Bir gün bir topar gurbaga tokaýyň içi bilen gidip barýar ekeni. Birdenkä olaryň ikisi äwmezlik zerarly çukura gaçýar. Beýleki gurbagalaryň ählisi çukuryň daşyna üýşýärler. Çukur örän çuň ekeni. Şonuň üçin olar içindäkilere şol ýerde öläýmeseler, ol ýerden çykmagyň hiç hili alajynyň ýokdugyny aýdyp gygyryşýarlar.
Çukurdaky gurbagalar olaryň sözüne gulak gabartman ýokary çykmak üçin güýjünde baryny edip böküpdirler. Ýokardakylaryň bolsa henizem şol öňki sözlerini gaýtalap gygyryşyp durlar. Ahyry çukurdakylaryň biri olaryň sözüni diňläp, umydyny elden berýär we aşak gaçyp ölýär. Ikinji gurbaga bolsa öňküsinden hem güýçli bökmegini dowam etdirýär. Ol erjellik bilen yhlasly çemeleşip ahyry daşyna çykmagy başarypdyr. Şonda ondan:”Sen näme bizi eşitmediňmi?” diýip sorapdyrlar. Gurbaga olara özüniň kerdigini mälim edipdir. Ol ruhlandyryjy sözler bilen özüni goldap gygyrýandyrlar diýip pikir eden ekeni.
Hekaýanyň hikmeti: Bu ýerde ýaşaýşyň güýji we diliň ähmiýeti bar. Goldaw beriji sözler durmuşda şowsuzlyga uçran adamy ýene-de täze üstünliklere ýetmäge kömek edýär. Kemsidiji ediji sözler bolsa, adamlarda erbet täsir galdyryp bilýär. Şonuň üçin aýdýan zadyňa ünsli bolmaly!
Iňlis dilinden terjime eden: Gülşat JORAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.