ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gylyçmyrat Kakabaýew:Watan baky aýdym

— Gelneje, saglyk-amanlyk soraşaýyn — diýip sowuldym. Dostum bilen zyýarata gitdik. Öwülýa aýlandyk. Her kim bileninden aýat-töwir okady. Maňa-da: «Senem bir zatlar oka» diýdiler. Gylyçmyrat Kakabaýewiň: «Dileg» atly goşgusy ýadyma düşdi. Goşgyny ýatdan bilýän.

«Erkiňi-aryňy, namysyň bilmän,

Messebiň, mertebäň manysyn bilmän,

Iliňe, diniňe ikilik etseň,

Doganyň, dogmanyň bolmazmy des-deň…» diýip gaty sesim bilen aýdyp, il-günümize, ýurdumyza ýagşy dilegler etdim. Şo töweregiň arassaçylygyna seredýän bir daýza bar eken. Ýanymyza gelip diňläp durdy. Töwire goşulyp el galdyrdy. Soňra-da: «Oglum, endamym tikenekläp gitdi. Gaty tolgundym. Şeýle gowy dilegler etdiň. Ömrüň uzak bolsun!» diýip alkyş aýtdy. Menem oňa: «Gylyçmyrat aganyň goşgusydygyny aýtdym» diýdi-de, uzak ýazylan goşgyny joşgun bilen dolulygyna gaýtalady. Soňundanam biraz dymyp durdy-da: «Gylyçmyrat aganyň eserlerini gowy görýän. Goşgularyndaky rifmalaryň sazlaşygy owazlanyp dur. Onuň ýekeje sözüni üýtgetjek bolsaň, şol sözüň kapiýasyny tapmak kyn» diýip pikirini aýtdy. Gürrüňini berýän bu ýigidim oglum bilen teatrda bile işleýär. Artist Tahyr Mämmedow.

Ol öýlerine gidensoň, giçlik kärdeşim Oraznazar Heşdekow bilen jaňlaşdyk. Özara gürrüňdeşlikde oňa Tahyryň aýdan gürrüňlerini aýtdym. Ol: — Gylyçmyradyň gowy goşgulary bardyr. Onuň eserine režissýor Täçmämmet Mämmetweliýewiň sahnalaşdyran «Gala» atly oýnuna telim gezek teatra baryp tomaşa edipdik.  Şondaky goşgularam gaty täsirlidi. Wiý, ýogsa-da, şu ýyl Gylyçmyradyňam doglan gününiň 65 ýyllygydyr. Ol meniň kursdaşym. Häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde bile okadyk. Ol 1959-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda doglan. Paýtagtymyzdaky 9-njy orta mekdepde okady. Talyp döwrümiz Tejene pagta ýygmaga giderdik. Welaýatlardan gelen talyp ýoldaşlarymyzyň arasynda şäherden diňe Gylyçmyrat ikimiz. Her günde ýygmaly pagta planymyz bardy. Beýleki talyp ýoldaşlarymyz derrew ýygardylar. Gylyçmyrat ikimizem her näçe haýdasagam ýygmaly pagtamyzyň agram ölçegini dolup bilemizok. Kyn ýeri, ýygmaly ölçegiňi ýygmasaň gaýdyşyn ulaga mündürenokdylar. Onsoň her gün diýen ýaly ikimizem ýatak jaýymyza iliň soňundan surnugyp pyýada barardyk. Ahyry oglanlar dözmän bize-de kömek edip pagta ýygyşdylar, şeýdip kilo sanymyzy dolýardyk. Ýöne  Gylyçmyrat talyp döwrümizde-de, baýramçylyk dabaralaryndaky çärelere gatnaşmaga höweslidi. Sahna çykyşlarda özüniň janlandyran keşpleri bardy — diýip ýatlady. Şol pursat Gylyçmyrat aganyň eserlerine sahnalaşdyrylan oýunlary  hakydama geldi. Sebäbi onuň «Magtymguly Pyragy», «Ýurt», «Watan hakda üç aýdym» /Nurberdi han kyssasy/, «Näzli dildarym», «Gumly gelin», çagalar üçin «Sakarja geçi», ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň häzirki döwürdäki ösüşi bilen bagly «Ýagtylan köňüller» atly we başga-da taryhy we döwrebap eserlerine sahnalaşdyrylan oýunlaryň ählisine diýen ýaly tomaşa etdim.

Bir gezek baş redaktorymyz ýanyna çagyryp: — Gelneje, Alp Arslan teatrda «Watan hakda üç aýdym» atly täze oýnuň ilkinji görkezilişi bolýar. Redaksiýamyza çakylyk iberipdirler. Gazetiň çykýan güni işimiziň kändigini, bilýäň. Özüň gaýrat edip redaksiýanyň adyndan gutla hemem bir zatlar ýazarsyň — diýip, elime çakylygy berdi. Işden soň giçlik gitdim. Gaty täsirli oýun bolupdyr. Türkmen halkymyzyň arasynda ösüp ýetişen gahrymanlaryň, edermen il ogullarynyň özboluşly nesil sazlaşygy, nesil dowamaty ýaly töwerekleýin pikirleri özünde jemleýän bu sahna eserde diňe bir geçmişiň däl, şu günüňem watançylyk pelsepeleri çuňňur beýan edilýär. Spektaklda hereket edýän gahrymanlaryň ömrüniň üç döwrüni öz içine alýandygy üçin bu eser Watan hakda üç aýdym bolup ýaňlandy. Şu pursat şol oýundaky keşpler göz öňüme gelýär. Aýratynam Türkmenistanyň at gazanan artisti Gerek Hojamämmedowanyň janlandyran keşbi ýadymda. Bu keşp obasyna ýagy  çozup, söweşde ata-enesi, dogan-garyndaşlary ýogalyp, ýetimlikde ýalňyz galan gyzyň keşbi. Ol gyz bir enäniň elinde ulalýar. Ýalňyz galany üçin şol obanyň adamlary ony «Nyýazdepäň balasy» diýip söýgüläp saklaýarlar. Ynha, şu keşbiň üsti bilen türkmen halkymyzyň ynsanperwerligi, rehimdarlygy görkezilýär. Ýene bir sahna pursat göz öňümde. Hersi bir ýurduň wekili. «Nurberdi hany han saýlanmagy bilen gutlamak üçin geldik» diýen bolup, halkyň arasynda agzalalyk  döretmek üçin hilegärlik gurajak bolýarlar. Emma niýet eden pygyllary başa barmaýar. Nurberdi han akylly, paýhasly adam. Niýetleriniň gowy däldigini bilse-de, myhmansöýerligini elden bermän, paýhaslylyk görkezýär. Şu ýagdaýlaryň üsti bilenem türkmeniň öz agzybirligini gorap bilýän halkdygy, her bir ýaman niýet bilen agzalalyk saljak bolana berk gaýtawul berip bilýändigi düşündirilýär. Keşpleriň üsti bilen ýaş nesillere Watan mukaddesliginiň beýikligini, ýurt asudalygyny gorap saklamagyň möhümdigi görkezilýär. Spektaklda hasam jogapkärli keşpleriň ýene biri Nurberdi hanyň keşbi. Şonda şol keşbi halypa artist Şyhmämmet Mollaýew janlandyrdy. Ol: «Halkyň beýik şahsyýetleriniň keşpleriniň sahnada janlandyrylmagynyň özi uly zat. Eseriň üsti bilen ýurt ykbalyny dolandyrmagyň nähili kyndygyna hasam çuňňur göz ýetirdim.Türkmeniň beýik şahsyýetleriniň bitiren hyzmatlaryny ýaşlarymyza düşündirmek her birimiziň borjumyz. Sahnadaky uruş wakalary «Dutar göteren adamyň eli gylyç tutup bilermi?!» diýen ýaly filosofik sözleriň üsti bilen beýan edilýär. Eserde Watançylyk temasy, Watana söýgi hiç wagt könelmejek, hemişelik aýdym bolup ýaňlanýar» diýip gürrüň berdi. Şo mahal ýaş artistleň biri Ýolaman Saryýewi  mährem enäniň keşbini janlandyran halypa Ogultäç Hanyýewanyň sahnada perzent ornunda bagryna basyp duran pursady, Ýolamana ýaş artist diýer ýaly däldi. Keşp şeýlebir ynandyryjy welin, tomaşaçylara diýseň täsir etdi.

Oýun tamamlandy. Täze oýun bolansoň, bu barada beýleki gazetlerde-de ýazylar. Meňzeş gaýtalanmaz ýaly habar görnüşde ýazmaýyn, diýen pikir bilen käbir artistleriň gürrüňlerini ýazgy etdim. Görsem zaldan Gylyçmyrat aga ýöräp barýan eken. Haýdap yzyndan ýetip gutladym hemem oýnuň edebi esasynyň ýazary hökmünde gysgajyk gürrüňdeş bolduk.

Makalany ýazyp başlyga tabşyrdym. Bir-iki gün geçensoň, ir bilen iş telefonuma jaň geldi. (Jaň eden häzir  aýatda ýok, jaýy jennet bolsun! Magtymguly atamyzyň: «Ýamanyn örtüban ýaýyň ýagşysyn» diýen setiri ýadyma düşýä. Aýatda ýok adamyň adyny ýamanlykda agzamak hökman däl. Başga bir zady aýdasym gelýä. Şu mahal olaryň ikisem aramyzda ýok. Belki, özara düşünişmezlik üçin bir sebäp bolandyr. Ýöne, döredijilik ukyby Allanyň berýän peşgeşi. Özüm-ä Hakyň rowa gören bendesiniň zehinine kim bolanda-da çynym bilen guwanýan. Elbetde, kemçilik her birimizde-de, bardyr. Hemme zada akyl ýetirip bolanog-a. Ýalňyşmazlyk mümkin däl. Bir sebäp bilen jaň edendir…) Ol:

— Salam! Akgül, Saparowna — diýip, adyny aýtdy-da, «siz Gylyçmyrat Kakabaýew hakynda bilip ýazdyňyzmy ýa-da bilmän ýazdyňyzmy? Adyndan çykyş taýýarlapsyňyz — diýip nägilelik bildirdi. Bagyşlaň, Pylany Pylanyýewiç! Gylyçmyrat aga kakamyňam, ejemiňem dogany däl. Başlygym elime çakylyk berip ugratdy. Abraýly Döwlet teatrynyň zalynda-da bir topar adamyň zähmeti siňdirilip taýýarlanan oýun tomaşaçylara görkezildi. Sahna eseriniň edebi esasyny ýazan awtoryň zähmeti hakynda gürrüň etmek bolanokmy? — diýdim. Neresse rusça gürläp: «Öňki sadalygyňdan üýtgäpsiň» diýip telefony öçürdi. Ertesi makalam gazetde çap edildi, ýöne «sahypada ýer mümkinçiliginiň çäklidigi üçin biraz gysgaltmaly bolduk» diýdiler. Gylyçmyrat aganyň çykyşy ýerleşmändir. Indi her gezek Gylyçmyrat aganyň eserlerine oýun sahnalaşdyrylsa, şol pursat biygtyýar ýadyma düşýär.

Ilçilikde «Bir adamy begendirmegiň özi sadaka beren ýaly» diýýärler. Galamdan çörek iýemsoň, il-güni, onda-da döredijilik adamlaryny hemişe begendiresim gelýär. Aramyzda barlarynyň ilki bilen özlerini begendiresim gelýär, aýatda ýoklaryny ýagşylykda ýatlap olaryň maşgala agzalaryny, hossarlaryny begendiresim gelýär. Şol pikir bilen Gylyçmyrat aganyň körpe ogly dramaturg Gadam Kakabaýewe jaň edip kakasynyň döredijiligi hakynda gyzyklanýandygymy aýtdym. Ol: «Kakam aýatda bar wagty eserlerini gorap gezdi, indi özi aýatda ýok wagty eserleri kakamy goraýar» diýdi. Onuň bu sözleri gaty tolgundyrdy. Jigim, ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlige barjak, haçan boş wagtyň bar?— diýip gepleşdik. Ýakynda-da onuň iş ýerine baryp,  Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gürrüňdeş bolduk. Ol: — Köp adam kakamy şahyr hökmünde tanaýar. Emma kakamyň eserleriniň on-on ikisi ýurdumyzyň Baş drama teatrynda, bäş-altysy Alp Arslan teatrda sahnalaşdyryldy. Kakam öz döwründe aýtmaly temany gaty sesi bilen taryhy şahsyýetleriň üsti bilen aýtdy. Ýöne meniň bilşime görä kakam «Gala» atly eserini ýazandan soň goşgy ýazmady. Kakamyň «Sena» atly ýekeje goşgular ýygyndysy bar. Başga iki awtorly, dört awtorly kitaplary-da neşir edildi. Kakam: «goşgy okalanok, gürrüň berilýär» diýerdi.

Biz üç oglan, üç gyz dogan. Kakamyň özem iki gyz, dört oglan doganyň biri. Kakamyň sahna eserlerine ýykgyn etmegi ol kiçiliginden teatra kän gidipdir. Atam pahyr öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrda tehniki işgär bolup işläpdir. Kakamam köplenç atam bilen teatra gidip oýun görýär. Öýe gelip ullakan telewizordan boşan kardonlary söýäp sahna edýän eken. Jigilerinem tomaşaçy hökmünde öňünde oturdyp özem oýun oýnaýar eken.

Kakam «Magtymguly Pyragy» eserini ilki film üçin niýetläp ssenariýa ýazypdy. Ýöne oňa şol wagtky baş ýolbaşçysy: «işiňe wagtynda gel, iş wagtyň gutarýança-da işde bol» diýip talap edýär. Şol sebäpli başlygy bilen sözleri çapraz gelip eseri saklandy. Onsoň ol bu ssenariýasynyň içinden alyp sahna eserini ýazdy. Ol eserem Alp Arslan teatrda sahnalaşdyryldy. «Herki zadyň nesibeli güni bar» diýleni. Häzir şol saklanan ssenariýasyna on ýyldan soň, şu mahal Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde film surata düşürilýär. Kakam öz eserlerine oýun sahnalaşdyrylsa saz bezegine-de, aýdymyň sözlerine-de «şeýleräk bolsun» diýip gaty üns bererdi. Ýazan eserleriniň döwlet gözegçilik toparyndan jedelsiz, aňsatlyk bilen geçeni ýok, ýöne geçmän galan eserem ýok. Kakam öz eserlerini gorap bilýär diýmegimiň sebäbi, ol taryhy kitaplary kän okardy, giňişleýin öwrenerdi.Ýazan eserlerindäki wakalar, aýdylýan pikiriň many-mazmuny bilen bagly sowal ýüze çyksa düşündirip bilýärdi. Döwlet gözegçilik toparyndan geçensoň, eserleri sahnadan düşmän gelýär. Kakam hakynda teatrymyzyň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew kän zatlar  gürrüň berer. Ol kakam bilen bile işleşen režissýor — diýdi. Onsoň halypa režissýor Handurdy Berdiýew bilenem gürrüňdeş bolduk. Ol: — Gylyçmyrat aganyň bakyýete göç edenine on ýyl bolaýypdyr. 2014-nji ýylyň awgust aýynyň 5-ne ýogaldy. Men oňa ulurak ýaşdadyr öýdüp ýördüm. Bary-ýogy 55 ýaşady. Imany hemra bolsun, halypaň. Şo ýylyň mart aýlarydy. «Magtymguly Pyragy» oýnumyzy sahnalaşdyrdyk welin, oýny gördi. Gaty begendi: «Magtymgulynam ahyry goýdugaý. Indi-hä etjek işimi etdim, şu sahna eserim soňky eserim bolaýmasa» diýdi. Aprel aýynyň ilkinji günleridi. Orunbasarym Alty Sallandyýew oraza wagty agzaçarda toý sadaka etdi. Uly ogly Perhady öýerýärdi. Birinji toýudy. Şonda maşgalam Gerek, Gylyçmyrat aga dagy bolup Altylara toý sadaka bardyk. Öýünde bäşinji gatyň üçeginde çadyr gurap otyrdyk. Ertesem gelnaljy, agşamam toýy. Gylyçmyrat aga: — Adamlar, Alty aýyň altysyna altynjy gatda toý edýär — diýip owadan gülküsi bilen hezil edip güldi. Agam, hakyky şahyrdygyň belli, agzyňa gelip dur — diýdim. Degşip-gülşüp oturdyk. Ol biraz oturdy-da: «men-ä ýörejek» diýdi. Bizem bir salym oturdykda, Gerek bilen gije on ikilere öýe bardyk. Ertesi irden ogly Şamuhammet: «Kakam dünýeden gaýtdy» diýip jaň etdi. Ynanyp bilmedim. Düýn gülüp toý sadakasynda otyrdy. Tüýs «Toý bilen ýas bile gelýä» diýleni. Indi gündiz-ä Altylaň gelnaljysy, agşamam «Kosmos» toý mekanynda  toý edýärdi. Ikisem dostumyz, işgärimiz. Ilki bilen agamyz Gylyçmyrat agany Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly kolhozyndaky öwülýä äkidip, onuň «Nurberdi han kyssasy» sahna eserinde aýdylyşy ýaly gara ýere duwlap gaýtdyk. Jaýlap gelemizsoň, türkmençilikde «çile düşmesin» diýen ýörelgeden ugur alyp üst başymyzy kakyp,  onsoň toý ýerden duz dadyp gaýtdyk.

Gylyçmyrat agany ilkinji gezek 1991-nji ýylda ýüzbe-ýüz gördüm. Režissýor Täçmämmet Mämmetweliýew «Müň bir gije» atly daşary ýurt eserinden terjime edilen «Şährizada» atly oýny sahnalaşdyrdy. Şol oýunda  meniňem oýnamaly rolum bardy. Şonda Täçmämmediň ýanynda şol eseri terjime eden şahyry  görýärdik. Gylyçmyrat aga eken. Birneme soňrak ol telewiznýaň başlygy boldy. Şol wagtlar halypamyz Hommat Müllügiň «Däliler» atly pýessasyna sahnalaşdyrylan oýunda Öweziň keşbini oýnaýardym. Spektakly telewiznýa ýazgy etjek bolanlarynda studiýa bardyk. Gelerem öýdemizok. Gylyçmyrat aga döwüň ýöreýşi ýaly ýöräp studiýa geldi. Onuň sahna oýnaýşymyza göwni ýetmedi. «Içiňde demiň ýok ýaly. Hakyky däli bolsan-a» diýip ýüzümi alyp, şeýle bir rola saldy. Ussat halypa eken.

Soň ol öňki «Mollanepes» teatra işe gitdi. Menem täze teatra ýolbaşçy goýdular. Bir gün kärdeşimiz Nury Allaberdi iş ýerime geldi.

— Gylyçmyrat Kakabaýew: « Handurdy alsa, gowy pýessam bar» diýdi. Jaňlaşda habarlaşaý — diýip telefon belgisini berdi. Jaňlaşdyk.Ýanyna bardym. Agras adam. Çekinibräk otyryn. — Arkaýyn oturda soraber — diýdi. «Watan hakda üç aýdym» eseri eken. Iki kartina ýazypdyr. Okap berdi-de:

«Sen-ä teatrda sahnalaşdyrsaň, menem ýanynda dursam ýazjak. Ýöne seň teatryňda taryhy şahsyýetleriň keşbini döretjek artistler häzir ýok — diýdi. Şeýdip ol başga teatrlardan artistleri göz öňünde tutup, Oraz Amangeldi, Öwez Gelen, Ogultäç Hanyýewa dagy üçin bir kartinany ýazýar, meni çagyrýar. Menem onuň ýazanlaryny peçat edýän. Eseri iş üstünde ýazdy. Şeýle bir pursat ýadyma düşýä. Eseri maslahatlaşmak üçin bir gün öýüne bardym. Maşgalasy howluda işläp ýör. Gylyçmyrat aga barmy? — diýsem, «bardyr, baryber» diýip gelneje onuň iş otagyny salgy berdi. Gapyny kakdym welin: — Çyk diýýän — diýip gaharly goh bar. Gapy açyldy, ýene ýapdym. — Tohumyňy tükederin — diýdi. Gaýtjagymy, girjegimi bilmän esli durdum. Sesi ýatdy. Ahyry gapyny kakyp içeri girdim. Otagda hiç kim görnenok. — Giriber Handurdy — diýdi. Garaňky otagda içki eşikli, gara der bolup elinde taýak,  özi Dykma Serdaryň keşbinde oýnap, obraza girip ýazýan eken. Çyrany ýakyp güldi. Gorkdum diýdim. — Sen gorkmaly ýere gelýänsiň — diýdi. Oturdyk, maslahatlaşdyk.

Indi şol sahnany işlemäge şeýlebir howlugýan. Her gün türgenleşik geçýäs. Bir gün türgenleşik geçýän wagtymyzda Gylyçmyrat aga geldi. Oturyp sahnadaky iş pursadymyzy synlady. Zalda çekinip otyryn. Dykma Serdaryň Çary batyra: «Men seniň çeýnejek çöpüň däldirin!» diýip aýtmaly sözleri bardy. Gylyçmyrat aganyň artistlerimiziň ikisiniňem keşp döredişine göwni ýetmedi. Şonda eline gylyç alyp sahnada özi şol keşbi nähili oýnamalydygyny öwretdi. Onuň ýöräp gelşi, haýbaty, bat bilen Çary Batyryň gylyjyna  urup görkezdi welin, gylyç egreläýdi. Diýseň talap ediji halypa. Onuň gazaply daramagynyň özi uly mekdepdi.

Bir gezek men oňa çagalar üçinem sahna oýnuny ýazyp beräý, halypa! — diýip haýyş etdim. Iki-üç günüň içinde «Sakarja geçi» pýessany ýazdy. Režissýor Baýram Seýdyllaýewem sahnalaşdyrdy. Şonda ol: «Çagalar üçin pýessa ýazmak kyn eken. Haýran galdym. Çagalar üçin eserlere sahnada tomaşa etmek ondanam kyn eken» diýdi. Gylyçmyrat aga teatrymyzda işläp ýördi. 2013-nji ýylda ony kinostudiýa ssenariýa ýazdyrmak üçin aldylar. Şo ýerde alty aý işledi. «Magtymguly Pyragy» ssenariýasyny ýazdy. Filmi bir düşünişmezlik bilen saklandy. Häzir şol filmi Şirli Mollaýew surata düşürip ýör, ýöne şo mahal gaharyna «Handurdy, şol ssenariýamy pýessa edeýin, sen teatrda sahnalaşdyr» diýdi. Ozalam onuň «Serhet» atly pýessasy aňymda bar. Okap gürrüň beripdi. Ýylyň başlarynda ssenariýanyň içinden pýessa ýazdy. Oýny sahnalaşdyrdyk. Taýýar bolansoň, käbir ýerlerini düzetmeli diýildi. Gylyçmyrat aga taryhy gowy bilýärdi. Ol şa sözüni han sözi bilen çalşyryp, türkmeniň öz içinde-de han bolan — diýdi — diýip gürrüň berdi.

Gylyçmyrat aga ýokary okuw mekdebi gutaryp 1981-nji ýylda öňki «Ýaş kommunist» gazetinde işe başlaýar. Ol döredijilige mekdep ýyllarynda başlaýar. Onuň ilkinji goşgulary 1978-nji ýylda metbugatda neşir edilip ugraýar. «Sena», «Duýgy duralgasy», «Sepgit» ýaly eserleri çapdan çykansoň, onuň Gökdepe galasy hakynda ýazylan  «Näbelet adam» atly goşgusyndan dörän «Gala» atly sahna eseri ilkinji gezek ýurdumyzyň Baş drama teatrynda sahnalaşdyryldy. «Gala» — taryhy drama bolup, ol diňe Gökdepe galasynyň taryhy gahrymançylygy bolman, tutuş türkmen halkymyzyň mertliginiň, batyrlygynyň, gaýduwsyzlygynyň nusgasyna öwrülen eserleriň biri. Şondan soňra ýazyjynyň döreden «Dädem Gorkut» atly teleoýny, «Türkmennama», «Söýüň gara gözlerim», «Ýar gara gözleriň bendiwany men», «Kepderi», «Türkmeniň ýoly», «Syrly sandyk» ýaly ajaýyp sahna eserleri bu teatryň sahnasyny dowamly bezedi. Nusgawy türkmen şahyry Garajaoglanyň ömür döredijiligine bagyşlanan «Garajaoglan» atly sahna eseri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda birnäçe taryhy eserleri bilen birlikde gülküli, şeýle hem döwrebap eserleri, şonuň ýaly-da, çagalar üçin ýazan eseri sahnalaşdyrylyp, häzirki günlerde-de teatryň sahnasyndan düşmän gelýär. Şahyr hem dramaturg Gylyçmyrat Kakabaýewe Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda türkmen dramaturgiýasyny, teatr sungatyny ösdürmekde çeken zähmeti we ýokary ussatlygy üçin 1996-njy ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 1997-nji ýylda «Galkynyş» ordeni bilen sylaglandy. Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy. Ol dürli ýyllarda dürli wezipelerde işledi.

Ýazyjynyň döredijiligi hakynda aýdylan gürrüňler biri-birinden gyzykly hem ýatda galyjy täsir etdi. Režissýor Handurdy Berdiýewiň: — Gylyçmyrat aganyň «Watan hakda üç aýdym» atly eserine oýun sahnalaşdyrýardym. Oýnumyz taýýar boldy, ýöne käbir sebäplere görä halka ýetirmekden saklanyp durdy. Birden iş sapary bilen Eýrana gitmeli bolduk. Şonda saparymyz tamamlanan güni toparymyzy Magtymguly Pyragynyň hemem kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarata äkitdiler. Hemmeler zyýarat edip bolansoň, ýeke özüm galyp, bilýän aýat-töwirlerimi okadymda, Magtymguly atamyzyň hemem Döwletmämmet Azadynyň guburyna elimi goýup, «Watan üçin baş goýan beýik şahsyýetlerimizi tirsegine galdyrmak üçin sahnalaşdyran oýnumyza ýol açmaga medet ber!» diýip dileg etdim. Duz çörek dadyp, aýat-töwirden soň ýola düşdük. Haýran galdym. Ýolda gelýäs welin, telefonuma jaň geldi. Kärdeşim Alty Sallandyýew: «Başlyk, hoş habar aýdaýyn. Oýnumyzyň tomaşaçylara görkezilýändigi barada gazete ýazylypdyr» diýdi. Bolany, telefon öçdi. Näçe gün bäri çagalary bilen habar alyp bilmän duransoňlar, her kim telefonundan jaň etjek boldy, hiç kimiň telefony işlänok. Etrege ýetemizsoň, hemmämiziň telefonumyz  açyldy. Soň ýene-de bir waka boldy. «Magtymguly Pyragy» oýnumyzy sahnalaşdyrýardyk. Türgenleşikden soň saz bezegçileň ýanynda işläp otyrdyk. Takyr-tukur edip bir zat ünsümi bölýär. Oturan ýerimden, «ýuwaşyrak boluň!» diýýän ses ýatanok. Ahyry: «baryň, şo süpürijilere takyrdamaň diýsene!» diýip oglanlaň birini ugratdym. Az wagtdan: «Başlyk, işgärler takyrdanoklar. Üçekde şu kepderiler pasyrdaýan eken» diýip, iki sany akja kepderi göterip geldiler. «Henize çenli açylaly bäri ýekeje guş-gumry teatra giren ýeri ýok. Töwerekde kepderi saklaýan öýem ýok. Ol diňe Magtymguly atamyzyň hemem Azady atamyzyň ruhy bolmaly» diýen pikir tolgunma gaplady. Ýagşy arzuw-dilegler bilen kepderileri açyk howada asmana uçurdyk. Sahna eserimiziň soňuny ak kepderileriň uçup gidýän kartinasy bilen jemledik. Şeýle jemlemegimize olaryň ruhy salgy beren ýaly boldy. Ýene bir pursat ýadymda. Oýnuň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Oýun tamamlandy welin, tomaşaçylaryň iň soňkyrak hataryndan sadaja geýnen, egni kletka köýnekli bir oglan elini galdyrdy-da, «menem iki agyz aýdaýaýyn» diýdi. Dogrusy, men oňa näsagrak biridir öýtdüm. Içimdenem: «Häzir näme diýerkä, sähelçe bir kemçilik aýdaýsa-ha, oýnumyzyň ýatyrylmagyna bahana bolar» diýip alada etdim. Ol sahna ýetdi-de, aýagyndaky köneje şypbyjagyny çykaryp, aýak ýalaňaç ilkä sahna baş egdi, soňra-da tomaşa zalyna baş egdi. «Derwezeden geldim, ýene-de ýüzläp adam geler» diýdi. Kim ol, tanaýaňyzmy? — diýip gyzyklandym. Hiç kim onuň kimdiginem bilmedi, nädip teatrdan çykyp gideninem bilmedik. Şonda ak sakally ýaşulularymyzyň biri: «Dana Pyragynyň ruhy ak pata berendir. Ýagşyzadalar her hili keşpde gelip bilýändirler» diýdi. Tüweleme, şondan bäri şol oýnumyz sahnadan düşmän gelýär. Birnäçe gezek halkara baýraklara mynasyp boldy — diýip gürrüň berdi. Sungat, döredijilik ýolunda ýakymly ýatlamalar kän bolýar. Halypa şahyr Baýram Jütdiýewiň bir gürrüňi ýadyma düşdi. Ol:— Jigim, mukaddes Döwlet nyşanlarymyzy  synlanymda öz-özüm ganatlanýan — diýip, gürrüňe başlady welin, ondan Döwlet senamyzyň awtorlarynyň biri ekeniňiz-ä, Baýram aga! Şu barada aýdyp bilmersiňizmi?— diýip soradym. Ol: — 10 günüň içinde Gimniň sözlerini ýazmak barada  tabşyryk berildi. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň sözlerini ýazmak üçin sekiz ýazyjy bolup gatnaşdyk. Berdinazar Hudaýnazarow, Gylyçmyrat Kakabaýew, Kaýum Taňrygulyýew, Sapar Öräýew, Ýylgaý Durdyýew, Gowşut Şamyýew, Atamyrat Atabaýew hem-de özüm. Ählimiz Pöwrizäniň daçasynda jemlendik.  Işlemek üçin hemme şert üpjün edilen.Ýolbaşçymyz Berdinazar Hudaýnazarowdy. Gylyçmyrat Kakabaýew şol wagtlar Prezident diwanynda işleýärdi. Gimni ýazmak goşgy ýazmak däl eken. Dört günläp hiç birimiz hiç zat ýazyp bilemizok. Her günem hasabat alnyp dur. Şonda öz ýanymdan «ýurduň sekiz sany ýazyjysy bolup Gimni ýazyp bilmeseg-ä bolmaz» diýip oýlandym. Ahyry Berdinazar Hudaýnazarow: — Gimniň sözlerini Atamyrat Atabaýew bilen Baýram Jütdiýew ýazsyn, soň üýşüp pikirimizi jemläýeris — diýdi. Şeýdip Gimniň 50 göterimini men, 50 göteriminem Atamyrat ýazdy. Döwlet senamyzyň sözleri dört bentdi. Bir bendi gaýtalamak. Gazetde doly çap boldy. Gimn ýazylanda Döwletiň şu gününe-de, geçmişine-de buýsanç bolmaly. Gimniň sazyny döretmäge 20 kompozitor gatnaşdy, ýöne esasy Rejep Rejebow ýazdy. Annaberdi  Agabaýew gimni rus diline terjime etdi — diýip gürrüň berdi. Görşümiz ýaly Gylyçmyrat aga Döwlet senamyzyň sözlerini ýazan awtorlaryň hem biri eken. Onuň eserleri Watan hakdaky baky aýdym.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri