ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ykdysadyýet-ösüşiň ygtybarly çeşmesi

Häzirki wagtda dünýäniň ýüzünde sanly ykdysadyýet örän çalt depginde ösýär.  Sanly ykdysadyýet – bu sanly informasion-kommunikatiw tehnologiýalaryň ulanylmagynyň esasynda amala aşyrylýan durmuş-medeni we ykdysady gatnaşyklaryň  ulgamydyr. 1995-nji ýylda amerikan informatigi Nikolas Negroponte (Massaçuset uniwersitetinde) “sanly ykdysadyýet” adalgasyny  ulanyp başlanýar. Häzirki döwürde bu adalgany dünýäniň ähli künjeklerinde  syýsatçylar, kärhanalaryň eýeleri telekeçiler we habarçylar giňden ulanýarlar. Dünýäniň ýüzünde sanly ykdysadyýet örän çalt depginde ösýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlyklarynyň biri hem –  ýokary tizlikdir, meselem sanly söwda ulgamynda buýurmalary ýerine ýetirmekde, harytlar bilen üpjün etmekde, olar barada maglumatlary kabul etmekde we ugratmakda  ýokary tizlik bilen amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Häzirki zaman şertlerinde täzelikçi tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýän milli Liderimiz Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny kabul etdi.  Bu resminama 7 bapdan ybarat bolup, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyr – 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr – 2020-2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyr – 2024-2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär.

                          Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde esasy amallar:

  • Sanly ykdysadyýeti döretmekde ýurduň tehnologiki öňdebaryjylygyny üpjün etmek;
  • Sanly ykdysadyýetiň ýeten sepgitlerini göz öňünde tutup hyzmat, söwda we önümçilik pudaklaryny gurnamagyň we sanly global giňişligini döretmegiň hem-de ösdürmegiň guramaçylyk usullaryny döretmek;
  • Geljekgi we häzirki ykdysady resurslary dolandyrmagy kämilleşdirmegiň netijeli ýörelgelerini döretmek;
  • Telekommunikasiýanyň infrastrukturasynyň ösüşi zerurdyr.

Sanly bilim ulgamy

Häzirki wagtda ähli ýurtlarda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda, kämilleşdirmekde we ony durmuşa geçirmekde  aýdyň işler alynyp barylýar. Bilim portallary döredilýär. Elbetde, bu ähli amatlyklary, mümkinçilikleri, köpugurly ýeňillikleri bolan portalyň üsti bilen ýaş nesilleriň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmaga  hem-de wagt tygşytlamaga mümkinçilik döredýär.

Sanly bilim ulgamynyň dünýä tejirebisinde ulanmakda mysalyna seredeliň:

Orta bilim berýän edaralarynda:

  • Orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň sapaklaryň tertibi bilen tanyşmak;
  • Mugallymlaryň elekron žurnallary ýöretmek;
  • Mekdep okuwçylaryna elektron kitaphanalardan peýdalanmak;
  • Ene- atalar öz çagalarynyň okuwa gatnaşygyny we okuwa ýetişigini onlaýn ýagdaýda görmek.

Bilim portaly aşakdaky mümkinçilikleri döredýär:

  • Ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary tabşyrmak;
  • Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okaýan ýokary okuw mepdebiniň portalynyň üsti bilen okuw derslerinň tertibi bilen tanyşmak
  • Elektron maglumat kitaphanalardan peýdalanmak.
  • Sanly ykdysadyýet has takygy bu ugurda mümkinçilikleriň döredilmegi, elbetde adamzadyň ýaşaýyşynda özüniň aýratyn beýanyny tapýar we oňyn netijeler berýär.

Sanly söwda ulgamy we aýratynlyklary.

Sanly ykdysadyýet has takygy bu ugurda mümkinçilikleriň döredilmegi, elbetde adamzadyň ýaşaýyşynda özüniň aýratyn beýanyny tapýar we oňyn netijeler berýär. Sanly söwda ulgamdaky tehnologiýalaryň ösmeginiň esasynda sarp ediji özüne gerekli hyzmatlardan aňsatlyk bilen peýdalanyp, wagtyny tygşytlaýar we internet söwda nokatlaryndan harytlary amatly nyrhdan satyn alyp bilýarler. Mysal üçin, elektron görnüşdäki bir kitap, çapdan çykan görnüşdäki kitaby satyn alandan has amatly nyrhdan alynyp bilinýär. Netijede sarp edijä öýünden çykmazdan haryt-hyzmatlaryny peýdalanmak mümkinçiligi döreýär hem-de telekeçilik işini hem ýöredip bilýär.

Mundan başga-da ykydysadyýetiň möhüm pudagy bolan sanly söwda ulgamynyň ösüşiniň peýdaly taraplary:

  • Zähmet öndürijiligiň ýokarlanmagy;
  • Kärhanalaryň özara bäsdeşliginiň ýokarlanmagy;
  • Önümçilik çykdaýjylarynyň azalmagy;
  • Täze iş ýerleriniň döremegi we ş.m.
  • Şeýlelikde, ykdysadyýete sanly söwda ulgamyny ornaşdyrmak bazar ykdysadyýetiniň gerimini has-da giňeltýär.

Eýsem Sanly ykdysadyýet ulgamynyň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagynyň näme ähmiýeti bar?

Sanly ykdysadyýet ulgamy gysgaça aýdylanda, bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, işleýän ilatyň pudaklar boýunça bölünişini we olaryň zähmete bolan gatnaşygyny, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň amala aşyrylyşyny, kesgitlenilmeginden ybaratdyr.

Uzak bolmadyk möhletiň içinde gazanylan kämil we takyk statistiki maglumatlar binýady, milli ykdysady ösüşimiziň özeninde durýan saglyk, bilim, azyk we durmuş üpjünçiligi, býujet-salgyt, maýa goýum we sebitleri ösdürmek baradaky syýasy-ykdysady strategiýalary, ägirt uly işleri we has iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga öran möhüm şert döreder.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde sanly ykdysadyýetiň dünýa tejribesinden peýdalanmak.

Sanly ykdysadyýetiň işeleýşiniň wajyp ugry – döwletiň we işewürligiň maglumat hem-de ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekdir hem-de şahsy maglumatlary we sanly giňişlikde ýurduň raýatlarynyň şahsy durmuşynyň el degrilmesizligini goramakdyr. Öz watanymyzda sanly ykdysadyýet maksatnamasyny ösdürmegiň jemgyýete gönükdirilen ýene bir artykmaçlygy ilatyň ähli gatlaklarynyň jemgyýet durmuşyny ähli taraplaýyn kämileşdirmek üçin täze mümkünçilikleri döretmäge ýardam bermäge çalyşmakdyr. Türkmenistanda sanly ykdysadyýet ulgamyny ösdürmek maksatnamasy ilatyň has oňaýly şertlerde ýaşamak üçin täze global ykdysady ekoulgamyny gurnamaga döwletiň doly gatnaşmagy täze ykdysady gurluşynyň mümkünçilikleriň durmuşa geçirmegini aňladýar.

Sanly ykdysadyýetiň dürli gurşawlarda ösüş modelleri:

Sanlaşdyrma – telekeçilik işi üçin akylly usul.

Sanly edara – internet tehnologiýanyň kömegi bilen öz içki işlerini gurýar we alyjylar üçin amatly şertleri döredip berýär.

Sanly strategiýa – edarany we hyzmatlary netijeliligini has ýokary derejelere çykarmak üçin täze tehnologiýalary ulanýar. Ähli hyzmatlar sanly görnüşde bolup, ulanyşy sada, ýönekeý bolmalydyr. Islege görä şahsylaşdyrylan bolmaly. Sanly döwlet dünýäniň dürli ýurtlarynda elektron häkimiýeti ösdürmek programmalary rebrending geçýärler. Mysal üçin: Awstraliýada we Niderlandiýada Digital citizen, Singapurda Intelligent Nation, Digital India we beýlekiler.

Sanly millet – Millet maglumatyň çeşmesi hökmünde mydama internete ýüzlenýär. Olaryň interneti ulanyş derejesi artyp barýar. Sanly şäher Akylly şäher telekeçiligi durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ýaşaýjylaryň howpsuz amatly ýaşamagyny üpjün etmeli. Şäherler – ähli dünýä serişdeleriniň 2/3 bölegini ulanýarlar, beýle görnüşli ulanyş netijeliligini ýokarlandyrmalydyr. Akylly şäheri dolandyrmak üçin netijeli gurallar intellektual tehnologiýalaryň kömegi bilen gurulýarlar. Akylly infragurluşyň elementleri dünýäniň 2500 şäherlerinde bardyr.

Açyk maglumatlar şäher ýolbaşçylary – maglumatlaryň iri çeşmeleriniň biridir, olar jemgyýetçilik-ykdysady durmuşyň dürli gurşawlarynda ýygnanýarlar. Magumatlar açyk ýagdaýda internetde erkin saklanmalydyr. Olary erkin ýaýratmak, gaýtadan işläp we ulanmaklyga rugsat berilýär. Açyk maglumatlar esasynda dürli serwisleri we goşmaçalary işläp taýýarlamak – telekeçiligiň ösmegi üçin goşmaça güýçdir.

Sanly maliýeler geljegiň banky – sanly bank bolup, mobil platformalary we bulut serwisleri ulanýar. Elektron bazar internetde işjeň ýaýramaly. Internet kärhanalary – Facebook, Instagram   öz saýtlarynda “Satyn almak” düwmesini döretdiler. Ýewropada bank hyzmatlaryny ulanyjylaryň 20%-i Facebook we Amazon kärhanalaryndan internet arkaly maliýe hyzmatlaryny almaklyga taýýardyrlar.

Sanly lukmançylyk sanlaşmagyň hasabyna lukmançylyk ösýär. Lukmançylyk hyzmatlaryny görkezmek üçin harajatlar peselýär, tersine olaryň hili ýokarlanýar. “Akylly” saglygy goraýyş edarasy wirtual edaranyň modelinde ösmelidir, lukmanlar we näsaglar biri-birine görünmezlikde hereket edip, zerur maglumat online elýeterli bolýar. Internet-lukmanlar üçin maglumatyň çeşmesi bolmak bilen, näsaglary kabul edişlige ýazmak we olara distansion kömek bermekligiň usuly. Telelukmançylyk geçmeklik – ýurtda saglygy goramaklygyň täze sanlaşdyrma wektory.

Sanly ykdysadyýetiň indiki ösüş ugurlaryny görkezip bileris:

  • Ykdysadyýetiň ähli gurşawlarynyň bilelikdäki internetizasiýasy;
  • Telekeçilik we şäher üçin intellektual çözgütler;
  • Täze meseleleri çözmek üçin IT-kadrlar.

Sanly ykdysadyýet sosial üstünlikleriň, ösüşiň we innowasiýalaryň güýçli katalizatory hasaplanýar. Dünýäniň ähli döwletlerindäki häkimiýetler üçin deň mümkinçilige we üstünlige ýetmek üçin durnukly we tutuş göwrümleýin ösüşi gazanmak zerurdyr.

EDEBIÝAT:

  1. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”. – Aşgabat, 2019.
  2. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”. – Aşgabat, 2019.
  3. Internet maglumatlary. TDH agentligi tdh.gov.tm.

  Ogulgözel MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň

Energo – tehnologiýa fakultetiniň

                        Elektrik stansiýalary kafedrasynyň mugallymy.

 

Dünýäniň iň uly syn ediş çarhy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri