Bereketli sähralaryň, geriş-geriş daglaryň, bol suwly deňiz-kölleriň mekany bolan gözel ýurdumyzyň tebigatyna syýahat etseň, dürli-dürli täsinliklere gabat gelýärsiň. Şeýle tebigy täsinlikleriň hatarynda örän gadymy döwürlerde emele gelip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten patlawuklaryň aýratyn orny bar. Bu barada “Türkmenistan” gazetindäki makalada bellenilip geçilýär.
Gojaman Hazaryň kenarlarynda patlawuklaryň 200-den gowragy bolup, olaryň 40-a golaýy deňziň türkmen böleginiň kenarlarynda — uzynlygy 300 km, ini 100 km aralykda emele gelendir. Bu ýerlerde neogen zamanynda laý, gum-daş, palçyk bilen hekiň garyndysy, çägesöw toprak ýaly deňiz çökündilerinden ybarat bolan ägirt uly giňişlikdäki çöketlik döräp, patlawuklaryň emele gelmegine amatly şert bolupdyr. Şeýle çökündilerden emele gelen çöketlikde ýeriň üstki gatlaklarynda ýokary derejeli basyş döräp, ýerasty suwlary, läbikleri herekete getirýär. Basyşyň netijesinde şol maddalar ýolunda duş gelýän jynslary sarsdyryp, jaýrykdan ýokarlygyna hereket edip atylýar. Dürli dillerde «Wulkan» diýlip atlandyrylýan patlawuklar, ylmy dilde aýdylanda, magmalaryň (läbik topragyň) gyzmagy netijesinde ýeriň tektonik gatlagyndaky jaýryklardan laýlaryň, daşlaryň, gazlaryň ýer gabygynyň ýüzüne atylyp çykmagy bilen emele gelýän geologik şekillerdir. Olar görnüşi boýunça galkan, konus we gümmez görnüşli toparlara, işjeňligi boýunça hereket edýän, ýatan we sönen (öçen) ýaly toparlara, ýerleşişi boýunça ýerüsti, suwasty görnüşlere bölünýär.
Ýurdumyzyň günbataryndaky patlawuklaryň iň gadymylarynyň biri hem Esenguly etrabynyň çägindäki Boýadag patlawugy bolup, alymlaryň çaklamagyna görä, onuň döreýşi has gadymy döwürlere, ýagny Sarmat eýýamynyň ortalaryna degişlidir. Taryhdan bilşimiz ýaly, mundan onlarça million ýyl ozal, Sarmat eýýamynyň ortalarynda Ýer ýüzüniň köp bölegini eýelän äpet deňiz çekilip, kiçelip ugraýar. Şol sanda häzirki Türkmenistanyň we onuň töwerekleriniň çägini örtýän suwlar hem çöketliklere tarap çekilip başlaýar.
Hazaryň kenarlaryndaky läbik patlawuklar hem Ýer gatlagyndaky nebitiň we gazyň güýçli basyşy arkaly ýokardaky ýaly tebigy hadysalaryň netijesinde ýeriň ýüzüne ýa-da deňziň içine köp mukdarda maddalaryň, suwuk läbigiň çykmagy bilen emele gelendir. Bu hadysanyň gury ýerde dörän halatynda şol läbikler beýikli-pesli dürli görnüşli depeleri emele getiripdir. Ýokary basyşyň, güýçli zarbanyň netijesinde emele gelen patlawuklaryň göwrümi hem uly bolýar.
Bu läbik patlawuklary ilkinji bolup, ХVIII asyryň aýaklarynda — ХIХ asyryň başlarynda rus alymlary F.Maýewskiý, biraz soň bolsa K.Kaliýskiý, W.Weber, S.Kowalewskiý dagy ylmy taýdan öwrenipdirler.
Türkmenistanyň geologik ýerleşişini öwrenmäge uly goşant goşan, şol wagtky SSSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi, dünýä geologiýa ylmynda giňden meşhur bolan, belli rus alymy I.M.Gubkin (1871 — 1939) hem Hazaryň kenarlarynyň läbik patlawuklaryny öwrenmek bilen, nebit ýataklary şol ýerlerden gözlense, netijeli boljakdygyny subut edýär.
ХХ asyryň ortalaryndan başlap, türkmen alymlary hem deňziň günorta-gündogar kenarlaryndaky läbik patlawuklary öwrenmäge içgin girişip başlapdyrlar. Olar bu çäklerde Barsagelmez, Gamyşlyja, Gögerendag ýaly ýerasty we ýerüsti patlawuklary hasaba alypdyrlar. Alymlar läbik patlawuklarynyň, esasan, nebit ýataklarynyň bar bolan ýerinde döräp, dürli ýerasty baýlyklar bilen baglanyşykly emele gelýändigini subut edýärler. Bu babatda belli geolog, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty N.O.Nazarow saldamly işleri amala aşyrýar. Ol Hazaryň türkmen böleginiň kenarynda ýerleşen läbik patlawuklarynyň kartasyny çyzyp, olaryň 30-dan gowragy barada maglumatlary beýan edýär. Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty A.G.Buşmakin we başga-da ençeme alymlar bu tebigy täsinlikleri öwrenmekde ylmy-derňew işlerini geçiripdirler.
Alymlar patlawuklarda, esasan, metan gazynyň, az mukdarda bolsa inert gazlarynyň, olaryň şor suwunyň düzüminde ýod, brom ýaly birnäçe himiki elementleriň bardygyny tassyklaýarlar. Patlawuklara salgylanmak arkaly hünärmenler tarapyndan bu ýerlerde geçirilen geologik barlag işleriniň netijesinde nebitdir gaz ýataklarynyň ençemesi tapylyp, bu künjek ýurdumyzda nebit we gaz öndürmekde iň esasy orna eýe boldy.
Häzirki wagtda Hazaryň kenarlaryndan gündogar tarapda, biraz uzagrakda galan gadymy Boýadag patlawugynyň töweregi bolsa ýod-brom elementlerine iň baý ýataklaryň biri hasaplanýar. Şonuň üçinem bu ýerde 1969-njy ýylda ilkinji gezek ýod zawody gurlup, häzirki güne çenli ondan müňlerçe tonna ýod we brom önümleri alyndy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, geljekde hem bu künjegiň ýerli çig malyndan giňden peýdalanmak göz öňüne tutulýar.