SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Köp alma iýmek zyýanlymy?

Köp mukdarda alma iýmek kislotalygy ýokary bolan adamlarda ýakymsyz ýagdaýy döretmegi mümkin. Bu barada russiýaly dietolog Ýelena Solomatina RT bilen bolan söhbetdeşlikde aýdyp geçdi.

Hünärmeniň sözlerine görä, aç garyna alma iýilse, ýakymsyz ýagdaý ýene-de güýçlenýär. Munuň sebäbi hem täze alma metabolizmi çaltlandyryjy kislotalara baýdyr.

Hünärmen bu barada: “Aşgazan-içege, iýmit siňdiriş ýollary şikeslenenler almany seresaplylyk bilen iýmelidirler. Käbir adamlara bolsa umuman gadagan edilendir, ýa-da diňe bişirilen görnüşde iýmäge rugsat berilýär” diýip, düşündiriş berdi.

Dietologyň aýtmagyna görä ,diabetden kösenýän (gandaky şekeriň derejesi ýokary) keseller juda süýji almany iýmeli däldir, çünki olaryň düzüminde saharoza bar. Şol bir wagtyň özünde, alma kaloriýaly we peýdaly önüm bolup, düzüminde köp holesterin we endotoksini çykaryp goýberýän süýümi we witaminleri öz içine alýar.

Sukerbergiň ýitgisi 7 milliard dollar

 

Ýene-de okaň

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri