DÜNÝÄ

Türkiýäniñ merjenleri

Türkiýe – tebigy gözelliklerini şanly taryhy bilen utgaşdyrýan we bularyñ ählisini sahylyk bilen hödürleýän ýurtdyr! Türkiýe deñsiz-taýsyz ýerleri bilen myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar.

Gündogar bilen Günbataryň çatrygynda ýerleşýän Türkiýe, hemmelere ýüzlenmek bilen däp-dessur bilen döwrebabyñ, şeyle hem köne bilen täzäniñ sazlaşygyny hödürleýär. Türkiýe – haýran galdyryjy tebigy gözellikleriñ, geografiki ajaýyplyklary bilen müñlerçe ýyllyk taryha şaýatlyk edýän baý arheologiki ýerleriñ, şeyle hem Osman Imperiýasynyñ täsin taryhy desgalarynyñ mekanydyr.

Stambul – täze tendensiýa

Hereketliligini gorap saklaýan medeni durmuş ýörelgesi, ägirt uly taryhy mirasy, ajaýyp gastranomiýa tejribeleri we her ädimde aklyňy haýran edýän peýzažlary… Gündogar Rimiñ we Osman Imperiýalarynyñ taryhy paýtagty bolan Stambul şäheri, häzirki zaman medeniýetini gadymy däp-dessurlar bilen utgaşdyryp, bize ajaýyp nusgada şekillendirýär. UNESCO-nyñ medeni miras sanawyna girizilen Gündogar Rimiñ we Osman Imperiýalarynyñ sosial we syýasy merkezi bolan Taryhy Ýarymada, şäheriñ taryhy baýlyklarynyñ hem-de täsir galdyryjy binagärliginiñ aýratynlaryklaryny görmek üçin ajaýyp ýerleriñ biri bolup durýar. VI-njy asyra degişli Aýasofýa metjidi özüniñ ullakan gümmezi hem-de reñkli mermer sütünleri arkaly diýseñ añsat tanalýar. Soltan Ahmet metjidi bolsa, alty sany minarasy bilen kaşaňlygyny äşgär edýär. XV-nji asyryñ patyşalarynyñ öýi bolan Topkapy Köşgi hem öz gezeginde, size Osmanly zynatyny we ajaýyp howlylaryny mistiki haremi bilen görme pursadyny döredýär. VI-njy asyrdan galan Bazilika Sisternasyna baranyñyzda hem jadyly syýahat size garaşýar.

Halijiñ (Altyn şah) garşysyndaky dik eňňidiñ ahyrynda Galata Diňi (Başnýa) ýerleşýär. 1348-nji ýylda bina edilen Galata Diñi, asyrlar boýy şäheriñ iñ uzyn desgasy bolan. Başnýanyñ ýokarky balkony, häzirki wagtda hem şäheriň 360 (gradus) dereje ajaýyp görnüşini gelýänlere hödürleýär.

Isleseñiz, bu örän owadan şäheri, meşhur Gyz Diňini, Bosfor kenaryndaky willalary we patyşalaryň tomusky rezidensiýalaryny kontinentara gämi syýahatynda ýa-da Bosfor gezelenjinde hemme taraplaýyn görüp bilersiňiz. Emma Stambulyň deňiz bilen arabaglanşygy diňe Bosfor bilen çäklenmeýär. Aňsatlyk bilen baryp bolýan parom gatnawlary arkaly ýakymly syýahat edip, Şazada Adalaryny görüp bilersiñiz we bu köp adamly şäherden az wagtlyk hem bolsa gaçmana pursat tapyp, tebigat bilen ýeke galyp bilersiňiz.

Stambul şäheri-tolgundyryjy we tükeniksiz güýmenjelere baý şäher. Ol şäheriň döwrebap tarapyny, ajaýyp sungat eserlerini, ýerli tagamlaryň syrly taýýarlanyş usullaryny, Aziýa bilen Ýewropanyň birleşmeginden täsirlenen moda we desga dizaýn eserlerini witrina ýaly sergileýär. Ýylda bir gezek geçirilýän çäreler üçin film, aýdym-saz, jaz, sahna sungaty, moda we beýlekilerden ybarat bolan Stambulyň tutuş ýyl boýunça dowam edýän çäreleriñ we festiwallaryň ýyl senenamasyny deñiñizden geçirmäň.

Kapadokiýa: Erteki deý ýer

Kapadokiýanyň gaýaly ilatly ýerleri, dünýäniñ iň adatdan daşary tebigy landşaftlaryna eýe bolup durýar. UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda öz ornuny tapan şol şäherçe, täsin taryhy ähmiýeti we ajaýyp tebigy gözellikleri özünde jemleýär.

Merkezi Anadoly sebitinde ýerleşýän Kapadokiýa özüniñ gowaklary, çukurlary, depeleri, “peri bajalary”1, ýeliñ we eroziýanyñ emele getiren ýumşak wulkan gaýalaryndaky gatlaklary bilen haýran galdyrýar. Ilki başda Hititleriň ýaşan ýeri bolan Kapadokiýa, taryhyñ dowamynda Anadolyda mesgen tutan ähli siwilizasiýalaryñ mekanydyr. Häzirki wagtda hem käbir ýerli ilatyñ bir bölegi, henizem tuflar arkaly oýulan gowak öýlerde ýaşaýarlar, käbir gowak jaýlar bolsa, myhmanhanalara öwrülen. Bu gowak myhmanhanalarynyň birinde galmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

Kapadokiýanyň ýerasty şäherleri Anadolyda ilkinji patyşalygy esaslandyran Hititleriň we Irki Hristianlaryň mekany bolan. Adamlaryň wagtal-wagtal gaçybatalga hökmünde ulanan Gaýmakly ýa-da Derinkuýu ýaly ýerasty şäherleri, müňlerçe adamyñ doly gizlinlikde ýaşamagyna mümkinçilik berdi.

Hristiançylygyň ýaýramagynda möhüm dini merkezleriñ biri bolan Göreme açyk howa muzeýi we Yhlara jülgesi, diwar suratlarynyň we gaýalara oýulan kiçijik buthanalaryñ ajaýyp nusgalaryny görkezýär.

Janly tebigatyň hödürleýän jadylaýjy peýzažyñ jümmüşine girip, Yhlara jülgesine hem baryp görüñ. Daňyň atmagyny synlamak üçin jeep safari (ýeñil awtoulagly) gezelenjine çykyñ ýa-da gün ýaşanda asuda asmanyň öwüşginlerine tomaşa ediň. Özboluşly tejribe toplaryn diýseñiz, gyzgyn howa şary arkaly amala aşyrylýan gezelenje çykyp, görenleri geñ galdyrýan peýzažy synlap bilersiñiz. Dört müň ýyllyk taryhy bolan senetçiligi özleşdirmek isleseňiz, Awanosda ýerleşýän küýzegärçilik ussahanalarynyñ hünär okuwlaryna gatnaşyp bilersiñiz.

Has takyk maglumat almak üçin: https://goturkiye.com/

Ýene-de okaň

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

Tramp işewür Maska täze hökümetde iş teklip etdi

Özbegistan howa ýitgileri we zyýany boýunça halkara merkezi döretmegi teklip etdi

Täjigistan 2037-nji ýyla çenli dolulygyna “ýaşyl” ýurt bolar

Ata Watan Eserleri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatdaky ulag forumyna çagyryldy