ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Hojaguly Narlyýew: kino sungatynyň ägirdi

Haýsy kinorežissýor bilen gürrüňdeş bolsam hökman kärdeşi Hojaguly Narlyýewi ýatlaýar. Irde-giçde menem onuň bilen söhbetdeş bolaryn — diýip ýördüm. Ahyry nesibe çekip, bir-iki hepdelikde jahankeşde kinorežissýor Hojaguly aga bilen söhbetdeş bolduk. Onuň täsin gürrüňlerem filmleri ýaly gyzykly hemem juda täsirli. Öýünde dört sagada golaý oturypdyrys. Kän ýyl bäri göremokdym, nirede ýaşaýandyklaryny soradym. «Gyşyna Türkmenistanda, tomsuna Moskwada ýaşaýan» diýip jogap berdi. Pensiýada öýünde dynç alyp oturandyr öýtdüm. Dürli döwletleriň kinoçylaryny birleşdirip täze film almak, bilelikde tejribe toplamak, umuman, dünýä ähmiýetli kino eserleri döredip, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky dostlukly gatnaşygynyň berkemegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen 2010-njy ýylda Türki dilli döwletleriň kino işgärleriniň birleşigini döredendigini, şol birleşigiň 2023-nji ýylda hasam giňäp, her döwletdäki kino birleşikleriň ýörite täze uly birleşigini jemleýän gurama bolandygyny hemem uly jogapkärçilikli bu gurama başlyklyk edýändigini aýtdy.

Mekdep okuwçysy döwürlerimde Hojaguly Narlyýewiň surata düşüren hem operatory bolan «Şükür bagşy», «Teşneligiň gandyrylyşy», «Gyrnak», «Gelin», «Jemalyň daragty», «Gämiçiniň jany bir», «Aýal ata çykanda», «Ýok diýmegi başar», «Garagum kölegede 45 gradus», «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» ýaly filmlerini kän gezek görüpdim. Ol filmlerdäki her bir pursat häzirem göz öňümde. Gahrymanlarynyň aýdýan sözleri aýdym ýaly ýadymda. Ýaşuly kinorežissýoryň ýurdumyzyň daşynda nähili filmler döredendigi hakynda gyzyklandym. Öz ssenariýasy esasynda «Enäň sesi» hem-de meşhur rus şahyrlary Nikolaý Gumilýow bilen Anna Ahmatowanyň ogly taryh we jugrafiýa ylymlarynyň doktory, Gündogaryň taryhyny anyk täze maglumatlar bilen ýazan, Ýewraziýa sözüni ilkinji ulanyşa girizen taryhçy Lew Nikolaýewiç Gumilýow hakynda onuň okuwçysy Aýder Kürkçiniň edebi esasyny ýazmagynda Gazagystanyň kinostudiýasynyň direktory Sergeý Azymow bilen bilelikde üç seriýaly dokumental filmi surata düşüripdir. Ol: «Gazagystanyň öňki Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Astana şäherinde Gumilýowyň adyny göterýän uniwersitet açdy. Uniwersitetiň öňünde Gumilýowyň heýkeli oturdyldy. Şol ýokary okuw jaýynda başky iki ýyldan soňky kurslaryň talyplary soňra Moskwanyň Lomonosow adyndaky ýokary okuw jaýynda okadylýar.

Çaga terbiýesi hemem adam agyr ýagdaýa düşende adamkärçilik mertebesiniň täsiri beýan edilýän «Enäň sesi» filmi Osetiýada surata düşürdik. Filmiň gahrymany ýaş gyzyň enesiniň rolunda Maýa Aýmedowa oýnaýar» diýip filmiň wakasyny gysgajyk gürrüň berdi.

Hojaguly däde, indi film surata düşürmeli bolsaňyz haýsy ýurtda surata düşürmegi göz öňünde tutýaňyz? — diýip sowal berdim.

— «Indi öz ýurdumyzdan başga ýerde kino surata düşürjek däl» diýip özüme söz berdim. Sebäbi haýsy ýurtda film döretjek bolsaňam gahrymanlaň özüňki bolmasa kyn. Bütin taryhyny bilmeli. «Towşana dogduk depe» diýilýär. Depe kän, ýöne towşan hemişe öz doglan depesinde ýaşaýar — diýip, indi surata düşürilmeli on ýedi filmiň edebi esasyny ýazyp taýýarlandygyny aýtdy. Käbir ssenariýalarynyň döreýşi bilen bagly pursatlary ýatlady.

«Bir gezek Almaty şäherinde geçirilýän Ýewraziýa festiwalynda eminler toparynyň başlygy bolup gezip ýörkäm bir telekeçi gazak ýigidi maňa:  — Siz Hojaguly Narlyýew bolmaly? — diýip sowal berdi. Hawa. «Onda siz meniň daýym» diýdi. Geň galyp, o nähili daýyňyz bolýan? — diýip soradym. Ol: «XV asyrda ýaşap geçen iki sany serkerde Kosaý atly gazak ýigidi bilen Esenguly atly türkmen ýigidi dost bolupdyr. Bir gün Kosaý maşgalasy bilen syr derýadan geçjek bolanlarynda tutuş maşgalasy heläkçilige uçraýar. Şondan soň ýalňyz galan dosty Kosaýa Esenguly özüniň Ogulmeňli atly 18 ýaşly gyzyny berýär. Şol maşgaladan bäş ogul dünýä inýär. Şolaryň nesil dowamaty häzir üç-dört ýüz müň bar. Häzirki Aktau şäherinde ýaşaýarlar. Ine, şu hakynda film döretmeli» diýdi. Onsoň iki halkyň dostlugynyň hatyrasyna Kosaýyň 500 ýyllygy mynasybetli geçirilen toýa bardyk. Şonda Kosaýyň nesil dowamatynyň asyl aňyrsynda ejesiniň türkmen bolany üçin,  bärde okan gazak oglanlar meni «Hojaguly daýym» diýip garşy aldylar. Şeýle täsin waka hakynda ssenariýa taýýarladym. Ýene bir ssenariýam 1945-nji ýylda gazanylan Beýik ýeňşiň şanyna guralan harby ýörişde marşal Žukow ahalteke atynyň üstünde parady kabul edýär. Beýik ýeňşiň 70 ýyllygynda Milli Liderimiziň tagallasy bilen şol atyň nesil dowamatyndan bolan at gyzyl meýdançadan geçirildi. Ine, şol barada giň taryhy bilen ýazylan ssenariýam bar» diýip iki-üç sany ssenariýasynyň adyny aýtdy.

Hojaguly däde! «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1964-nji ýyldaky sanlarynyň birinden meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Şükür bagşy» filmi barada ýazan «Gylyjy azala öwren saz» atly uly göwrümli makalasyny okapdym. Makalada «…Hojaguly Narlyýewem ýaş, onuňam ilkinji kartinasyny surata düşürişi. Filmiň üstünlik gazanmagyna onuň siňdiren hyzmaty, meniň pikirimçe režissýoryň siňdiren hyzmatyna deňme-deňdir. Şükür bagşynyň roluny oýnan Aman Handurdyýewi bolsa, özgelerden öňde tutmak bolar. Sebäbi ol professional artistem däl, ýöne bir aşgabatly fizik… Ine, size gerek bolsa fizik bilen lirik. Biz bolsa, jedelleşen bolup ýörüs…» diýen jümleleri ýadymda galypdyr. Siz o mahallar ýaş operator, emma dünýä belli ýazyjy gelejegiňize başlangyç ädimleriňizde-de uly baha beripdir. Hakykatdanam şol filmiň şowly çykmagynda operator hökmünde mynasyp paýyňyz bar. Şükür bagşynyň ýesir düşen agasynyň roluny oýnan iniňiz Türkmenistanyň at gazanan artisti Hojadurdy Narlyýewiň roly hem juda şowly, ýatda galyjy keşpleriň biri. Bir mahal 30 ýyl töweregi mundan öň metbugat neşirleriniň birinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow: «Hojadurdynyň kinolaryny goşgy ýaly okabermeli» diýip ýazypdyr. Juda ýerine düşen bu jümle, ilki bilen onuň «Şükür bagşy» filminde döreden keşbine degişli. Ýogsa onuň bu filmdäki döreden keşbi uzak wagtlygam däl. Emma, onuň şol keşpdäki duýgy bilen bakýan gözleri, aýdýan sözleri, Şüküriň täsin hereket bilen çalýan sazyna bir, iki, üç… diýip sanap oturyşy goşgy ýat tutan ýaly köpimiziň ýadymyzda. Filmdäki islendik pursatlaryň tomaşaçynyň aňynda galmagy üçin çekilen zähmetiň ýeňil düşmedigi öz-özündenem düşnükli. Şeýle-de bolsa filmiň operatory hökmünde haýsy pursatlar ýadyňyza düşýär? — diýip sowal berdim.

— Filmde çalynýan sazlary halypa sazanda, Türkmenistanyň halk artisti Çary Täçmämmedow çalmalydy. Onsoň ýazgy etmek üçin Çary aga Moskwa  bardy, ýöne ol ussat sazanda bolsa-da, filmiň kartinalaryna görä elleriniň hereketi gabat gelmedi. Ahyry ol: «Oglanlar, men siziň bu işiňizi başaramok, başga sazanda tapsaňyzlaň» diýdi. Bizem oňa: «Filmde siziň çalmagyňyzdaky sazlary ulanmaly,  ýörite tabşyryk berildi. Siz saz çalmasaňyz film taýýar bolsa-da kabul edilmez, gaýrat et!» — diýýäs. «Ýok, başarmajak işime baş goşmaýyn» diýip göwnänok. Onsoň oňa Şükür bagşynyň roluny oýnan Aman Handurdynyň hemem Gulam bagşynyň roluny oýnan Hojan Öwezgelenowyň saz çalşyny diňletdik. «Şuň ýaly sazandalaryňyz barka, meni näme üçin çagyrýaňyz?» diýip göwni ýetdi. Onda-da: «Çary aga, bolmasa  bulaň ikisem sazlary çalsyn, filmiň başyndaky ýazgyda siziň adyňyzy goýaýarys» diýdik. «Ýok-ýok, meň adymy görkezmäň, kişiniň zähmeti özüne nesip etsin» diýip oňa-da razy bolmady. Ahyry: «Çary aga, gaýrat et, bolmasa, filmiň maslahatçysy» diýeli welin, adyňyzy goýaly» diýip çynlakaý ýagdaýymyzy düşündirdik. Şeýdip, filmde «maslahatçy» diýip ady ýazyldy, ýogsa ol filmiň ýekeje ýerinde-de Çary aganyň saz çalan ýeri ýok» diýip gürrüň berdi.

Hojaguly dädäniň Moskwanyň Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynyň operatorçylyk bölümini tamamlap, «Türkmenfilme» işe gelende zähmet ýoluny ilki dokumental filmlerden başlap, «Seniň görejiň», «Men we meniň doganlarym», «Bir ýylyň üç güni», «Garabogaz», «Türkmenistanda», «Ýer eýeleri» ýaly dokumental filmleri surata düşürendiginden habarym bar. Dokumental filmlerde tejribe toplan operatoryň başarjaňlygy, ukyplylygy meşhur «Şükür bagşy» çeper filminde aýratyn ýüze çykýar. Bu barada metbugat sahypalarynyň üsti bilen bilýärdim. Şonuň üçin ondan režissýor hökmünde  halypasynyň kimdigini soradym. Ol säginmän: «Bulat Mansurow» diýip gürrüňini dowam etdi. «Men režissýorluk ugrundan okamadym, diňe Bulat Mansurowyň ýanynda operator bolup işlänimde ondan öwrenenlerim bilen mekdep geçdim. Mansurow ýazylmaly, ýatlanmaly halypalaň biri. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň hekaýasy boýunça surata düşürilen «Şükür bagşy» filminiň özeni bir, ýöne hekaýa bilen ara tapawudy nähili? Filmiň çeperçilik detallar bilen bezelip, filosofiki pikirler bilen baýlaşdyrylmagy Bulat Mansurowyň ussatlygynyň subutnamasy. Filmiň soňunda ýaryşda ýeňilen Gulam bagşynyň sözlerini diňläp görensiňiz, juda çuňňur filosofiki pikir bar. Şol manyly, oýlandyrýan, duýgulandyrýan sözler Bulat Mansurowyň sözleri, pikiri. Onuň bilen işleşmek diýseň gyzyklydy. Ortadan gysga boýly özüm bilen deň-duş ýigitdi. Ssenariýany düşündirende özüne çekdi. Bir zada begenýän. «Är ýanynda gezseň, ärdek bolar sen» diýleni. Şeýle beýik halypalaryň ýanynda mekdep geçmegim kämillige atardy. Ýene on müň, ýüz müň ýyl geçer, «Şükür bagşy» gerekli filmligine galar. Türkmen halkynyň Magtymguludan soňky ikinji tanymal ogly Şükür bagşydyr. Bu film hakynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly kitap ýazdy. Ýekeje film hakda bir kitap ýazmak taryhda şindi bolmadyk zat» diýip gürrüň berdi. Halypasyny ýagşylykda ýatlady. Onuň şahsy arhiwindäki ýazgylaryň arasynda 1987-nji ýylda 50 ýaş ýubileý toýuna ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň ýazyp iberen gutlagy bar eken. Onda şeýle diýilýär: «Hormatly Hojaguly! Maşgala bolup gatnaşýan az sanly dostlarymyzdan Maýa hem size mydama aýratyn söýgi, hormat bilen garaýas. Siz görmegeý adamlar, ýöne şu gün siziň 50 ýaş toýuňyz umumy işimiz bolan kino sungatynyň tutuş orta Aziýanyň medeniýeti üçin örän wajyp pursat. Men elmydama siziň üýtgeşik zehiniňize, öz halkyňyzyň inçe duýguly ussat ogly bolanlygyňyz üçin baş egýän. Täze ýeňişleriňize, üstünlikleriňize guwanýan. Türkmen kino sungatyny mundan beýlägem baýlaşdyryň!»

Hojaguly dädäniň döredijiligine berlen ýokary bahaly şeýle sözler bolsa, sanardan kän. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1972-nji ýyldaky sanlarynyň birinde «Metbugat näme diýýär» atly makala bar. Şol makalada «Prawda», «Izwestiýa», «Sowetskiý ekran», «Sowetskaýa kultura» şeýle hem Italiýanyň neşirlerinden terjime edilen ýazgylar bar. Şeýle ýazgylar Amerikanyň we başga-da daşary ýurt neşirleriniň köpüsinde ýazylypdyr. Olardan ynha, ýene biri. SSSR-iň halk artisti belli sowet kino aktýory hem film goýujy režissýory Ýewgeniý Semýonowiç Matweýew: — «Jemalyň daragty» filmi ilkinji gezek Wilnýusda görüpdim. Filmi görüp bolamsoň birbada hiç zat aýdasym gelmedi. Onuňam dürli sebäpleri bardy. Film maňa juda ýarapdy. Ol edil ýürege jüňk bolýa diýilýänlerdendi. Film ýokary baha mynasyp boldy. Filmi goýujy režissýor Hojaguly Narlyýew halk häsiýetini bir ýere jemläp bilendigi üçin baýrak aldy. Maýagözel Aýmedowa zenan roluny gowy ýerine ýetirendigi üçin baş baýrak bilen sylaglanyldy.

Awtorlar öz işlerini «Jemalyň daragty» diýip örän ýerlikli atlandyrypdyrlar. Maňa uly kartina barada «Moskowskaýa prawda» gazetinde çap edilen bir syn has-da ýarady. Awtor öz synynda «Mahir daragty» diýip atlandyrypdyr. Mundan gowy aýtmak mümkinem däl. Hakykatdanam çuňňur adamçylyk mähri kartinanyň ruhuna siňipdir. Dogrusyny aýtsam, halkara Moskwa kinofestiwalynda sowet kinematografiýasyndan «Jemalyň daragtynyň» görkezilendigi, Maýa Aýmedowanyň bu festiwalda-da baş baýraga mynasyp bolmagy meni geňirgendirmedi. Şeýle gowy kartina sungatymyzyň ýüzüni görkezmäge mynasypdyr».

Hojaguly däde  juda kiçigöwün, mylaýym häsiýetli, ýüzi mahirli nurana ýaşuly. Şonuň ýaly-da inçe duýguly, agramly, öte sowatly, giň düşünjeliligi daş keşbinden görnüp dur. Käbir döredijilik işgärleriniň üstünlikden başy aýlanýanlary-da gabat gelýär. Hojaguly däde-de şo hili häsiýet ýok. Ýalňyşmasam 2008-nji ýylda halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň altmyş ýaş ýubileý sergisinde Maýa gelneje bilen Hojaguly dädäni ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görüp saglyk-amanlyk soraşypdyk. Olaryň ikisem bakyşyndan mähir söýgüsi kalbyňa ýakym ýaraşyk berýän adamlar. Nähili beýik derejelere ýeten halypalar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, «Halklaryň dostlugy» ordeni we başga-da birnäçe ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Maýagözel Aýmedowa hem şeýle sylaglaň ençemesiniň eýesi, emma şol bir durkuny saklap bilýän, derejäni göterýän adamlar. Olaryň mähirli bakyşyndan ylham alyp eser döredibermeli. Ondan bäri eslije ýyl geçdi. Emma olaň henizem şol nuranalygy, mähribanlygy üýtgemändir.

Oňa Hojaguly däde diýmegimiň özüne ýetik sebäbi bar. Onuň bilen doglan etrabymyz bir. Dogduk obamyzyň arasy uzak däl, bary- ýogy kiçiräk üç sany oba bar. Ýöne olar irräk paýtagta göçüp gaýdýarlar. Nesibämiz çekip paýtagta göçüp gelemizsoň, onuň özünden kiçi aýal dogany Amanbibi eje bilen Aşgabat haly fabriginde bile işledik. Galyberse-de, bir maşgalada üç sany meşhur artist (Hojaguly, Hojadurdy, Hojaberdi) Narlyýewleri döredijiliginiň üsti bilen has gowy tanaýan. Hojadurdy däde, Hojaberdi däde bilen-ä käte jaňlaşýas, toý-tomguda gabatlaşýas. Toý-sadakamyzda iki-üç gezek öýümize-de geldiler. Umuman, olar nätanyş adamlar däl. Şonda-da geçen ýyl Atawatan-Türkmenistan halkara žurnalyna Hojadurdy Narlyýew hakynda makala ýazanymda onuň doganlary Ýazjemalyň hemem Amanbibi ejäniň gürrüňlerini diňledim. Olaryň Hojaguly däde bilen bagly aýdan gürrüňlerem ýadymda. Amanbibi eje şo wagtlar ýarawsyz ýatan eken. «Meni «mikroinsult» urdy, balam. Indi biraz gowulandym. Keselhanada ýatyrkam agam Hojaguly yzymdan bardy welin, dogan seni gördüm, indi ölsemem armanym ýok diýipdirin. Hojaguly «Kakaňmy ýa doganyňmy?» diýdiren, hemmä deň doganymdyr — diýip gürrüňini dowam etdi. — Iň uly doganym Mama 1933-nji ýylyň fewralynda, ikinjimiz Hojaguly 1937-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda, men 1943-nji ýylyň fewralynda,  Hojadurdy 1945-nji ýylyň awgustynda,  Hojaberdi 1948-nji ýylyň iýulynda, Ýazjemal 1953-nji ýylyň fewralynda Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasynda doglan. 1955-nji ýylda ejemiz ýogaldy. Ejemiň ady — Gurbanjemal. Hojagulynyň surata düşüren «Jemalyň daragty» kinosy ejemiň ykbaly, «Gelin» kinosy goňşymyz Ogulkeýik ejäniň ykbaly. Kino surata düşürilenden soň Ogulkeýik eje: «Meniň gören kynçylyklarymy diňe öz obam bilýärdi, ýöne Hojaguly kino düşürip meni dünýä tanatdy» diýipdi. Ogulkeýik ejäniň, Maýa Aýmedowa bilen Hojaguly üçüsiniň bile düşen suratlary bar. Ejemiz ýogalanda körpe jigim iki ýaşyndady. Men on iki ýaşymdadym. Kakam demirýol işgäridi, onuňam bir aýagyny otly kesip maýyp galypdy. Hojaguly Moskwa okuwa gidende kakam: «Ýetim galan jigileriniň egninden galdyryşman gitdi» diýip gaty kyn gördi. Günümiz pesdi, ejemiň yzyndan otuz manat ýöreýärdi. Hojagula her wagt oňardygymyzdan pul ibermelidi. 12 ýaşdan haly dokap, sygyr sagyp, şol puly jemleýärdik. Hojagulynyň 50 ýaş toýuna haly portretini dokapdym. Hojaguly ilki obamyzdaky mekdepde, soňra paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdepde okady. Ol soňky jaň dabarasynda otyrka, synpdaşlaryna gutlag, Hojagula bolsa, «Ejeň ýogaldy» diýen telegramma gelýär. Ýogsa ejem pahyr: «Hojaguly okuwyny gutaryp dostlary bilen gelende palaw bişirerin» diýip sanaja guýup tüwi ýygnap goýupdy.

Kakam ýogalandan soň durmuşa çykdym. «Şükür bagşy» kinosy surata düşürilýärdi. Kinoda öwülýaň başynda: «Adamlar…», diýip aglaýan oglanjyk bardyr. Şol oglany Duşakdan kino düşürmäge getirdiler. Ondan kinoda näme üçin  şoň ýaly surata düşýäň? — diýip soradym. Ol: — Ony, kinony surata düşürýänlerden sora — diýipdi.

Ýaşym 80-e golaýlady. Ýatan ýerimde doganlarymyň didaryny görmek üçin telefonda IMO girmegi öwrendim. Alty dogan bolup bileje düşen suratymyz bardy, häzir albomdan gözlemäge ýarajak däl-dä. Başga-da gyzyklanýan sowallaryňyz bolsa körpämiz Ýazjemal käbir zatlary aýdar — diýip onuň telefon belgisini berdi. Onsoň Ýazjemal gelneje bilenem jaňlaşdyk. Ol:

— «Ýok diýmegi başar» atly kino surata düşürilende tanymal artistleriň köpüsi öýümize gelipdiler. Bu kino Gyzylarbat etrabynyň Goç obasynda surata düşürildi. Oba adamlarynyň saman kümelerini boşadyp, artistler kän wagt şoň içinde ýaşadylar. Maňa artistleriň kino düşende geýmeli eşiklerini tikdirýärdiler. Uly aýal doganym sygyr saklaýardy. Her gün onuň sygrynyň süýdüni bişirip, gatyk basyryp artistlere paýlap bererdik. Naharlaryny köplenç men taýýarlardym. Aýal doganym her gün tamdyrda çöreklerini bişirip berýärdi. Filmiň ikinji režissýory Hojaberdidi. Bir gün oňa: — Maňa-da kömek edenim üçin pul ýazaýyň-da, diýdim. Şol wagt olaň her iş üçin öz nyrhy bar eken. Kime 3 manat, kime 7 manat ýaly pul ýazypdyr. Hojaberdi maňa-da 3 manat ýazypdyr. Men oňa nägilelik bildirip: — Iň bolmanda 7 manat bir ýazaýmaly ekeniň-dä, diýdim.  Ol: — Sen-ä gabyrda ýatan ejeme-de pul ýaz — diýersiň diýip,  şeýlebir utandyrdy.  Eje jan, ynjydan bolsam, meni bagyşla diýipdim.

Çaga wagtlarym Hojadurdy meni köplenç boýnunda götererdi. «Beýgelýän» diýip begenerdim. Agalarymyň sungatda gazanan at-abraýy üçin indi buýsanjym beýgelýär. Köplenç saçak başyna üýşsek «Sizi küýsämde suratyňyza serederin» diýip, Hojadurdy dädem hökman el telefonuna suratymyzy alýar — diýip gürrüň berdi. Olaryň gürrüňlerini diňläp oturkam şahyryň: «Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler» diýen setirleri öwran-öwran gulagymda ýaňlandy.

Milli sungatymyzy dünýä çykaryp, şeýle beýik derejelere ýeten watandaşlarymyz maňa hasam ýakyn bolup duýulýar. Olar baradaky maglumatlary hemişe öwrenip ýörün. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp, Hojaguly Narlyýew hakynda dürli ýyllarda, dürli neşirlerde çap bolan makalalary okadym. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda (Bilbil däde) Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol: «Hojaguly Narlyýew milli kino sungatymyzy has ýokary ösdürmek bilen dünýä kino sungatyna uly goşant goşan, häzirki döwrüň şahyrana kinosynyň beýik režissýory. Onuň filmleri dürli temada, ýöne olaň hemmesi adamkärçiligiň beýik nusgalary hakda. Biz — režissýorlar hemmämiz Hojaguly Narlyýewiň filmlerinden öwrenýäs hemem kämilleşýäs. Onuň filmlerinden täzeden täze öň aýdylmadyk ruhy ahlak baýlyklara göz ýetirýäs. «Şükür bagşy» we «Gelin» filmi asyrlar geçse-de hiç haçan könelmez. Sebäbi bu filmlerde durmuş hakykaty bar. Onuň filmleri ýokary okuw jaýlarynda öwrenilmäge mynasyp» diýip, buýsanç bilen baha berdi.

Kärim žurnalist bolansoň, metbugatda birnäçe ýyllap medeniýet-sungat bölüminiň işini alyp bardym. Tanymal sungat wekilleri bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Bir gezek halypa kinorežissýor Sapar Mollanyýazow hakynda makala ýazmak üçin onuň bilen gürrüňdeş boldum. Neresse şonda arhiw ýazgylaryny berdi. Döredijiligi babatda dünýä belli sungat wekilleriniň aýdan ajaýyp ýazgylary bar eken. «Merkezi Aziýa kino sungaty» atly kitabyň awtory, Gazagystanly kino öwreniş ylymlarynyň doktory Gülnara Abikeýewanyň: «Mollanyýazowyň dokumental filmleri hem, edil Hojaguly Narlyýewiň çeper filmleri ýaly türkmen halkynyň aýdyň ensiklopediýasy diýip atlandyrsa bolar. Taryhyň, lälezarlygyň, diliň, medeniýetiň we rowaýatlaryň jähtinden seredeniňde, bu režissýorlaryň filmlerinde biz, millilik taýdan öz-özüňe düşünmekligi görýäris» diýen ýazgysyna gabat geldim. Şonda (jaýy jennet bolsun!) Sapar Mollanyýazow Hojaguly Narlyýew hakynda kän öwgüli sözler aýtdy. Halypalar Maýagözel Aýmedowa hemem Hojaguly Narlyýew bilen bile düşen suratlarynyň elektron ýazgysyny berdi. Suraty synlap oturyşyma okuwçy döwrüm ýadyma düşdi. Kakamyň goňşy obada ýaşaýan aýal dogany: «Oba klubymyzda Hojaguly Narlyň «Gelin» kinosy görkezildi. Klubda tomaşaçydan ýaňa ýer bolman, zalyň bir çetinde ýerde oturyp kino gördük. Film gutaransoňam tolgunmadan çykyp bilmän göz ýaşlarym syrygdy durdy» diýip, filmiň baş gahrymanynyň Ogulkeýik ejäniň ykbalydygyny gürrüň berip, ol zenany tanaýandygyny aýdýany ýadymda. Men bolsa şol gürrüň esasynda düzme ýazjak bolupdym. Soň Hojaguly Narlyýewiň kän filmlerini teleýaýlym arkaly gördüm.

Arada SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti, kinorežissýor Osman Saparow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol: «Türkmenfilmiň» döredijilik topary bilen Rostow oblastynda bolanymyzda oblast kinofikasiýa uprawleniýesiniň  naçalniginiň orunbasary Gennadiý Mihaýlowiç Nowikow «Gowgaly ada» filmime tomaşa edenden soň: «Osman sen öň operator-a bolup işlän dälsiň?» diýdi. «Hawa» diýip baş atdym. «Şonuň üçindir-le seniň  şu lentaňda operatoryň işem režissýoryňkydan pes däl. Haçanda režissýorlyga operatorlykdan geçeniňde seniň üçin ähli zat aýan» diýip ol: «Kino sungatymyzda şu hili tejribe ilkinji nobatda Hojaguly Narlyýewe degişli. Dogrusyny aýtsak türkmen kinosynda şu başlangyjyň başyny Hojaguly Narlyýew başlady. Onuň haýsy filmini alyp görseň-de, operatorynyň kimligine garamazdan, režissýoryň öz synçylygy bar» diýdi — diýip, kärdeşi Hojaguly Narlyýewiň döredijiligi bilen bagly ýazan ýatlamasynyň elektron ýazgysyny berdi. Ol ýazgyda şeýle gürrüň berýär:

«Gerkez jülgesi. Iş güni tamamlandy. Kino topary dynç alýardy, ýöne kaskadýorlaryň gaýtmaly wagtlary golaýlanlygy sebäpli kino toparynyň adamlaryndan artykmaç işlemegi haýyş etdiler. Bellenen iş wagty gutardy. Film surata düşürilýän meýdançada hiç kim galmady. Howa jokrama yssydy. Hiç kimiň meýdana işe çykasy gelenokdy. Surata düşürilýän kepbäniň ýanyna filmiň režissýory Hojaguly Narlyýew geldi. Hemmeler ýygnandy. Iş başlady. Adamlar administrasiýanyň talaby boýunça däl-de Hojaguly Narlyýewiň hormaty üçin jemlendiler. Onuň sebäbi Hojaguly Narlyýew öz kino toparyna maşgala agzalary ýaly adamkärçilik bilen jogapkärli garap aladalanýardy. Ol hemişe kino ekspedisiýa döwründe ähli işgärleri bilen gürrüňdeş bolup: «Iş bilen bagly nähili kemçilik bar? Nämäň ýetenok? Şahsy meseläň barmy?» diýip soraýardy. Kä wagt olardan maslahat soraýan halatlaram bolýardy. Birek-birege ynanmagy, ýaş toparyň her birini döredijilik toparyna goşmagy başarýardy. Şol nukdaý nazar bilen kino toparyna agzalary  saýlap-saýlap alýardy. Işgärleriniň köpüsi onuň bir filminde işlänsoň, beýleki filmlerinde-de işlärdi. Bu mekdep belki, Hojaguly Narlyýewiň entek operator bolup işlän döwri ady rowaýata öwrülen «Şükür bagşy» filmini surata düşürýän wagtyndan başlan bolmagy ahmal. Bir pursat ýadyma düşýär. Şol filmde işlän döwrümizde her gün işden soň kino topary bolup ýygnanýardyk we günüň dowamynda edilen işleň ýagdaýy bilen bagly pikir alşylýardy. Her seh iş bilen ertire taýýarlyk görerdi. Ondan soň kino toparyň esasy döredijilik işgärleri galardylar we ertirki edilmeli işler hakda maslahatlaşylardy. Kinoň režissýory Bulat Mansurow her sahnany nähili alsaň gowy boljakdygy hakynda her bir işgärden soramagy göwnelaýyk görerdi. Eger sen operator bolsaň onda sahnanyň alynmaly wagtyny, gijemi-gündiz ýa-da agşamara, reňki nähili ýagtymy-garaňky, hereket edýän kamerany ýa-da gozganman durýan kamerany ulanmalymy jikme-jik aýdyp pikir alşylýardy. Egerde grimçi bolsaň, onda sen gahrymanyň häsiýetine görä nähili grim ulanmalydygyňy göz öňünde tutmaly. Aktýor haýsy wagta çenli gürrüň geçirmeli? Şeýdip döredijilige täsirini ýetirýän önümçilik tehniki sowallar takyklanýardy. Şeýlelikde kino toparynyň her bir hünärmeni surata düşürilýän sahnanyň soňlugy bilen umumy filmiň işiniň agzasy bolup galýandygyny bilip galýar. Olaryň hersiniň öz ugry boýunça zähmeti bar. Şeýle usul bilen işlemeklik Hojaguly Narlyýewiň kino durmuşynyň ýörelgesi bolup galdy. «Şükür bagşy» filmi döredilen döwri «Türkmenfilmiň» ýaş kinoçylarynyň iň bagtly döwri boldy. Şol pursatda  täze ösüş tolkunlary başlandy. Şo döwrüň iň görnükli wekili hökmünde Hojaguly Narlyýew türkmen kinosynyň estafetasyny göterip uzak menzillere gönükdirdi. Ol professional operator, ezber kinorežissýor, ussat ssenarist  hökmünde ençeme ýokary çeperçilikli filmleri döretdi. Ol filmler bolsa, türkmen kinosynyň altyn hazynasyna öwrüldi. Onuň filmleri uly üstünlikler bilen doganlyk ýurtlaryň we umumyhalk söýgüsini gazandy. Birnäçe filmleri uly tiraž bilen daşary ýurtlarda görkezildi. «Gelin» kinosyny bir hepdäniň dowamynda Parižiň kinoteatrlarynda görkezdiler» diýip metbugatda ýazylany ýadyma düşýär. Narlyýewiň ekran eserleri birnäçe abraýly halkara konofestiwallara gatnaşdy we türkmen kinosyna bütindünýä şöhratyny getirdi. Hojaguly bilen Italiýada geçirilen  kinofestiwala gatnaşdyk. Şol foruma dünýä belli fransuz kino öwrenijisi, ýokary derejeli tankytçy, halkara kinopressaň hormatly Prezidenti Marsel Marten hem gatnaşdy. Biz entek Moskwanyň bütinsoýuz döwlet kinomatografiýa institutynyň talyby wagtymyz ol ussadyň  kitaplaryny okap öwrenýärdik. Marsel Marten delegasiýaň içinde Hojaguly Narlyýewi görüp gujak açyp salamlaşdy. Gelşine-de, onuň bilen göni kino hakda söhbede başlady. «Gelin» kinosynda baş keşbi döreden Maýagözel Aýmedowany ýatlady we Hojagulyny görendigine şatdygy üçin mähir bilen egnine kakdy. Bu pursada nädip buýsanmajak, emma Hojaguly känbir öwnüp ýörmegi halamaýar. Ol şonda çynlakaý duýgy döreden şol pursatda-da, çalaja ýylgyrşy bilen begenjini mälim etdi. Hojaguly örän duýgur, inçe duýguly adam. Men onuň hünärmenligi, guramaçylygy hakynda gürrüň etdim, ýöne onuň örän ýiti duýgur ynsanlygyny gaýtadan tekrarlasym gelýär. Ol özüniň öte duýgurlygy bilen kinonyň süňňüne, tebigatyna ýiti güýç berýär. Şonuň üçin onuň hemme filmleri çuň adamkärçilige, ynsanperwerlik duýgusyna ýugrulan. «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» filmi surata düşürilýärkä bir pursady ýatlaýyn. Hojaguly Narlyýew kameranyň ýanynda durdy. Özem nägiledi. Keşpleri ýerine ýetirýän aktýorlara gaýtalap-gaýtalap düşündirýärdi. Sahna alyndy. Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýalydy. Ýöne onuň göwnüne laýyk däldi, sebäbi duýgy ýetenokdy. Hojaguly  aktýoryň ýüzüne diňe sessiz duýgy bilen seredýärdi. Kino topary çydamlylyk bilen garaşdy. Bu galagoply dymyşlyk uzaga çekdi. Aktýor aljyraýar, nähili haldadygyny özem bilenokdy. Hojaguly aktýordan gözüni aýyrman durşuna basyk sesi bilen gürläp başlady: — Sen öz söýgüliňi ýitirmegiň ajy zatdygyndan  habaryň barmy? Ony seň eliňden alyp barýarlar, sen oňa: «ikilik etmen» diýip söz beripdiň-ä? Bu bolşuň oňa biwepalyk edýän ýaly. Saňa utanç ahyry. Seniň ony halas etmek üçin hiç zat eliňden gelenok — diýdi-de, ol gitdigiçe pessaý-pessaý gürläp özüniň şol keşbe girenini duýman galdy. Onuň gözlerinde peýda bolan gözýaşy gasyn-gasyn ýüzünden syrygyp gaýdýanyny aktýor gördi. Menem kameranyň düwmesini basdym. Indi hakyky keşbi ýerine ýetirýän aktýoryň gözünde gaýgy, ýüzünde tukatlyk peýda bolup, sahna gerekli keşp döräp başlady. Şeýlelik bilen sahna özüne gerekli manysyna eýe boldy. Aktýory zerur keşbe gabat gelýän inçe duýga getirmek üçin Hojaguly öz ýüregindäki agyryny onuň ýüregine salyp deň gussa  çekişmegi başarýar. Şonuň üçin onuň gahrymanlarynyň gussasy, şatlygy, söýgüsi özüne çekiji. «Gelin» filminde baş gahrymanyň keşbini döredende Maýagözel Aýmedowa asla sözlemän, diňe ýürekden çykýan inçe duýgusy bilen keşbi janlandyrdy. Şu babatda bir pursady aýdaýyn. Filmde uruş gidip durka, obada bir perzent dünýä inýär. Köp adamlaň ömrüni kesen ganym urşuň garşysyna täze bir perzendiň dünýä inmegi bilen gaýtawul berilýär. Şu sahnada Maýagözel şol çagajyga bolan mähir söýgüsini hem özüniň perzent küýsegi babatdaky maşgala durmuşy üçin gussa çekýändigini ýüreginden geçirip tomaşaça ýetirýär. Gynansakda çaga onuňky däl, oňa ene bolmak bagty ýetdirenok. Onuň şatlygy gysga pursatlyk. Gahryman ýene urşuň pidalaryny çekýän döwre gaýdyp gelýär. Bu Hojagulynyň şahyrana kino dilidir. Gahryman zenanyň dramasynyň üsti bilen urşuň ynsanlara nähili pajygalyk getirýändigini görkezýän şahyrana metafora — Narlyýewiň kinomatografiýada yzygider sistemalaýyn beýan ediş formasydyr. Emma ol diňe bir kinoda däl» diýip baha berýär.

Iki sany ylahy zehinli ussadyň döredijiligi hakynda aýdylýan bu täsirli sözler «Gelin» kinosyndaky pursatlary göz öňümde janlandyrdy. Filmiň soňunda baş gahrymanyň goňşusynyň doglan bäbegine uruşdan dolanyp gelmedik ýan ýoldaşy Myradyň adyny dakyp, sallançagyň başynda hüwdi aýdyp oturyşy, agzy ýaşmakly gelniniň entek ýeke gezegem sesini eşitmedik gaýyn atasynyň, gelniň hüwdüsini eşidip gözi ýaşly duran keşbi bilen jemlenmegi hakydama gelip, aglap oturanymy duýmandyryn. Ynha, şunuň ýaly täsirli filmleri döredenligi üçin olar hakynda şeýle öwgüli sözler aýdylýar. «Haçanda menden daşary ýurtly dostlarym Türkmenistan hakda soranlarynda olara üç zady: Magtymgulynyň goşgularyny okamagy, Nury Halmämmedowyň sazlaryny diňlemegi hemem Hojaguly Narlyýewiň filmlerini görmegi maslahat berýän» ýa-da «Angliýadaky internet dükanynda dünýä belli adamlaň suratlary satylýar, şol dükanda Maýa Aýmedowa bilen Hojaguly Narlyýewiňem suratlary satylýar» diýip aýdylýan sözler, özem şeýle sözleri daşary ýurtly tanymal adamlaň aýtmagynda eşitmek gör, nähili ýakymly. Watandaşlarymyz hakynda, ýurdumyz hemem milli sungatymyz bilen bagly aýdylýan ýakymly sözler ruhy ganat berýär.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymy, kinorežissýor Çaryýar Seýidowyň döredijiligini öwrenýärkäm ol özüniň iň ýakyn hem juda uly hormat goýýan halypasynyň Hojaguly Narlyýewdigini aýtdy. Çaryýar mugallym Hojaguly däde bilen birnäçe ýyl bile işleşipdir. Ol: «Seniň halyň gölleri» atly dokumental filmi surata düşürenimden soň film maňa uly üstünlik getirdi. Her ýylda «Türkmentelefilmiň» tabşyrmaly plany bardy. Öňki SSSR döwri ýylyň dowamynda surata düşürilen filmlere ýörite Moskwada syn berlip iberilýärdi. Ýigrimi töweregi film üçin üç sahypalyk ýazylan synyň bir ýarym sahypasynyň diňe «Seniň halyň gölleri» atly filmim üçin öwgüli sözler bilen beýan edilmegi hemem kärdeşlerimiň arasynda geçirilen ýygnakda okalmagy ýadymdan çykmajak ýatlama boldy. Şol ýazgy arhiwde bardyr. Halypam Hojaguly Narlyýew bolsa münberde çykyş edip: «Dogrusy şu filmde ullakan açyş görmedim, ýöne men bu filmi görenimde gözüme ýaş aýlandy» diýdi. Şondan soň meni SSSR kinobirleşiginiň agzalygyna kabul etdiler. Men Hojaguly Narlyýew bilen kino surata düşürmedim, ýöne onuň bilen Türkmenistanyň kinematografiýa birleşiginde on ýyla golaý işleşdik. Orunbasary bolup, guramaçylyk işlerini alyp bardym. Halypam bilen häzirem gatnaşygymyz gowy. Onuň döredijiligimiň kämil bolmagy üçin berýän gymmatly maslahatlary maňa hemişe zerur. Bir gün ony hususy kärhanama çagyrdym. Oňa Mäne baba hakynda surata düşüren filmimi görkezmek üçin kompýuteri açyp goýdum. Özüm bolsa gapynyň agzynda kiçijik yş goýdum-da daş çykdym. Gapynyň daşyndan bildirmän onuň kino görüp oturşyny synladym. Bir elini maňlaýyna diräp kompýutere seredip otyr welin, «Kino görüp otyrka uklan bolaýsa» diýip şeýlebir alada galdym. Sebäbi şeýle ýagdaý bolsa, kinorežissýoryň işiniň şowly bolmanlygy. Sagat tutup, 45 minut wagtyň geçerine howlukdym. Filmiň dowamlylygy 45 minutdy. Ahyry wagt boldy. Ýaýdanyp-ýadanyp gapyny açdym. Ol gös-göni gözlerime seredip: «Bäh, Arşyň owazyny eşitdim» diýdi. Maňa ondan uly baha ýok. Üstümden ýüküm aýrylan ýaly boldy».

Hojaguly Narlyýew bilen işlän döwrümizde halypamyň başlangyjy bilen kän işler durmuşa geçirildi. Bilim ministrlik bilen gürleşip mekdeplerde çagalara sapak geçilende gapdaly bilen filmlerden bölekler görkezilip sapak geçirmeklik ýola goýuldy. Şol wagtlar ýurdumyzda altmyşdan gowrak raýonlar bardy. Dürli temadan, dürli halklaryň iň gowy kinolaryny saýlap ýüz sany dünýä kinosynyň göçürmesini orta mekdeplere paýladyk. Kinoteatrlary arenda berip işletmek bilen  kinostdudiýanyň girdejisi artdyryldy» diýip gürrüň berdi.

«Hojaguly Narlyýew juda işjanly adam. Haýsy bir işiň başyna barsa ýüregi bilen ýapyşýar. Birnäçe jagapkärli işlerde işlemegi onuň işbaşarjaňlygyndan habar berýär. Döredijilik soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy hökmünde kän işler bitirdi. Ol mydama täzeçilligiň tarapdary. Isle režissýor bolsun, isle-de operator ýa-da beýleki bir işgär haýsydyr bir işiň ilerlemegine dahylly teklip hödürlese şony iş ýüzüne geçirjek bolup elinden gelenini edýär. Indi iki-üç ýyl bäri surata düşürilen täze türkmen lentalary Russiýa Federasiýasynyň şäherlerine äkidilip görkezilýär. Şol ýerde filmi döredijiler bilen tomaşaçylaryň duşuşygy geçirilýär. Täzeligi durmuşa ornaşdyrmak üçin Narlyýew birnäçe ýyllap gurultaýlarda, plenumlarda çykyş etdi. Ahyry hem şol işi ýola goýmagy başardy.

Ol wezipesi boýunça-da, režissýor hökmünde-de dünýäniň ululy-kiçili ýurtlarynyň ençemesine aýlandy. Olar diňe bir gulluk borjy bilen gidilen gezelençler däl-de, iş bähbitli saparlardy.

Hojaguly Narlyýew TSSR Kinematografiýaçylar soýuzynyň geçen gurultaýynda dördünji gezek hem bu döredijilik soýuzynyň başlyklygyna bir agyzdan saýlanyldy. Şu hem onuň iş başarjaňlygyndan, adamlar bilen düşünişmegi başarýanlygyndan habar berýär. Ol polady ýumşak diýilýänlerden bolsa-da, bolmaýan zada bolanok diýmegi başarýar. Şonuň bolmaýanlygyny jany-teni bilen düşündirýär. Iň esasy hem ol adamlary tanaýar. Kim bilen nähili gürleşmeli, kime nähili ýüz tutmaly, şony bilýär. Ol hiç wagt men şu işi oňarman ýa-da başarman diýenok. Her bir ekran eserine ähli başarnygyny, zehinini, gujur-gaýratyny siňdirýär. Töwekgellik edýär. Onda hiç hili ýaýdanjaňlyk ýok. Hojaguly Narlyýew türkmen kinosyna gelmegi bilen oňa şahyranalygy hem alyp geldi. Isle onuň operatorlyk eden «Şükür bagşysynda» ýa-da beýleki filmleriniň ählisinde şahyranalyk bar. Režissýor mydama ýürege düşýän köp sözlülikden gaça durýar. Başardygyndan ähli zady tomaşaça ekran dilinde düşündirmäge çalyşýar. Narlyýewiň şu ýoluny beýleki režissýorlaryň hem köpüsi alyp göterdi. Türkmen kinematografiýasyna özi bolup girdi. Özi ýoda ýasady ýol saldy. Ekran sungatynda bu üstünlik her bir režissýora başardyp durmaýar.

SSSR Kinematografiýaçylar soýuzynda SSSR-iň halk deputatlygyna kandidat görkezmek üçin iki günde bäş gezek gizlin ses berildi. Saýlaw komissiýasy deputatlyga kandidat görkezilen 51 adamyň 17-sini kandidatlyga registrirledi. Şolaryň birem SSSR-iň Döwlet baýragynyň we respublikamyzyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, TSSR-iň halk artisti, TSSR-iň Kinematografiýaçylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy, režissýor Hojaguly Narlyýew. Oňa ýene-de bir uly ynam bildirilýän iş. Ol Aziýa we Afrika ýurtlarynyň Sowet raýdaşlyk komitetiniň agzasy, Medeniýet fondunyň prezidiumynyň agzasy, «Bilim» jemgyýetiniň prawleniýesiniň agzasy, daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar baradaky Türkmenistan jemgyýetiniň Aziýa, Afrika bölüminiň agzasy, respublikamyzda golaýda döredilen Haýyr-sahabat komitetiniň agzasy. Bulardan başga-da kino sungaty bilen baglanyşykly jemgyýetçilik işlerem azlyk edenok — diýlip, «Edebiýat we sungat» gazetiniň irki döwürlerdäki sanlarynda ýazylypdyr. Şu maglumatlaryň özünden hem Hojaguly Narlyýewiň halkymyzyň öňünde uly hyzmatlar bitirendigine göz ýetirip bolýar.

Emma gürrüňdeşligimizde ol bu zatlar hakda aýtjagam bolmady. Diňe özgeleň bitiren hyzmaty hakda gürrüň berdi.  Onuň türkmen filmleriniň surata düşürilen ýerleriniň taryha öwrülişi hakynda aýdan gürrüňleriniň özi aýratyn ýazylmaly tema.

— «Gelin» kinosy Bäherdeniň gaýrasynda Başlak atly guýynyň ýanynda surata düşürildi. Sowhozyň direktory Şyhy Ýazgylyjow gaty uly ýardam etdi. Oňa haýyş bilen ýüz tutamyzda: «Ssenariýany goýup gidiň, okap göreýin» diýdi. Okap görüpdir. «Ýazylyşy ýaly surata düşürip biljek bolsaňyz elimden gelen kömegi berjek» diýdi. Filmi birinji gezek surata düşürenimizde gyş paslydy. Surat düşürilen lentany işlemek üçin leningrada ugratdyk. Lentaň tehniki näsazlygy üçin şol sahnany gaýtadan surata düşürmeli boldy. Ikinji gezek goýunlar gyrkylýan döwri surata düşürdik. Ýene-de şol kemçilik gaýtalandy. Üçünji gezek filmi tomus paslynda surata düşürmeli bolduk. Gyşyň garly keşbini görkezmek üçin üç sany ýangyn söndüriji ulag getirip, köpürjik sepip meýdany gar ýagan ýaly keşpde surata düşürdik. Şyhy aga şoň ýaly kynçylyklara çydady. Film gowy kabul edildi. Tomaşaçylara ýetirildi. Bir gün Fransiýadan ýazyjylaň topary geldi. Halypa ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewiň ýolbaşçylygynda myhmanlar bilen şol filmi gördük. Myhmanlar: «Dokumental filmmi ýa-da çeper film?» diýip soradylar. «Öň biz Garagumuň şeýle gözelliginiň bardygyny bilemizokdyk. Ertiriň özünde Garaguma gezelenje äkidiň» diýdiler.

Her film bilen bagly şu hili ýatlamalar kän. Rewolýusiýa döwrüne degişli temadan täze döwletiň adama gerek iň zerur kanuny beýan edilýän wakaly «Aýal ata çykanda» filmi Nohurda surata düşürdik. Filmde aýaly arabanyň tekerine daňyp aýlamaly pursat bar. Şol pursady surata düşüremizde gahrymanyň roluny oýnaýan artistiň kellesi ýere degmez ýaly çukur  gazylan. Teker ýuwaşlyk bilen aýlananda çukura kelle girmeli. Filmi surata düşürýän pursadymyz oba adamlary görmäge gelýärdiler. Şonda bir nohurly ýaşuly gelip: «Şuň ýaly gelni şeýdip, horlaýan bolsaňyz garnyňyz çörekden doýmaz» diýdi. Şol film surata düşürilende Nohurdan Çaryýar Gurbangeldiýew kän kömek etdi. Hatda onuň özem filmde surata-da düşdi.

«Jemalyň daragty» filmi dogduk obam Sarpda surata düşürdik. Bir zada gynanýan. Şol filmde öz okan mekdebimde surata düşüp, Eminiň rolunda oýnadym. Ol urşa gidip ýaralanyp gaýdyp gelen mugallymym Atda Çopanowyň ykbaly. Şol roly mugallymymyň öz ady bilen oýnamaly ekenim.

Çingiz Aýtmatowyň «Mankurt» eserinde-de rol oýnadym, ýöne meni esasy begendirýän tarapy ýazyjynyň şol eserini Moskwanyň üsti bilen meniň surata düşürmegimi teklip etmegi iň uly ynam. Ýöne döredijilikde kä halatlarda düşünişmek kyn wagtlaram bolýar. «Bir ýylyň üç güni» atly dokumental filmiň ssenariasyny ýazdym. Kinosdudiýanyň döredijilik topary okap gördi-de bir bada kabul etmedi, ýöne komissiýa toparda Aşyrberdi Kürt bardy. Ol ssenariýany okap gördi-de: «Düýbünde filosofik pikir bar, bu ssenariýany kabul edilmese bolmaz» diýip, aýtmak islän pikirimiň manysyny düşündirip şol eserimi kabul etdirdi» diýdi.

Söhbetdeşligimiz diýseň gyzykly boldy, ýöne togsan ýaşa golaýlap barýan  ýaşulyny ýadadaýmaýyn diýip, galamdyr kagyzymy goýdum. Ol: «Başga-da sowalyň bolsa aýdyber» diýip ýylgyrdy. Tüýs Magtymguly atamyzyň: «Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda, Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir» diýeni. Tüweleme, Hojaguly däde entek o diýen gojalmandyr. Sebäbi ol sungatyň yşgynda ýaşaýar. Jany sag, mertebesi mundanam belent bolsun!

                                                                                 Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi

Gurbanjemal Ylýasowa: kämile gol bergen ussat         

Ata Watan Eserleri