Ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.
Milli halyçylyk sungatynda türkmen halkynyň maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly häsiýetleri jemlenýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryndaky haly gölleri türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini, milletimiziň paýhasyny we ajaýyplyga bolan yhlasyny hem-de özboluşly sazlaşygyny äşgär edýär.
Türkmen halylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Türkmen el halylary köplerde uly gyzyklanma döredýär. Olar köpöwüşginliligi bilen paýtagtymyzyň iri muzeýlerinde we häzirki zaman çeper halyçylyk kärhanalarynda görkezilýär. Türkmen halylarynyň ajaýyp gözelligi we olaryň ýokary hil derejesi dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy. Pariž, Monreal, Leýpsig, Brýussel, Ženewa, Maýn boýundaky Frankfurt şäherlerinde geçirilen halkara ýarmarkalarda türkmen halylary köp sanly baýraklara mynasyp boldy.
El haly sungatynyň ussatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň döredijilik ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýärler. Suratkeş-bezegçileriň taýýarlan nusgalary esasynda dokalýan owadan halylar ýurdumyzda gurulýan bilim we sport edaralarynyň, myhmanhanalaryň, saglygy goraýyş düzümleriniň we beýleki binalaryň baş bezegine öwrülýär. Häzirki zaman dokma önümçiligi kärhanalarynda halylaryň ajaýyp görnüşleri dokalýar. Olar özleriniň özboluşlylygy bilen hökümet edaralaryny, medeniýet merkezlerini we muzeýleri bezeýärler.
Haly sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary gurulýar. Olarda halyçylaryň netijeli zähmeti we amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Häzirki zaman haly önümçiliginiň sergisiniň çäklerinde, “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gadymy däpler bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlan haly önümleri görkezilýär. Bu döwrebap toplumda 2016-njy ýyldan bäri, dünýäniň köp ýurtlarynda uly islegden peýdalanýan haly önümleriniň giň görnüşleri taýýarlanýar. Şeýle hem häzirki döwürde diňe gadymy el halylaryna däl, eýsem, emeli ýüplükden taýýarlanýan haly önümlerine bolan islegiň hem artýandygyny bellemeli.
Türkmen el halylary dünýäde ähli döwürlerde ägirt uly çeperçilik gymmatlyk we zehin siňdirilip dokalan sungat hökmünde uly islegden peýdalanýar. Olaryň gadymy nusgalary dünýäniň dürli ýurtlarynyň belli muzeýleriniň, sergi we çeperçilik zallarynyň esasy gymmatlyklaryna öwrüldi. Türkmen halylary milli gymmatlyga gadyr goýýanlary haýran galdyryp, dünýä ýüzünde uly şöhrata eýe boldy. Olar ajaýyp sungatyň inçe syrlaryny asyrlardan we müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Türkmen halyçylyk sungaty dünýäde gadymy döwürlerden bäri ýokary gymmatlyk, ajaýyp sungat hökmünde görülýär. Bu ajaýyp halylaryň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynda türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoluna möhüm orun degişlidir. Ol dünýä taryhynda öçmejek yz goýdy. Häzirki döwürde bu gadymy ugur döwrebap derejede dikeldilýär hem-de ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Halyçylyk sungatynda bolsa milli mirasyň baý däpleri we häzirki zamanyň tehnologiýalary utgaşdyrylyp, onuň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmen halysynyň milli muzeýinde özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan äpet haly saklanýar. Umumy meýdany 301 inedördül metre, agramy bolsa 1 tonna 200 kilograma barabar “Altyn asyr” halysy dünýäde elde dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da, türkmen halyçylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna halyçylyk ulgamynyň taryhynda iň uly, 378 inedördül metr el halyny dokadylar.