Talyp-2024

Talyp-2024: Türkmen döwlet medeniýet instituty

2024/2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugur-lary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); dra-ma režissurasy; horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak; dramaturgi-ýa).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitap-hana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (teleradiogepleşikleri gura-mak we alyp barmak); telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphana işi; kitaphana-maglu-mat iş leri; telewideniýe žurnalistikasy).

2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (taý-ýarlygyň ugurlary: muzeýi öweniş hem-de medeni we tebi-gy miras ýadygärliklerini goramak; medeniýeti öwreniş; durmuş-medeni işler (çeper höwesjeňleriň aýdym-saz to-paryny döretmek we do landyrmak); art-menejment).

3. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taýýarlygyň ugry: dikeldiş işleri).

4. Ekran sungatlary (taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; yşyklandyryş tehnologiýalary).

5. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: arheologi-ýa; resminama we arhiw öwreniş).

6. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhman-hana işi; syýahatçylyk).

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bil imi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş sy-naglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenis-tanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyn-daky resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty mi-nistrl igi tarapyndan bell enilen nusgadaky sag lyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykl anan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkme-nistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýe-ňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bu lardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ler ýokarda görkezi l en resminamalar bi l en birl ikde, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşakdakyl ary görkezýärl er we nusga l aryny tabşyrýari ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasy-ny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aş-gabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we ki-no aktýory); drama režissurasy; dramaturgiýa — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (telewideniýe režissu-rasy); telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); telewideniýe (operatorçyl yk işi we montažyň re-žissurasy); te lewideniýe žurna l istikasy — saýlanan taýýar-lygyň ugry boýunça ukybyny barl amak (ýatdan, görkezmek arka-ly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: horeografiýa sungaty (folklor topary-ny döretmek we dolandyrmak; horeografiýa sungaty (mil l i tans toparyny döretmek we do landyrmak), durmuş-mede-ni işler (çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we do landyrmak) — saýl anan taýýarlygyň ugry boýunça ukyby-ny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: ses režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan uky-by), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: yşyklandyryş tehnologiýalary — saý-lanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; dikeldiş işleri; arheologiýa; muzeýi öwreniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; resminama we arhiw öw-reniş; kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; myhman-hana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwre-niş, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersle-riniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünl ikl i geçen ýagdaýynda, bäs leşiksiz we ta lyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bi l im hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejel enen görnüşinde kes-gitl enen düzgün l ere laýyk gelýän da l aşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, tel.: 48-28-60.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024