SIZDEN GELENLER

Üstünlige eltýän ädimler.

Biz durmuşda her birimiz öz ädýän adimlerimize göra laýyk durmuşy ýaşaýarys. Dogry yoly saýlap almagy başarsak şol ýoly geçmek üçin sansyz ädimler ätmeli bolýas.Ykbal pursatlary biziň äden ädimlerimizden doly .Her bir işi ýerine ýetirmek üçin aklymyza görä hereket edýäs diýmek akyl bize ýol salgy berýän iň uly gymmatly barlyk dälmidir?. Alla tagalla adama iň gymmatly zatlary peşgeş beripdir olam ynsan oglynyň akyly hem ylmy. Ol barlyklaram bizi ýer ýüzündäki ähli jandarlardan tapawutlylykda ýaşamaga esas döretdi.

Ynsan oglynyň pikirlenip bilmegi şol pikirine göra ädim ätmegi dogry ýoldan barýandygyna akyl ýetirmegi öran täsin. Aslynda durmuş adamyň göziniň nirä bakýanlygyndadyr Asmana seredende mawy asmanyň päkligini, Bataklyga seredende bolsa hapalyklaň barlygyny görüp bilmekdir.Iň esasy zat gowy häsiýete eýe bolmak gowy tarapa seretmek we pikirlenmek akyl ýetirmeklikdir. Biz şu aýdylan zatlary yzygderlilikde alyp barsak ähli durmuşymyzdaky gowylyklaryň öz özünden hasyl bolýanlygyny görüp bileris.

Şowlulyk we şowsuzlyklar hem häsiýetlerimize we biziň ädimlerimize bagly bolup durýar. Netijesi hem şonuň miwesidir.Şowlylyk we şowsuzlyk biziň hereketlerimiziň jemidir. Şowsuzlyk paýynyň nesibamizde bar bolmagyna gynanmaň! belkide biz şol maksadyň ugruna ädimlerimizi kemterräk ädendiris.

Durmuş gysganç däldir, näçe köp yhlas edip ylgasaň şonçada köp maksadyňa ýetýärsiň . Şolaryň ählisiniň yzynda biz ynsanlara berilen ebedi akyl bilen ylym ýatandyr. Ykbalyna şowlylyk nesip eden adamlara hiç wagt bahylçylyk etmäň. Sebäbi durmuş eden işiňe görä serpaý ýapýar.Egerde sizem şolar ýaly hormata mynasyp bolasyňyz gelýän bolsa, onda häzirden başlaň “Hiçden giç ýagşy” diýilip ýöne ýere aýdylmandyr.Maksadyň ugrunda ýadaman,ýaltanman öňe gitmek gerek. Durmuş biziň ählimiziň adyl terezimizdir. Hojalygymyzy nä derejede mukaddeslikler bilen dolandyrýan bolsak durmuşymyzam, kärimizem şol derejede dogry ädimler bilen alyp barmalydyrys.Şeýlelikde biz durmuş basgançaklaryna soňsuz akyl ýetireris.

 Hojamberdiýew Amangeldi

TOHU-nyň mugallymy

Türkmenistandan Russiýa 21-nji ýörite uçar gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk