Arada ýazyjy Hemra Şirow bir-iki ýyllykda ýogalan ýazyjy-şahyrlary ýatlap: «Deň-duş kärdeşlerimizem azalyp barýar. Bizem indi gartaşdyk. Öýderäk işleýän. Kä wagt içim gyssa, öýümiň golaýynda bolansoň «Ylham» seýilgähine barýan. Döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň heýkelleri bilen gürrüňdeş bolýan» diýdi. Onuň şol gürrüňi gaty täsir etdi. Halypalar aramyzda ýaşap ýörkäler olar bilen gürrüňdeş bolup, bilýänlerini diňlemelidigimiz hakynda oýlandyrdy. Şol sebäpli ýakynda onuň öýüne ýörite söhbetdeşlige bardyk.
Hemra Şirowy öň diňe çagalar şahyry hökmünde gaýybana tanaýardym. Ýaşlar neşirlerinde işleýärkäm ol köplenç ýüzbe-ýüz gabat gelýärdi, ýöne taňry salamyndan artyk içgin gürrüňdeş bolmandyk.
Halypalaryň döredijiligini öwrenmek diýseň gyzykly, ýöne olar hakynda bilmek üçin halypalaryň kömegi juda zerur bolup durýar. Hemra aga bilen ýakyndan tanşyp, gürrüňdeş bolmagymyza-da onuň köp halypalar bilen işleşendigi, olar hakynda kän zatlary bilýändigi sebäp boldy. Bir gezek «Dünýä edebiýaty» žurnaly üçin ýatlama ýazjak bolanymda oňa jaň edip, dramaturg Oraz Akmämmedow hakynda bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol: — Oraz Akmämmedow bilen «Magaryf» neşirýatynda bile işledik. Ol terjime bölüminiň müdiri boldy. Şol döwürde köp kitaplar terjime edildi. Oraz aga türkmen edebiýatynyň terjimeçilik senediniň ýokary göterilmegine uly goşant goşan terjimeçileriň biri. Onuň irginsiz aladalarynyň netijesinde in gowy eserler milli dilimize terjime edildi. Oraz aganyň özem dürli halklaryň edebiýatyndan köp terjime etdi. Ol ussat ýazyjydy. Dili gowudy, ýazýan eserlerini sadadan düşnükli, halky dilde ýürek goýup ýazmagy başarýardy. Ol haýsy halkyň edebiýatyndan terjime etse, her awtoryň galam ýörediş tärini saklamaga çalyşýardy.
1988-nji ýylda ýurdumyzda çagalar edebiýatynyň Bütinsoýuz hepdeligi geçirildi. Şol hepdelige daşary ýurtlaryň birnäçesinden meşhur ýazyjy-şahyrlar geldi. Dagystanly ýazyjy Resul Gamzatowyň ähli eserlerini diýen ýaly terjime eden terjimeçi Naum Grebnew hem geldi. «Magaryf» neşirýatynda Oraz Akmämmedowyň kärdeşleri bilen bilelikdäki tagallasy netijesinde «Pähimli söz gylyçdan ýiti» at bilen toplanan atalar sözleriniň, nakyllaryň ýygyndysy Naum Grebnewiň rus diline terjime etmeginde çap edildi. Milli terjimeçilik sungatymyzda alyşykly terjimeler hem ýola goýuldy. Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini dürli halklaryň terjimeçileri öz dillerine, türkmen ýazyjy-şahyrlary bolsa, doganlyk halklaryň edebiýaty bilen türkmen okyjylarynyň tanyşmagyna, şeýle-de, türkmen edebiýatynyň dünýä ýaýylmagyna uly mümkinçilik döredýär. Oraz aga belent adamkärçilikli adamdy. Dostlukly gatnaşykda bolduk. Men «Türkmenstandartlary baş döwlet gullugy» edarasynda işleýärkäm, bir gün ýolda Oraz aga duşdy. Saglyk-amanlyk soraşdyk, şol wagt pensiýada eken. Işläp endik eden adam üçin öýde oturmak aňsat däl. Ol: «Iş tapsam öýde oturanymdan işlänim gowy, güzeran üçinem kem däl» diýip ýagdaýyny aýtdy. «Ýör meniň bilen. Boş iş ýeri bar bolsa, başlygymyzdan sorap göreýin» diýip tirkeşip iş ýerime bardyk. Oraz aga daşarda garaşdy. Başlygymyza ýagdaýy aýtdym. «Ökde terjimeçi, ussat ýazyjy, dramaturg Oraz Akmämmedow» diýip tanyşdyrjak boldum. Başlygymyz: «Men ol ýaşulyny tanaýan. Terjime bölüme alaýarys, bar, git-de ýaşulyny häzir alyp gel! Şonuň ýaly işgär gerek» diýdi. «Ol daşarda garaşyp dur» diýip derrew alyp geldim. Şeýdip onuň bilen ol ýerde-de birnäçe ýyl bile işleşdik. Diýjek bolýanym iş başarsaň, il tanaýar. Oraz aga ýaly halk üçin hyzmat bitiren halypalary ýatlamak, olaryň köptaraplaýyn döredijiligini düýpli öwrenmek geljekki ýaşlar üçin uly mekdep — diýip gürrüň berdi. Makala çap bolansoň, ol: — Gürrüň berşim ýaly ýazypsyň — diýip, sag bol aýdyp jaň etdi. Şonda jogapkärçiligim hasam artdy. Halypalary diňläp ýazanyňda-da, beýan edişiň göwünlerinden turmasa olary ynjytmagyň gaty ahmaldygy hakynda pikirlendirdi. Ýöne bu ýagdaý bir tarapdan kämilleşdirýärem. Şondan soň Hemra aga ýolda-yzda sataşsa onuň bilen gürrüňdeş bolýas. Käte jaňlaşyp hal-ahwal soraşýas. Döredijilik adamlary bilen gürrüňdeş bolunsa söhbetdeşligiň edebiýata, sungata syryganyny duýman galýaň. Bir gezek onuň bilen jaňlaşanymyzda Çary (aganyň) Geldimyradowyň döredijiliginden söz açyldy. Şonda ol: — Çary «köne esger»-lerden galanlaryň biri. Ikimizem gazet işine iň pes işden başladyk. Ol Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Atajanow, Italmaz Nuryýew, Daňatar Berdiýew, Abdylla Myradow ýaly uly halypalaryň köpüsi bilen bile işledi, şolaryň mekdebini geçdi. Ýazyjylyk, žurnalistlik medeniýetini, redaktirlemek — jümläni jümle etmek sungatyny öwrendi. Çary ýazanyny okatdyryp başardýan ýazyjy. Terjimede eseriň asyl nusgasyna nähili türkmen sözleriniň laýykdygyny, eseriň asyl nusgasynyň haýsy akymdadygyny bilýär, şol eseriň žanr özboluşlylygyny saklaýar. Eseriň diňe wakasynda däl, her bir sözüň, jümleleriň oýnunyň aňyrsynda syrlar ýatyr. Ol terjimelerinde säwilikleri goýbermejek bolýar, yhlas edýär. Onuň ýazyjylyk ugurdan öz şowly eserleri bar. Diňe dil bezegi däl, ol gazet-žurnalyň ülňi bezegine-de ökde. 1992-nji ýylda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça ýurtlar arasyndaky bäsleşikde «Edebiýat we sungat» gazetiniň bezeg işleri üçin I derejeli diploma hem-de Hormat hatyna mynasyp boldy. Onuň her bir sahypany ýerbe-ýer bezemäge ökdeligi, ussat suratkeşler bilen tirkeşdi. Ol Aşyrberdi Kürtüň şägirdi. Çarynyň gülküli ownuk žanrlara ýüzlenip döreden degişmeleri metbugatda kän çykýardy. Ol Ilif bilen Ýewgeniý Petrow ikisiniň bilelikde döreden «On iki oturgyç», «Altyn göle» romanlary ýaly uly eserleri-de döredip bilerdi, ýöne nahalyň boý almagy üçin şert bolmaly. Onuň Mylly aga bilen garyndaşlyk ýakynlygy bar, belki, şonuň üçindir aýdym-saz sungatyna gowy düşünýär. Çarynyň adamkärçiligem gowudyr, ýüregi arassa — diýip baha berdi. Onuň şeýle täsirli gürrüňleri öz döredijiligi hakynda gyzyklanma döretdi. Onsoň ilki bilen onuň döredijiligi hakynda kärdeşleriniň dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda ýazan makalalaryny okadym. Döredijiligine uly hormat goýýan ýazyjylarymyň biri Ýazmyrat Şadurdyýewiň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1998-nji ýylyň 27-nji fewral sanynda çap bolan «Şahyryň gözlegi» atly makalasynda Ýazmyrat aga özüniň eýýäm 20 ýyl bäri tanyşlygynyň döredijilik gatnaşyklary bilen barha berkeýändigini aýdyp, Hemra Şirowyň döredijiligi hakynda:
«Edebiýat ylmynyň giňden öwrenilmegine garaşýan, şekillendiriş sungaty bilen şygyr sungatyna aralyk bu täze žanryň ilkinji gezek şahyr Hemra Şirowyň poeziýasynda peýda bolmagy tebigy zatdyr. Türkmen poeziýasy üçin bolsa ol sözüň doly manysynda açyşdyr. Hakyky döredijilik açyşy. «Edebi tilsimler» seýrek gabat gelýän sungatdyr. Olaryň aglabasyny şahyryň özi taslamak bilen, okyjyny şygyr sungatyna täzeçe garamaga çagyrýar. Täzeçil şygyr sungatyna ýykgyn etmek bilen, şahyr tilsimlerini birnäçe böleklere bölüp, şeýle atlandyrýar.1. Kerkaw, 2. Sütünli goşgular, 3. Şekil formasy, 4. Akrostih, 5. Düşüm goşgulary, 6. Abstraktizm, 7. Sýurrealizm, 8. Konstruktiwizm, 9. Barokko tilsimi we beýlekiler. Ýöne okyjylar entek özlerine känbir düşnüksiz bolan bu sözlere gözi düşüp, aljyrap oturmasynlar. Hemra Şirowyň «Edebi tilsimleri» ýokarda ady agzalan akymlardan ugur alsa-da, olar düşünip bolmaz derejede çylşyrymly däl. Özboluşly, emma düşnükli. Dogry, her bir goşgyny okamak üçin, onuň manysyna, formasyna akyl ýetirmek üçin mazaly pikir etmeli. Isleseň-islemeseň, kelle döwmeli. Ýöne bu özboluşly tilsimler kelle döweniňe degýär. Seniň döredijilik fantaziýaňy baýlaşdyrýar. Pähim açyşlaryna ruhlandyrýar. Edil küşt oýnundaky ýaly. Ep-esli pikir edip, iň soňundanam üýtgeşik, ýeňşe itergi berýän göçümi ýa-da kombinasiýany tapanyňdan soň sen ganatlanan ýaly bolýaň. Hemra Şirowyň «Edebi tilsimlerinde-de» hut şeýle duýgyny başdan geçirýäň. Ýagny, başda goşgynyň mazmunyna pähim ýetirýäň, soňra formasydyr beýan ediş usuly bilen tanyş bolýaň. Mazmuny bilen formasyny bir galyba salýaň. Netijede şygyr bilen şekil birigip, iki sungatdan täze bir sungat emele gelýär duruberýär» diýip, düşündiriş berýär. Ynha, şu ýazgyny okanymdan soňra Hemra Şirowyň döredijiligine bolan pikirim düýbünden üýtgedi. Elbetde, gowy tarapdan. Sebäbi öň men «Nesil» gazetinde işleýärkäm, kärdeşlerimiň käbirleri Hemra Şirowyň uly tomluklaryny okaýardy welin, dogrymy aýdaýyn, kitaplarynyň kütüligi üçin okamaga ýaýdanýardym. Soň ýöne, «Güneş» žurnalyna işe baranymda, Hemra aganyň bu redaksiýanyň işgärleriniň ýakyndan ýardamçysydygyna göz ýetirdim. Esasanam onuň ýatkeşligi güýçli eken. Gyssag arada haýsydyr bir surata degişli çagalar üçin ýazylan goşgy gerek bolsa, oňa jaň edip: «Pylan şahyryň şu zeýilli goşgusy bolmaly, haýsy kitabynda ýerleşýärkä, sözlerini deňeşdirjek bolýas» diýdigimiz, şol kitabyň haýsy ýylda, haýsy neşirýatda çykandygyny, goşgynyň ady bilen setirlerini ýatdan aýdyp bererdi welin, haýran galýardyk.
Bir gezegem ol redaksiýa goşgularyny getirdi. Şonda kärdeşlerimiziň biri: «Hemra agaň goşgularyna dörän aýdymlardan bilýäňmi?» diýip sorady. «Ýok» diýen äheňde baş atdym. Ol: «Saz has öňküden beter göçgünli bu gün Tansa çyk gara göz» diýip hiňlenip başlady. Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarowyň aýdýan «Tansa çyk!» atly aýdymydygy bada-bat ýadyma düşdi-de: «Gizleme menden, gizleme gülüm gara gözüňi. Tansa çyk, tansa, Tansa çyk tansa, Ýykma sözümi…» diýip aýdymyň dowamyna hiňlendim. «Bilýän ekeniňiz-ä, ol aýdymy?» diýip kärdeşim ýüzüme seretdi. Bu aýdym häzirki günlerde-de teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp duransoň sözlerini doly bilýän, ýöne Hemra agaň goşgusydygyny şu mahal sizden eşitdim» diýdim. Kärdeşim: «Kompozitor Aşyr Abdyllaýewiň sazyna şol aýdym 1984-nji ýylda döredilen. Görşümiz ýaly bu aýdym 40 ýyl bäri könelmän gelýär» diýip gürrüň berdi. Şol pursatdan soň Hemra aganyň döredijiligini has içgin öwrenmäge girişdim. Onuň «Başymyň täji Watan», «Ene dilim — eziz dilim», «Ruhy çyragym», «Türkmen ýoly» ýaly tele we radio gepleşiklerde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatyny goldap, gül Watanymyza söýgi, ata-baba aslymyza ygrarlylyk, ene dilimiziň tämizligini saklamak, ýaş nesliň terbiýesi, tebigata aýawly çemeleşmek, geçmiş mirasymyza sarpa goýmak ýaly wajyp temalardan çykyşlaryny yzygider diňleýärin. Diňledigiňçe-de onuň döredijiliginiň köptaraply aýratynlyklarynyň bardygyna göz ýetirmek bolýar.
Edebi gözleglere baý döredijiligi bilen okyjylaryň söýgüsini gazanan halypa Hemra Şirowyň eserleri Moskwada, Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Ýaponiýa ýaly dünýä ýurtlarynyň ençemesinde, goňşy-doganlyk halklaryň dillerine terjime edildi. Şeýle hem onuň özi goňşy-doganlyk halklaryň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini türkmen diline terjime edip, dünýä edebiýatyna uly goşant goşýan ýazyjylaryň biri.
2016-njy ýylda halypa ýazyjy Hemra Şirow «Gowy günler», «Orak möwsümi», «Tebigatyň gözleri», «Saýgak ýollary», «Bürgüt wepasy», «Ýöriş depleriniň ýaňy», «Oba barýan gyzjagaz» we beýleki hekaýalary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şonda ony mynasyp bolan Şa serpaýy bilen gutladyk. Ýakynda bolsa, söhbetdeşlige baranymyzda onuň şahsy arhiwi bilen tanyşdyk. Hemra aga gaty ykjam ýaşuly eken. Haýsy zat hakynda sowal berseň, şol hakynda jogaplary ýazgy görnüşde taýýarlanyp goýlan. Onuň terjimehaly, dürli ýyllarda neşir edilen kitaplarynyň sanawy, terjime eden eserleriniň, ýurdumyzyň ähli teatrlarynda sahnalaşdyrylan drama eserleriniň, metbugat sahypalarynda çap bolan makalalarydyr çeper eserleriniň, özi hakynda ýazylan makalalarydyr söhbetdeşlikleriniň sanawy hem ýazgylary aýry-aýrylykda kitap görnüşde jemlenip goýlupdyr. Öwrenäýmeli zat. Halypa suratkeş Timur Soltanmyradow ýazyjynyň dürli neşirýatlarda çap bolan kitaplarynyň sekiz sanysynyň bezeg işlerini ýerine ýetiripdir. Hemra aga şol kitaplaryny eline alyp, suratkeş Timur aga bilen döredijilik stilleriniň ýakynlygyny aýratyn buýsanç bilen nygtady. Hakykatdanam kitapdaky goşgularyň her haýsynyň temasyna görä özboluşly surat bezegleri bilen bezelşi eseriň many-mazmunynyň üstüni çeperçilik bilen doldurýar hem özüne çekiji gyzyklanma döredýär.
Hemra aga 1982-nji ýylda Orsyýediň Stawropol ülkesinde geçirilen Bütinsoýuz edebiýat günlerine işeňňir gatnaşandygy üçin Stawropol ülke komitetiniň, 1984-nji ýylda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanypdyr. 1978-nji ýylda ýangyn söndürijileriň durmuşyndan ýazan «Ody ýeňýän adam» atly oçerki bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolýar. 1980-nji ýylda Şatlyk gaz käninden ýazan «Mawy altynyň ýalkymy» atly oçerki üçin bolsa, bäsleşikde ýeňip «FED» fotoapparaty bilen sylaglanýar. Onuň döwürleýin metbugat neşirlerinde çap bolýan oçerkleridir makalalary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Şeýlelikde žurnalistik işinde görkezýän göreldesi üçin 1979-njy ýylda SSSR žurnalistler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Ol ýaşlykdan ýazýan çeper eseleri bilenem adygyp başlaýar. 1979-njy ýylda Ýaş ýazyjylaryň Moskwada geçirilen Bütinsoýuz maslahatyna gatnaşýar we şol ýerde Sergeý Mihalkow, Agniýa Barto bilen tanyşýar. Görnükli rus şahyrlary Ýegor Isaýewiň, Igor Lýapiniň, Ýewgeniý Ýeliseýewiň ýolbaşçylyk eden seminarlarynda ara alnyp maslahatlaşylyp, eserleri iň ýokary baha mynasyp bolýar. Moskwanyň «Detskaýa literatura» neşirýatynda kitap edip çykarmaklyga, şahyryň özi bolsa SSSR Ýazyjylar birleşmesiniň agzalygyna hödürlenilýär. Şeýlelikde 1980-nji ýylda Hemra Şirow SSSR Ýazyjylar birleşmesiniň agzalygyna kabul edilýär. 1983-nji ýylda A. Ahundowanyň terjime etmeginde «Bumažnyýe dwersy» atly kitaby 150 000 tiraž bilen Moskwada «Detskaýa literatura» neşirýatynda rus dilinde çap bolýar. 1994-nji ýylda bolsa, ol çagalar üçin iň göwy eserleri döredýän ýazyjy hökmünde Hajy Ysmaýylow adyndaky baýraga mynasyp bolýar. Ýazyjynyň eserlerini W.Orlow, A. Ahundowa, A. Smerdow, M. Çerdynsew, W. Mihanowskiý, A. Diýeji, A. Işçi, Ýasuko Tanaka, R. Waleýew, E.Bobrow, W. Belousow, N. Golowkin, L. Polowinkina we başga-da ençeme tanymal ýazyjy-şahyrlar dünýä dillerine terjime edipdirler. Ýazyjynyň özi bolsa, Daniel Harms, Eduard Uspenskiý, Ýazer Osmanis, Andreý Usaçýow, Tim Sobakin ýaly onlarça ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini, Robin Gud hakdaky iňlis halk balladalaryny Lermontowyň, Baýronyň käbir şygyrlaryny türkmen diline terjime edipdir.
Kärdeşleriniň ýazan makalalarynda: «Hemra Şirowyň hiç kimiňkä meňzemeýän özbaşdak duýuş, pikirleniş, beýan ediş aýratynlyklary bar. Munuň şeýledigini türkmen çagalar edebiýatyny öwreniş ugry turuwbaşdan ykrar edipdi» diýen jümlelere kän gabat gelmek bolýar. Onuň hakykatdan-da şeýledigine gürrüňdeş bolanyňda-da göz ýetirip bolýar. Ol: «Ençeme ýyllaryň dowamynda, dünýäniň dürli neşirlerinden ürç edip ýygnan bu «bolup bilmejek geň şekillerimiz» özüne şeýle bir imrindirdi welin, «Bu tilsimi çeper edebiýatda ulanyp bolmazmyka?» diýen pikir döredi. Netijede, ne goşgy, ne-de surat, ikisine aralyk, ýöne şol bir wagtyň özünde, belli bir many berýän, synlamaga-da ýaramly şekilleri döretmek başartdy. Olary ilki başda «Edebi şekiller» diýip atlandyrdym. Emma täze taslanan hokgalaryň hüý-häsiýetine doly kybapdaş däldigi üçin, bu ady soňra «Edebi tilsimler» diýip üýtgetmegi makul bildim. Şeýle at bilen edebi tilsimleriň 1-nji kitaby 1997-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap edildi. Şondan soňra döreden «Edebi tilsimlerimiziň» birnäçesi metbugat sahypalarynda çap edildi. 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda «Edebi tilsimleriň» sergisi guralyp, onda «surat goşgy» görnüşli bu eserlerimiň 16 sanysy görkezildi. «Edebi tilsimler» okalanda, «Iri harpdan ownuga», «Aşakdan ýokarlygyna», ýa-da «Ýokardan aşaklygyna», «Dürli görnüşli», «Synlap düşünilýän görnüşli» döredilen. «Edebi tilsimleriň» bir bölegi 2000-nji ýylda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde guralan «EKSPO — 2000» halkara sergisiniň «XX asyryň ýeten edebi derejesi» atly pawilýonynda, ýanynyň sözme-söz terjimesi bilen, aýry-aýry surat görnüşinde görkezildi. Internetde yglan edildi» diýip gürrüň berdi.
Ýazyjy uly halypalaryň biri. Ýaşlaryň ençemesiniň kämilleşmeginde onuň uly hyzmaty bar. Ol «Şygyr ussahanasy» atly uly göwrümli edebi gözleglerini 1992-nji ýylda ýazmaga girişdi. 2008-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Režissýorçylyk we teatry öwreniş» kafedrasynda mugallymçylyk edip, «Daşary ýurt edebiýaty», «Daşary ýurt dramaturgiýasy», «Türkmen dramaturgiýasy», «Dramaturgiýanyň teoriýasy», «Dramaturgiýanyň esaslary», «Döredijilik psihologiýasy», «Daşary ýurt žurnalistikasy», «Prodýuserçilik» ýaly derslerden talyplara sapak berdi. Ol mugallymçylyk işini öz döredijiligi bilen utgaşykly alyp bardy. 1981-1993-nji ýyllarda «Magaryf» neşirýatynda çagalar edebiýaty bölüminiň redaktory bolup işlän ýyllarynda halypa ýazyjy-şahyrlaryň hemem onlarça ýaş ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini redaktirledi. Ýaşlaryň adykmagy üçin, maslahatlary bilen goldady. Hemra aga gaty gönümel ýaşuly, ýöne edebiýat üçin arassa pikirli ýazyjy. «Iňlis, fransuz, nemes, portugal, ýapon, hytaý dilleri ýaly köpçülikleýin ulanyşdaky dilleri bilmeýänime juda gynanýan. Öz diliňi suwara bilmekden ötri, başga dilleri-de ykjam öwrenmeli. Başaryp bilseň, şol dillerde eser ýazyp, dünýä edebi gaznasyna aralaşmak, halkara okyjysyna terjimeçä bagly bolman göni ýetmek mümkinçiligini tizleşdirerdi.Ýaş galamdaşlara tüýs ýürekden aýdýan. Başga dillerde-de eser ýazyp bilýän, dünýä edebiýatyna batyrgaý aralaşýan türkmen ýazyjylary dörese, olar ýurdumyzyň edebi abraý-mertebesini has belende götererdi. Gelejekde şeýle boljakdygyna ynanýaryn» diýip, mundan on-on bäş ýyl öň söhbetdeşliklerimiň birinde öz pikirimi aýdypdym. Gowy eser döretmek üçin taňry beren zehininden kän-kän edebi başarnyklar zerur. Okuwçy düzmesi ýaly wakany ýöntem beýan edijilikden daş durmaly. Beý diýsem, okuwçy düzmesine şek ýetirdigim däl. Okuwçy ýaşy üçin ol juda bolýar. Ýöne professional ýokary derejeli edebiýat üçin welin özboluşly beýan, ahwal täsinligi, sagdyn edebi gurluş, haýsy stile ýa-da akyma degişliligiň aýyl-saýyllygy ýaly talaplaryň pugta berjaý edilmegi zerur. Onsoň hem, dünýä edebiýatynyň belent ülňülerine laýyk eserleri döretmäge ymtylmaly. Ol ülňüler islendik halkdan çykan ýazyjy-şahyr üçin-de şol bir üýtgewsiz talaplygynda galýar. Şeýle hem häzirki döwür dünýä edebiýatyny içgin öwrenýän bilermenler tarapyndan döredijilik adamsynyň öňünde goýlan esasy üç şerti unutmaly däl. Olar «Döreden eseriň bilen haýran galdyr! Okadyp başar! Täzelik getir!» diýen şertler» diýdi. Ol juda köp okaýan bolmaly. Daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň atlaryny, eserlerini şänik döwen ýaly edip gürrüň berýär welin haýran galýaň. Gürrüňdeşligimiziň arasynda onuň terjimehaly bilen gyzyklandyk. Ol:
— Men 1950- nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda kakam Şir Weliniň (1920-1986), ejem Sähra Allanazar gyzynyň (1930-1996) maşgalasynda doglan. Ikinji çaga. Özümden uly doganym çagaka ýogalansoň, şoň adyna ýanalyp maňa Hemra ady dakylan. Kakam öz döwründe sowatly adam bolupdyr. Obanyň mekdepleşdirilmeginde uly hyzmat bitiren adamlaň biri. Ol ilki Kerkiniň peduçilişesinde, soňra Täjigistanyň Rudaki adyndaky pedagogiki institutynyň Taryh geografiýa fakultetini tamamlaýar. Beýik Watançylyk urşuna başdan-aýak gatnaşýar. Harby çini kapitan. Ençeme orden- medallaryň eýesi. Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigi. Maşgalamyzda özümden kiçi dört inim, üç uýam bar.
Men 4-nji synpda okaýan döwürlerimden başlap çeper döredijilik bilen gyzyklanyp, gazet-žurnallarda çykyş edip başladym. Ilkinji goşgularym 1964-nji ýylda «Mydam taýýar» gazetinde we «Pioner» žurnalynda çap bolup başlady. 1967-1972-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okadym. 1972-1974-nji ýyllarda Kamçatka ýarym adasynda harby gullukda bolup, leýtenant çininde ofiser bolup gulluk etdim. Gullukdan gelemsoň «Pioner» žurnalynyň, «Ýaş kommunist» gazetiniň redaksiýalarynda işledim. Ilkinji kitabym 1978-nji ýylda «Jeňňel ýodasy» ady bilen «Magaryf» neşirýatynda çap boldy. Şondan soňra «Guş hiňňildigi», «Towşan yzlary», «Meni mekdebe ýazyň», «Ýaşyl kitap», «Kagyz gapylar», «Mukaddes çörek», «Daljygan at», «Jadygöýüň ýolkasy», «Maýmyna öwrülen oglanjyk», «Pul toplaýan pişik» ýaly şygyr we kyssa kitaplarym körpe okyjylara ýetirildi. 1972-nji ýylda Dürli Allakowa bilen durmuş gurduk. Dürli ýokary bilimli ýurist. Iki gyzymyz, bir oglumyz, dört agtygymyz bar. Galan maglumatlarym hakynda arhiw ýazgylarymdan öwrenäýersiňiz» diýip gürrüň berdi.
Ýazyjynyň iň gowy goşgularydyr poemalaryny özünde jemleýän «Saýlanan eserleriniň» bir tomlugy 1992-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap edilýär. Onuň 1983-nji ýylda uly ýaşly okyjylar üçin «Düýnüm. Şu günüm. Ertäm» atly kitaby, 1993-nji ýylda «Söýgä sygyn», 2009-njy ýylda «Abeskin adasy», «Uçudyň gyrasynda», «Ýabany adamyň gözleginde» atly kitaplary, 2013-nji ýylda «Ýolaýryt», 2014-nji ýylda «100 hekaýa», 2016-njy ýylda «Gün bilen gürleşýän adam», «Atalaryň takdyry», 2017-nji ýylda bolsa «Dogdul depe» ýaly şygyr we kyssa ýygyndylary hem çap edildi. Dramaturg ýazyjynyň «Akpamyk we döwler» atly eseri 1984-nji ýylda, (sazy Daňatar Hydyrowyňky); «Beset bilen Depegöz» atly eseri 1996-njy ýylda, (sazy Baýramdurdy Hudaýnazarowyňky); Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda, 1986-njy ýylda «Göroglynyň yzlary» eseri, (sazy Rejep Rejebowyňky), Daşoguzyň sazly drama teatrynda sahnalaşdyryldy. 1987-nji ýylda öňki Ýaş tomaşaçylar teatrynda sahnalaşdyrylan «Jadygöýüň agyryly dişi» atly eseri bolsa häzirki wagtda-da sahnadan düşmän gelýär. Türkmen döwlet gurjak teatrynda 2009-njy ýylda «Ýartygulak», 2010-njy ýylda «Alýaňak», 2013-nji ýylda «Ýeserje güjük», 2014-nji ýylda «Öweý eje» atly eserlerini režissýor Ylýas Durdyýew sahnalaşdyrdy.
Hemra Şirowyň goşgularynda goşa mazmunly — hem çagalara, şonuň bilen birlikde-de, ulular üçin ýazylan ýaly goşgular az däl. Hemra aganyň döredijiligine ser salanyňda onuň dürli temalardan eserler ýazýandygyna göz ýetirip bolýar. Onuň tebigat gözelliklerine bolan söýgüsi çäksiz uly. Bu babatda sowal berenimizde ol: — Babama Allanazar awçy diýerdiler. Amyderýanyň ýakasyndaky, «adam aýagy sekmedik» diýilýän gürgümme jeňňelliklerde, şonuň ýanynda bolup, tebigat gözellikleri gözümize siňip ulaldyk — diýip düşündirýär.
Onuň önümçilik temasyndan ürç edip ýazýandygyny ýa-da taryhy wakalarada ýüzlenýändiginden okyjylaryň habary bardyr. Şular dogrusynda gyzyklanamyzda bolsa ol: — Önümçilik temasyndan ýazmak kyn. Örän eserdeňlik bilen ýazmasaň, eseriň makala ýa-da oçerke çalym edäýýär. Bu ulgam barada ýazmak welin gerek. Ýurdumyzyň nebit-gaz işgärleriniň, gurluşykçylarynyň, önümçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýänleriň bitirýän ägirt işleri barada okap, yzdan gelýän ýaş nesil zähmet terbiýesini alýar, olarda ýurdumyzyň bol-telki durmuşyny üpjün edýän adamlara bolan buýsanç duýgusy döreýär. Gazçylaryň durmuşyndan «Çölüň ruhy» atly powesti ýazdym. Soňky ýyllaryň dowamynda «Tumar şa», «Nedir şa», «Soňky söweş», «Nejmeddiniň ýyldyzy», «Isgenderiň hazynasy» ýaly taryhy ahwallara bagyşlanan powestleri ýazdym» diýip döreden eserleriniň käbirlerini ýatlady. Ýazyjynyň teatrlarda sahnalaşdyrylan drama eserleriniň käbirlerine özümizem tomaşa etdik. Ol «Meýlis», «Gyzyl mergi», «Ölen döwüň dyrnagy», «Döw, Kelje we gär geçi», «Pişik batyr we onuň gelni», «Gedem horazjyk», «Işýakmaz gurbaga», «Itleriň durmuşy» we başga-da onlarça drama eserleriň awtory. Onuň «Ruhdan düşmäň!» atly dramasy 1988-nji ýylda SSSR Medeniýet ministrligi tarapyndan satyn alnyp, Moskwada kitap bolup çykypdyr.
Hemra Şirowyň ömri we döredijiligi dünýewi mekdepleriň 4-nji synpynyň «Edebiýat» sapagynda, mekdep programmasynda öwredilýär. (OraztaganowA.; Garaýew N.; Ýa.Türkmen edebiýaty: (IV synp üçin okuw kitaby — hrestomatiýa: H. Şirowyň biografiýasy, portreti, «Döw, Kelje we gär geçi» atly dramasy. Dünýewi mekdepleriň okuw programmasyna laýyklykda).
Hemra Şirow elmydama gözleýän, edebiýat meýdanynyň tämizligi ugrunda barlyşyksyz göreşýän ýazyjy. Ýazyjynyň döredijiligi barada belli ýazyjy-şahyrlardyr edebiýaty öwrenijiler: A. Bekmyradow, W. Pu, O. Kuzmin, Ýe. Isaýew, S. Mihalkow, S. Hydyrow, A. Mämmedow, D. Nuralyýew, K. Taňrygulyýew, G. Seýitmedow, K. Nurbadow, M. Söýegow, G. Daşgynow, Ş. Kerimowa we beýlekiler döwürleýin metbugatda düýpli makalalar bilen ençeme gezek çykyş etdiler.
Ýazyjynyň arhiwinde okyjylardan gelen hatlar aýratyn hormat bilen saklanýar. Ol her ýyl ýazyjynyň eserleriniň özlerinde galdyran täsirleri, okuwlarynda durmuşlarynda arzuw-islegleri barada beýan edilip ýaşlardan gelen ýüzlerçe hatlar. Her bir okyjynyň awtor bilen pikirini paýlaşmagynyň özi halypa-şägirtlik gatnaşygynda buýsançly ýagdaý. Şu pursat Hemra Şirowyň «Garagum» žurnalynyň 2023-nji ýylyň 3-nji sanynda çap bolan «Ýazmasy kyn žanr» atly makalasy ýadyma düşdi. Şol makalada: «…Döredijilik dünýäsini içgin öwrenýän bilermenleriň aýtmaklaryna görä, her bir žanryň, şol sanda dramaturgiýa žanrynyň özüne mahsuz özboluşly dili bar. Ine, şol özboluşlylyk hem žanry biri-birinden parhlandyrýan, olara şahsylyk öwüşginlerini çaýýan alamatlaryň iň esasylarynyň biridir.
Ýeri gelende aýtsak, dil özboluşlylygy žanrlary biri-birinden parhlandyrmak bilen çäklenmän, edebi akymlaryň, stilleriň döremeginde-de örän wajyp ähmiýete eýedir. Eýsem, eseriň diliniň çeper hem-de özboluşly bolmagyny nähili gazanmaly? Asla, çeper dil bilen adaty diliň tapawudy nämelerden ybarat? Bu sowallar gadymy döwürlerden bäri ýazyjy-şahyrlary, edebiýaty öwreniji alymlary, tankytçylary, durmuşda duşýan dürli ulgamyň hünärmenlerini gyzyklandyrypdyr. Netijede köçe dili, jemgyýetçilik-syýasy dil, ylmy dil, dini-ylahy dil, tilsimat— görkezme häsiýetli dil, edebi-çeper dil, publisistik-pelsepewi dil, habar-maglumat dil, žurnalistik dil, tankydy dil, ýumoristik dil, žargon käýinç häsiýetli dil… ýaly bellibir ulanylýan ulgamyna görä, ençeme görnüşlere bölünipdir…» diýip, aýyl-saýyl edip düşündirilýär welin, awtora halypalyk maslahatlary üçin çäksiz sag bolsunlar aýdanyňy duýman galýaň.
Hemra Şirow ussat bagbanam eken. Onuň bu ugurdaky baý tejribesi bilen bagly ylmy derejesindäki gyzykly gürrüňleri aýratyn ýazylmaly tema. Ýazyjynyň döredijiligi hakynda-da, täsin gürrüňlerini-de bir makalada beýan etmek mümkin däl. Şonuň üçin oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala bitinligini hemem döredijilik üstünliklerini arzuwlap, häzirlikçe makalamyza nokat goýýas…
Akgül Saparowa.