Möwlamow Türkmenbaşy şäherinde saz höwesekleriniň başyny jemläp, halk saz gurallarynyň ansamblyny döretmegiň inisiatory bolubam çykyş etdi. Şeýle ansambly hem döretdi, oňa “Hazar owazlary” diýen at goýuldy.
Şäher Häkimliginiň goldawy esasynda Türkmenbaşy şäheriniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeniýet öýünden türgenleşmek üçin “Hazar owazlary” ansambylyna otag bölünip berildi. Täze döredilen ansambl Esger Möwlamowyň ýolbaşçylygynda işläp başlady.
Onuň meýletin döreden “Hazar owazlary” aýdym-saz topary uly abraýdan peýdalanyp respublikamyzyň merkezi teleýaýlymynda çykyş edip geldi. Onuň ansambly bäş gezek Prezidentiň baýragyna mynasyp boldy. Onuň sungat mekdebinde okadan okuwçylary döwlet derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldylar.
2000-nji ýyl Esger sazandanyň durmuşyndan hiç wagt ýatdan çykmajak, diýseň ajaýyp ýyllaryň birine öwrüldi. Ata watanyň gülläp ösmegi, galkynmagy üçin zähmet çekip, halk hormatyna mynasyp bolan, halypa sazanda “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at dakyldy.
Esger aga sazanda kişidi, ynsanyň gülüdi, sazy ýürekden çalýardy. Şonuň üçin bolsa gerek, çalan sazlarynyň içine gireniňi duýman galýarsyň, jadylardy.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat (Serdar), Bereket, Türkmenbaşy etraplarynyň gumy ýakalap oturan, her bir şahasyndan ogşugyň buduny asaýmaly sazaklary bolan obalaryndan başlap, Esgeriň şirin owazly sazlaryny diňläp lezzet almadyk adam ýok bolsa gerek.
Garberdi Annaberdiýew, pensioner.