SIZDEN GELENLER

Hurmanyň saglyga peýdasy  

Remezan aýynyň gelmegi bilen, häzirki agyz beklenýän günlerde agyz beklenende we açylanda ulanylýan hurmanyň adam saglygyna peýdalary baradaky makalany ýazmaklyk has-da netijeli bolar.

Köpler tarapyndan söýülip iýilýän hurmanyň bu görnüşini içege kesellerinde, iç gatamada, ýürek-gan damarlarynda ýüze çykýan näsazlyklarda, ganazlykda, iç geçmede we başga-da birnäçe ýagdaýlarda iýmeklik örän ähmiýetlidir.

Hurma birnäçe witaminlere, minerallara we süýüme baýdyr. Bu lezzetli miwede saglyk üçin peýdaly ýag, kalsiý, kükürt, demir, kaliý, fosfor, marganes, mis we magniý ýaly himiki elementler bardyr. Hünärmenler deňagramly we sagdyn iýmitlenmek üçin günde bir hurma iýmegiň zerurdygyny aýtýarlar.

Hurma adamyň myşsalarynyň kadaly ösmegi üçin ajaýyp miwedir. Şeýle hem ol garyn düwnük keseliniň öňüni almakda peýdalydyr.

Häzirki günlerde musulman halklary hurma  iýip, suw içip agyz bekleýärler. Ol agyz beklenenden soň iýmitiň artykmaç iýilmeginiň öňüni alýar. Agyz açylanda hem hurma iýip, suw içmek bilen açýarlar. Beden hurmanyň ýokumly gymmatyny siňdirip başlanda, açlyk duýgusy köşeşýär.

Şeýle hem hurma nerw ulgamynyň kadaly işlemegine örän uly ýardam berýär. Ol iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrmakda-da ähmiýetlidir. Hurma ýarym sagadyň dowamynda adamyň energiýa derejesini ep-esli derejede ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da günde bir hurma iýmeklik gözüň kadaly görmegini üpjün eder.

Öňem belläp geçişimiz ýaly, hurma witaminlere we minerallara örän baýdyr. Onuň düzüminde tiamin, riboflawin, niasin, folat, A we K ýaly witaminler bardyr.

Hurmada tapylan minerallaryň aglaba bölegi ony süňkleri berkitmek we osteoporoz ýaly agyryly we agyryny gowşadýan kesellere garşy göreşmekde ajaýyp iýmit serişdesi bolup durýar. Onda selen, marganes, mis we magniý ýaly himiki elementleriň bolamgy, adamyň süňkleriniň sagdyn ösmegi we berk bolmagyna örän uly täsir edýär.

Hurma iýmeklik ganazlykda hem örän peýdalydyr. Onuň düzüminde bar bolan demiriň derejesi ganazlykdan ejir çekýän adamalar üçin iýmit goşundysy bolup durýar.

Bulardan başga-da hurma möwsümleýin ýüze çykýan allergiýanyň öňüni almakda, kadaly agram saklamakda, bedeni energiýa taýdan güýçlendirmekde, jynsy gowşaklykda örän ähmiýetlidir.

Şu aýdylanlardan ugur alsak hurmanyň adam saglygyna örän uly ähmiýetiniň bardygyny görmek bolýar. Ýöne hurmany iýmezden ozal esasy üns bermeli zatlaryň biri ol hem olaryň saýlanyp alnyşydyr.

Köplenç hurmanyň daşky gabygyna dürli hapalar ýelmeşýär. Şonuň üçin hem ýokary derejede gaplanan hurmalary saýlap almaly. Olary iýilmezinden öň bolsa, hapalary aýyrmak üçin gowy edip ýuwmaly.

 

Rejepow Annamuhammet,

Tohu-nyň talyby

 

Dünýä ýurtlary howany goramaga çemeleşýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk