Gysgajyk gutlag: Bütin ýer ýüzüne, dumly-duşa, çar tarapa janlylyk, işjeňlik, hereketlilik getirýän bahar paslynyň gelmegi bilen enelerimiziň, ejelerimiziň, bajylarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň, mahlasy, tutuş zenanlarymyzyň baýramy başlanýar… Özem bu baýram älem jahanda halkara derejesinde gutlanylýan özboluşly baýram. Pursatdan peýdalanyp, bütin aýal-gyzlarymyzy halkara baýramçylyk güni bolan 8-nji mart baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Olara saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Bu dünýä bilen hoşlaşan enelerimiziň, ejelerimiziň, aýal doganlarymyzyň, aýal-gyzlarymyzyň-da ýatan ýerleri ýagty, ruhlary şat bolsun!
Baýramçylyk günleri mynasybetli biz ylmy söhbetdeşligimiziň merkezine türkmen aýal-gyzlarymyzy almakçy bolýarys. Olaryň orny hakynda gysgajyk gürrüň bermekligi göz öňünde tutduk. Dogra dogry diýmeli, türkmenler öz aýal-gyzlary hakynda gürlemegi kän halap barmaýarlar. Bu meselede duran ýeri diýsek hem bolar. Bu bir halkyň häsiýeti, hormat-sylag bilen baglanyşykly häsiýet. Munuň gadymdan gelşi-de şeýle. Bu tutuş türkmen halkynyň hakyky häsiýeti, muny asla üýtgedip bolmaýar. Üýtgetmäge zerurlyk-da ýok.Türkmen halky zenan maşgalany hemişe ýokarda goýupdyr. Beýleki türki halklarda bolşy ýaly, türkmeniň maşgala gurluşynyň esasynda-da gurluşyk tymsaly bolan ak öý ýatypdyr. Türkmeniň maşgala gurluşy öz eli bilen ýasan, öz eli bilen diken ak öýüniň esasy böleklerinden ybarat bolupdyr.Biz bu ylmy söhbetdeşlikde şol böleklerden ugur alyp, käbir zatlary anyklap, ony okyjylar köpçüligimize ýetirmekligi ýerlikli hasapladyk.ÖÝ. Öňi bilen öýüň özünden başlalyň. Daşyndan synlanyňda, öý, adam tarapyndan teswirlenip, Ýer bilen Gögüň çatyşdyrylan (çatma) şekilini ýatladýar. Galyberse-de, öý özboluşly öwüşgini bolan ilkinji mimary eseriň nusgasy ýaly bolup dur. Türkmen geçmişde, öz ýaşaýşynda, durmuşynda, hojalygynda elmydama ak öýi bilen baglanyşykly hereket edipdir. Eýsem, türkmenlerde öý nämäniň tymsalyka, nämäni aňladýarka?
Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, öý türkmen maşgalasynyň esasyny emele getirýär. Şeýlelikde, öý maşgalanyň tymsalydyr. Ol maşgala diýmekdir. Bu ýagdaý beýleki türki halklarda-da şeýledir. Eýsem, öýi maşgalanyň niresinde görüp bilýäris. Maşgalanyň maşgala bolmagyndaky ýeke-täk işlik öý bilen baglanyşykly işlikdir. Bu işligi bütin türk dünýäsinde-de maşgala bilen baglanyşykly görmek bolýar. Türkmenler “öýli-işikli bolmak”, “öýlenmek”, türkler bolsa “evlenmek” görnüşinde ulanýarlar. Şeýlelikde, türki halkaryň ählisinde maşgala gurmaklygyň esasynda öý ýatýar. Şonuň üçin türklerde maşgala gurluşy öýüň gurluşyna daýanýar. Maşgalanyň agzalary-da “dört ganat” (alty ganat) “altmyş başly” diýli atlandyrylýan ak öýüň bölekleri esasynda tymsallaşdyrylýar.Maşgalanyň başlangyç etapy öýüň üç sany bölegine esaslanýar: şolardan iň esasylary tärim, tüýnük, uk. Gadymy döwürlerde bir ýerden başga bir ýere göçmekçi bolanlarynda bu üç bölek aýratyn daşalypdyr, başga bölekler, ýükler bilen garyşdyrylmandyr.
TÄRIM. Eýsem, türkmenlerde öýüň bir bölegi bolan tärim nämäniň tymsalyka, nämäni aňladýarka? Maşgala ýa-da maşgala agzasy bilen nähili baglanyşygy barka?!Bilnişi ýaly, tärim öýüň aşaky bölegini emele getirýär. Başgaça aýdylanda, tärim öýüň gerilen ganatlarydyr. Öýüň gurluşynda biraz gazylyp, toprak bilen baglanyşygy has berkleşdirilýär. Öýüň ganat geren gurşawy bolan tärim maşgala gurluşynda maşgala başy hasaplanylýan erkegiň tymsalydyr. Öýüň ähli böleklerini üstüne alýan tärim (ganatlaryň gurşawy) maşgalada tutuş hojalygyň bütin ýüküni öz üstüne alýan erkegiň tymsalydyr.
TÜÝNÜK. Eýsem, türkmenlerde öýüň bir bölegi bolan tüýnük nämäniň tymsalyka, nämäni aňladýarka? Maşgala ýa-da maşgala agzasy bilen nähili baglanyşygy barka?!
Tüýnük ak öýüň ýokarky bölegini emele getirýär. Başgaça aýdylanda, tüýnük öýüň güberçek gümmezidir. Tüýnük gögüň tymsalydyr, maşgalada bolsa erkegiň ýanýoldaşydyr, aýalyň tymsalydyr. Hojalyga ýokary jogapkärçilik bilen garaýan maşgala agzasydyr.
- UK. Öýüň gurluşygynda-da, maşgalanyň birleşiginde-de esasy hyzmaty ýerine ýetirýär uk. Ol birligiň, bütewiligiň, baglanyşygyň, aragatnaşygyň tymsalydyr. Başgaça aýdylanda, uk öýüň aşaky bölegi bilen ýokarky bölegini, tärim bilen tüýnügi biri-birine baglaýar. Maşgalada bolsa erkek bilen aýaly biri-birine baglaýar.
Şeýlelikde, öý bilen maşgalanyň, tärim bilen erkegiň, tüýnük bilen aýalyň, uk bilen özara baglanyşygyň ýüze çykarylmagy ýönekeý tymsaly beýan etmek däldir. Esasly ylmy garaýyşdyr. Munuň gadymy yzlaryny türkmen halkynyň arasynda häzir hem ýaşaýan “öý görmäge gitmek” (oglan tarapynyň ene-atasynyň gyz synlamaga gitmegi), “biziň öýümizi haladyňyzmy?” (gyz tarapynyň görüjilige gelenlerden soraýan soragy), “öýüňiz gaty oňat eken, ýöne çagarygy biraz gyşygrak eken” (görüjiler tarapyndan gyzyň bir gözüňi çaşyrak bolmagy bilen baglanyşykly närazylyk bildirme), “çagarygy gyşyk-da bolsa tüssesi dogry çykýandyr” (görüjileriň närazylygyna gyzyň beren jogaby) ýaly rowaýatlardaky durnukly aňlatmalardan görmek bolýar.
Türkmen aýal-gyzlarynyň ýokarda tutulmagy ýöne ýerden däldir. Munuň özüne görä ylmy esaslary bardyr. Birinjiden, olaryň maşgaladaky ornuna, nesil dowamatyna, at-abraýyna we hojalykdaky hyzmatyna we jogapkärçiligine goýulýan özboluşly sarpadyr. Ikinjiden bolsa, olaryň iş başarjaňlygyna, terbiýeleýijilik roluna, ugurtapyjylygyna, gujur-gaýratyna berilýän uly bahadyr.
Olaryň baýramçylyk gününde käbir nusgalaryny ýatlatmaklygy ýerlikli hasapladyk. Türkmen halkynyň gadymda öz döreden eserlerini okanyňda-da, aýal-gyzlaryny ýokarda goýandygyna şaýat bolýarsyň. Türkmen halk ertekilerinden bir nusgany alyp göreliň.
“Akpamyk”. Türkmen halk ertekileriniň iň ajaýyp nusgalaryndan biri. Belki-de bu ertekini okamadyk, diňlemedik, eşitmedik türkmen ýokdur. Baş gahrymany sada türkmen gyzy. Ol özüniň gaýduwsyzlygy, gujur-gaýraty, tutanýerliligi, ugurtapyjylygy bilen ýedi sany erkek doganyny halas edýär. Maşgalada uly jogapkärçiligi öz boýnuna alýar.
Doganlarynyň gözlegi üçin ýeke özi uzak ýollar düşýär. Ot almak uly ýaratyk döw bilen duşuşýar. Gelip ganyny sorýan döwüň penjesine düşýär. Ony doganlary halas edýär, ýöne doganlaryny-da döwler öldürýär. Doganlaryny özüne getirmek üçin ýanyna ynsany ýakynlaşdyrmaýan Akmaýanyň süýdi gerek. Akpamyk ýene gözlegde, gaýduwsyz herekleri, tutanýerli işleri netijesinde öňünde goýan maksadyna ýetýär we doganlaryny halas edýär.
Türkmenleriň “Akpamyk” ertekisi tötänden döredilen erteki däldir. Sada türkmen gyzy Akpamyk-da şol ertekiniň ýönekeý gahrymany däldir. Bular türkmen halkynyň gadymy isleg-arzuwy, halkyň millilige ýugrulan gadymy garaýşy. Başgaça aýdylanda, ertekä siňdirilen türkmen aýal-gyzlarynyň başarjaňlygynyň ýekeje nusgasy. Bu ýerde sözi gaty uzaldyp oturasy iş ýok…
Ertekiden hakyky durmuşa geçilen halatynda-da, aýal-gyzlarymyzyň ýokary sarpasyny geçmişde-de, häzirki wagtda-da durmuşyň her bir pudagynda görmek bolýar. Olaryň ýokarda tutulmagy mukaddesligiň alamatydyr. Enelerimiziň mukaddes Käbä deňelmegini birsalymlyk düşüniň. Belki-de bu deňeşdirme olara ýokary sarpa goýulýandygynyň dünýä boýunça alanyňda, ýeke-täk türkmen nusgasydyr.
Türkmen zenany hemişe maşgaladaky baştutanlyga, ýolbaşçylyga, guramaçylyga hemişe jogapkärçilikli göz bilen garapdyr we maşgala başy erkek bilen deň hatarda durup hereket edipdir. Baştutanlygyň, ýolbaşçylygyň, guramaçylygyň ýeňil-ýelpaý iş däldigi, uly jogapkärçiligi, gaty janypkeşligi, tutanýerliligi talap edýändigi öz-özünden düşnüklidir.
Daşyndan seredeniňde, türkmen zenany bilen baştutanlyk, ýolbaşçylyk, guramaçylyk bir ýere sygyşmajak düşünjeler ýaly bolup görünýär. Oýlanyp otursaň, bularyň bary batyrgaýlygy, gaýratlylygy, gaýduwsyzlygy talap edýär. Eýsem, batyrgaý, gaýratly, gaýduwsyz ogullary ýetişdirip bilýän enelerimiz bu işleriň, wezipeleriň garşysynda dyza çökermi?! Belki, türkmeniň gadymy geçmişiniň taryhy sahypalarynda muňa degişli anyk nusgalar bardyr. Biz geljekde bu meselä-de aýratyn üns bermeli, öz aýal-gyzlarymyzyň geçmişini içgin öwrenmeli.
Eýsem, geçmişde türkmen aýal-gyzlaryny azatlyga çykarmak we olaryň hak-hukuklaryny gorap saklamak, olary aňly-düşünjeli edip ýetişdirmek ugrunda kynçylykly döwürler bolmagyna garamazdan, erkekler bilen deň hatarda durup göreşen, tutanýerlilik bilen hereket eden türkmen aýal-gyzlarymyz hem az bolmandyr olary öwrenmeli, geljek neslimize tanatmaly.
Häzirki wagtda aýal-gyzlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi ugrunda Türkmenistan döwletimiz uly atalyk aladasyny edýär. Geçmişde ylmy ugurlarda iş alyp baran we häzirki wagtda-da bu ugurda işleýan ähli türkmen aýal-gyzlarymyzy, hünärmenlerimizi, alymlarymyzy hem ýakyn öwrenmeli.
Aýal-gyzlarymyzyň orny sungatda-da ýokarydyr. Sungat işgärlerimizi, aýdymçylarymyzy, sazandalarymyzy, artistlerimizi, tansçylarymyzy hem öwrenmeli, tanatmaly.
Lukman aýal-gyzlarymyz hem gaty kändir. Geçmişde we häzirki wagtda saglygymyz ugrunda janypkeşlik bilen gaýrat eden we edýän lukmanlarymyzy bilmek we olary ýakyndan öwrenmek wajypdyr.
Jemleme ýerine özboluşly sowgat: Durmuşyň her bir pudagynda esasy güýje öwrülen türkmen tanymal zenanlary sanardan gaty kändir. Ýöne sanasaň, sogaby-da bardyr diýleni. Bular baradaky maglumatlary bir ýere jemläp, geçmişleri içgin öwrenilip, öz halkyna tanatmaklyga wagt ýetdi. Diňe halkymyza däl, biz olary dünýä tanatmaly. Özboluşly sowgat hökmünde olara bagyşlanan bir ensiklopediýa taýýarlanylsa, erteki gahrymanlaryndan başlap hut biziň günlerimizdäki gahrymanlary barada giňişleýin maglumat berilse…
Belki, geljek ýylyň 8-nji martyna, türkmen zenanlarymyzyň Halkara baýramçylyk gününe sowgat hökmünde köp tomluk “Türkmen zenanlarynyň ensiklopediýasynyň” birinji tomy ýetişer diýip umyt edeliň.
“Umytly guş, Käbä ýetmiş” diýýän türkmen öz umydyna-da dogry baha berýän halkdyr.
Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy.
USAID Türkmen senetçilik önümleriniň dünýä derejesinde satylmagyna ýol açýar