SIZDEN GELENLER

Ekinleriň hatarara toprak bejergisi

Hatarara bejergiler gowaça, şugundyr, mekgejöwen, gök-bakja ýaly ekinleri ideg etmekde geçirilýar. Oba hojalykda hatar ara bejergi işleri geçirilende kultiwatorlaryň dürli kysymlary ulanylýar. Meselem gowaça ösdürip ýetişdirmekde 60 sm hatararasynda KRH-4, 90 sm hatararasynda KRT-4 we KRH-3,6 kysymly kultiwatorlar ulanylýar. Gowaçanyñ ösüs döwründe 5-6 hatda 6-7, mekgejöwende 2-3, pomidoryñ basky ösüs döwründe gol ýaýratmanka 3-4 gezek bejergi geçirilýär. Ekinler gögerip çykandan soñ hatarara bejergisi işleri näçe çalt we ýokary derejede geçirilse sonçada gowy bolýar. Sebäbi ösümlikleriñ ilkinji günlerinden başlap olaryñ kadaly ösmegi üçin kultiwasiýa arkaly ýaramly toprak sertleri döredilýär. Olaryñ ýaşajyk köklerine howa we ýylylyk oñat aralaşmagyna, iýmit elementleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda, haşal otlaryň ösüşiniñ birinji döwründe olary ýok edilmegine getirýär. Soñky bejergiler ösüs suwy tutulandan soñ topragyñ tuba gelişine görä geçirilmelidir. Bu meselede wagtyñ her sagady däl eýsem her minuty uly rol oýnaýar. Hatarara bejergi geçirmekde diñe bir ony öz wagtynda däl, eýsem kultiwatoryñ işçi gurallaryny gerek ýerinde dogry sazlap gurnamak we bellenilen çuñlukda gyradeñ amala aşyrmak zerur şertleriñ biridir. Ilkinji hatarara bejergide kultiwatoryñ çetki işçi gurallaryny hataryñ çyzygyndan 7-8 sm aralykda gorag zoologyny goýup 6-8 sm çuñlukda gurnaýarlar. Seýle bolanda ýaşajyk ösümlikleriñ köküne şikes ýetmeýär.

Hatarara bejerginiñ hiline bolan talaplar:

1.Kultiwatoryñ giñligi ekijiniñ (seýalkanyñ giñligine takyk gabat gelmeli);

2.Bejergi toprak aýny tabyndaka, bellenilen çuñlukda, gorag zoloklaryny dogry berjaý edilip geçirilmelidir;

3.Ekinlere hiç hile şikes ýetmeli däl, olaryñ üstüne gum düsmeli dal;

4.Kultiwatoryñ isçi gurallary ýiti bolmaly we hasal otlary doly kesip geçmeli;

5.Bejergi bilen dökün bermek utgasdyrylanda dökün setirden bellenilen aralykda we çuñlukda endigan dökülmeli hem-de topraga gömülmeli.

Toprak bejergisiniñ ýörüte usullary. Ýörite toprak bejergisine aýratyn wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ulanylýan usullar degislidir. Ona mysal edip takyr ýerleriñ topragyny ekise taýýarlamakda ýörüte topragy owratmak (üwemek) üçin frezelemegi alsañ bolur. Freza topragy öran ownuk edip ýumsadýar we garysdyrýar. Netijede ekisi ýokary hilli geçirmek üçin, seýle hem tohumyñ oñat gögerip çykmagy üçin ýaramly sertler döreýär. Frezalary (aýlanýan pyçaklary) baglaryñ we tut agaçlarynyñ aralaryny ýumsatmakda hem ylanýarlar. Önümçilikde olaryñ KFG-3,6, KF-5,4 we beýleki kysymlary peýdalanylýar.

 

AKYÝEWA JENNET,

TOHU-nyň mugallymy

 

Baýden ― Putin duşuşygynyň bolmagyna garaşylýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti