Ýurdumyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlary öňe sürüp, adalatly ýörelgä yzygiderli eýerýär, şoňa laýyklykda, suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýar, arassa içimlik suwuň elýeterliliginiň adalatly şertleri bolsa her bir adamyň esasy hukugydyr. Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, yzygiderli çykyş etmek bilen, bu meseläniň ýurtlaryň her biriniň bähbitlerini nazarda tutup hem-de abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda çözülmelidigini hemişe beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine onlaýn tertibinde gatnaşmagy hem aýdyň subutnamasydyr. ürkmenistan soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, “Rio+20” sammitinde, beýleki möhüm forumlarda, şol sanda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda anyk başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi.
Suw – janly- jandaryň, ynsanyň ýaşaýşy üçin hem iň gerekli zatlaryň biridir. Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok. Şonuň üçin suwa ýaşaýşyň gözbaşy hökmünde garalýar.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ýurdumyz Güneş çoguna baý ýurt. Ýylyň ähli paslynda diýen ýaly, ol öz ýyly şöhlesini bereketli topragymyza bolluk bilen saçýar. Jöwzaly tomsumyzda bolsa, suwa teşnelik artýar. Şonuň üçin suwuň gadyry asyrlar dowamynda bilnip gelipdir. Suw ýedi hazynanyň biri hasaplanypdyr. Ata-abalarymyz suwuň damjasyny altyna deňäp: ”Suw damjasy-altyn dänesi” diýipdirler. Olar suwuň adam ýaşaýşy üçin ähmiýetiniň örän ýokarydygyna göz ýetiripdirler. Asyrlaryň dowamynda agyz suwuny-da, maldarçylyk, ekerançylyk üçin gerek bolan suwy hem örän tygşytly ulanypdyrlar. Muňa degişli döredilen: “Suwly ýer gül, suwsyz ýer çöl”, “Suw hasylyň enesidir”, “Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz – rehnet”, “Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il”, “Suw her zady päklär”, “Suwsyz ýer – gysyr mal” ýaly nakyllardyr atalar sözleri halkymyzyň suwa mukaddeslik hökmünde garandygyna şaýatlyk edýär.
Suw adam bedeni üçin hem peýdalydyr. Suw iýmitiň siňdirilmegi, myşsalaryň gysylmagy, kislorod we ýokumly maddalary beden öýjüklerine daşamak, bedeni galyndy materiallaryndan arassalamak we bedeniň temperaturasynyň deňagramlylygyny saklamak üçin zerurdyr. Mundan başga-da, iç gatamagynyň öňüni almak, deriniň çyglylygyny goramak, bedende toplanan artykmaç ýaglary aýyrmak we bedende suw ýygnamagynyň öňüni almak üçin her gün ýeterlik suw içmeli.
Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, adam günüň dowamynda iki-üç litr suw içmeli. Esasan-da yssy howalaryň aralaşmagy bilen gaýnadylyp sowadylan suw içmek maslahat berilýär. Sebäbi gaýnag suw bedende madda alyş-çalşygy güýçlendirýär. Bularyň hemmesi adam saglygyna suwuň örän peýdalydygyny aýdyň görkezýän delillerdir.