ATAWATAN ESERLERİ

Söýgülimiň romaly

oýlanma

     …Ol hut meniň ýüregimiň üstünde dur. Bu kalba öz mährini çaýyp duran hem bolsa, ol wagtynda ömrümiň iň uly gorkusy bolupdy. Emma…

Söýgi — şol bir wagtda şatlyk bolsa, şol bir wagtda hasratam bolup dur. Onsoňam şatlygyň döremegine wysal bolan arzuwlar sebäp bolsa, hasratyň döremegine paşmadyk arzuwlar sebäp bolýan eken. Muňa men ýüregimiň üzresinde duran söýgimiň üsti bilen göz ýetirdim.

Bu şol obadaky arzuwyň köne hasratydy. Heniz dokuzynjy synpda okaýarkak synpymyza täze okuwçy gelipdi. Asyl ol ýeke synpymyza däl, maşgalasy bilen obamyza-da täze göçüp gelipdi. Ilki başda ýadyrgan ýaly bolsa-da, onuň töweregindäki ýumşak synpdaşlary ony derrew öwrenişdiripdiler. Elbetde olaryň arasynda menem bardym. Hatda, täze gelen synpdaş gyzymyzy mugallym meniň ýanymda oturdypdy. Ýöne näme üçindir ol beýlekiler ýaly, başy tahýaly däl-de ýaglyklydy. Öwrenişmesine öwrenişdi welin, geleni bäri diňe sapak wagty temany aýtmakdan başga hiç zat geplemezdi. Bu bizi gama batyrýardy. Soň bir gün biz onuň dymmalygynyň we başyndaky ýaglygy näme üçin daňynýandygynyň emmasyny bilipdik. O sebäp bizi hakykatdanam gaty gynandyrypdy. Täze gelen synpdaşymyzy özünden otuz iki ýaş uly bir pyýada adaglan bolsalar nätjek. Şol wagt o hakda mekdebiň içine “Onunjy synpy tamamladygy başyna kürte atyp alyp gitjeklermiş” diýen gep-gürrüňler hem ýaýrapdy. Ynha, bu-da bizi ikinji gussa batyran zat bolupdy. Partadaş gyzymyň adaglanandygyny eşitmänkäm, ýüregimde dörän duýga erk edip bilmedim. Bu-da meni üçünji howsala salan zat bolupdy. Biz dokuzynjy synpy tamamlanymyzdan oňa ýüregimi açypdym. Tä ýedi aý bäri ýüregimde göterip gelen duýgym jogapsyz galmandy. Men oň jogabyna iki hepde garaşdym. Olam özüniň eýýäm adaglydygyna we özgäniňkidigine gözi ýetensoň uýalyp, çekine-çekine meni halaýandygyny, emma ol maňa bu pikire özüni “Meniňem söýmäge we söýülmäge hakym bar!” diýen ýörelgä eýermeginiň eltendigini aýdypdy. Şeýdibem biziň pynhan söýgi taryhymyzyň sözbaşysyz romany başlanypdy. Hat-da synpdaşlarymyzam biziň birek-biregimiz bilen halaşýandygymyzy bilenokdylar. Men ony golaýdaka daşdan söýüpdim. Oň öýündäkiler duýaýmasyn diýip “Söýgi taryhymyzyň” duşuşykly sahypalary boş galypdy. Men ony diňe mekdepde görüp bilýärdim.

Beh, söýgi nähili zat eken-aý. Ony ýatlaman hiç wagtym hem geçenokdy. Sapak wagty ondan gözlerimi aýryp bilmezdim. Bir gezek edebiýat sapagyndan Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny geçipdik. Tagtada romany gürrüň berip oturan partadaşyma seredip, arzuw ummanyna batyp oturyşyma gapydan mekdep müdiri giripdi. Ähli synpdaşlarym ýerinden turupdy. A men bolsa oňa şol seredip oturypdyryn. Meniň şol tagtada çykyş edip duran gyza yssy gözler bilen seredenimi gören edebiýat mugallymymyz birdenkä: “Akmyrat, turaý ýeriňden!” diýip, meni çala yralapdy. Şonda süýji arzuwlary ýygnaşdyryp ýörşüme biri arasynda ajy çykana dönüpdi. Tisginipdirin. Bir seretsem hut biziň synpymyzda mekdep müdiri hem-de müdiriň orunbasary durdy. Ýuwaşjadan ýerimden turup: “Salam mugallym!” diýenimi duýman galypdym. Her näme bolsa-da müdirimiz geçirimlilik edipdi. Emma bu wakaň üsti bilen edebiýat mugallymymyz hem-de synpdaşlarymyz biziň pynhan söýgimizi bilip galypdylar.

Söýgiň ynsany salýan gününi diýsene. Bir sapar çärýek jemlenip, ýigrimi gün rugsat berlipdi. A men bolsa ony ýigrimi sagat görmesem ölüp barýardym. Ýogsam, ondan ysyny günde içime çekerim ýaly başyna daňýan ýaglyklarynyň birini özüme teseli üçin alyp galypdym. Oňam wagty bilen koky ýitipdi. Dynç alşa çykanymyza iki gün bolanynda gijäň ýary olaryň öýleriniň ýanyna baryp, telefonda gürleşip daşdan nazarlaşypdym. Aýaklarym meni oňa tarap itýärdi.

Ýuwaş-ýuwaş golaýlap barşyma olaryň açyk duran derwezelerinden içerik giren bolsam nätjek. Birden telefondakyň: “Gyw, näme edýäň? Howlymyza giripsiň-ä. Waý, çyk, biri göräýmesin” diýen sesi meni gökden düşene döndüripdi. Şol pursat penjireden onuň jemalyny golaýdan gören didelem çöl içinde suwsuz galan kişiň suw tapanyndakysy ýaly galkynypdy. Ol gören jemalym meni suwsuzlykdan gandyrypdy. O şeýle bir yssy, mylaýym bakýardy welin, hatda o yssylyga gyşyna ýylanybam boljakdy. Men ony şol garry pyýada berdirmejegime oňa söz beripdim. Şeýdip, bir ýyl hä diýmän geçip gidipdi. Watan gullugyna gitjek günümiň öň ýanynda bar duýgularymy ene-atasynyň öňüne oklamak üçin olaryň öýlerine barypdym. Öýleriniň ýanyna baranymda goňşularynyň biri maňa: “Wah, görgüli çagany birki sany gyzyl pul üçin bir telpegiagana berip goýberdiler” diýip aýdypdy. Başyna kürte atyp alyp gidenlerini eşiden gulaklam gyzgyn peje, şol çagt bolsa dünýä sarsyp, ähli zat durana dönüpdi. Birdenem el telefonuma jaň gelipdi. Jaň eden ejemdi. Alňasap ejemiň aýdyşy ýaly daýymlara barypdym. Aklymda bolsa, henizem şol adamyň aýdanlary söweş gurýardy. Daýymlara baranymda ejem ýylgyryp öňümden çykdy. Näme bolanyny soran badyma gözlerim öýüň töründe başy kürteli oturan gelne düşüpdi. Süňňüm gagşap gidipdi. Sandyrawuk çykýan sesim bilen: “O kim?” diýenimi duýman galypdym. Oýumda bolsa, daýymyň kyrk ýedi ýaşly, onda-da dul galan sallahdygy aýlanyp durdy. Ikirjiňlenip daşymdan “Ýogsa..” diýenimden ziňkildäp gidipdirin. Ejem şatlygyndan ýaňa: “Balam geldiňmi, daýyň-a barymyzy begendirdi oturuberdi” diýip, maňlaýymdan ogşapdy. Birdenem garşy otagdan çykan daýym: “Oho, ýegen geldiňmaý sag-aman. Bizem nika gyýdyrmak üçin saňa garaşyp otyrdyk” diýen sözlerine inim digläp gidipdi. Soňam ejemiň: “Hany, onda bol geç gelniň ýanyna. Häliden bäri mollada garaşyp otyr” diýen sözlerine haýranym hekgeripdi. Daýymyň gözlerine geňirgenip seredip durşuma ol: “Ýeri, how, ýegen, näme beýle ýiti seredýäň? Ýa ony özüme gelin edip alaýaryn öýtdüňmi?” diýip gülüpdi. Men ondan obadaky myş-myşlar hakynda sorapdym. Ol bolsa: “Haý, gybatçy heleýlerdir-dä. Çala görüp, çala eşidip çatma ýykyp ýören. Asyl hem biz ejeň bilen seniň üçin gapy kakypdyk. Bile baranymyzsoň, menem sallah bolamsoň bolan gep-gürrüňlerdir-dä. Unut-da, goýber!” diýip, meni rahatlandyrypdy. Soň daýymdan soranymda aýtdy, asyl partadaşyma-da telpegi agana barýaň diýip aýdypdyrlar. Munuň sebäbi bolsa partadaş gyzymyň ejesiniň “Hawa, baýa berýän gyzymy. Onda-da nähili baý” diýip, gyzyny mazamlamak üçin eden oýunlarydy.

Bir seretsem ol bu zatlardan henizem habarsyz bir gumry ýaly bolup kürtäň aşagynda bükülipjik otyrdy. Öňüne geçip, kürtäň ak seçeklerini çala açyp jyklap görüpdim. Ine, bu pursat özümde galsyn.

Daýym bize uly toý edip beripdi. Toý sebäpli Watan gullugyny alty aý yza süýşürdipdik. Hawa, ol hut meniň ýüregimiň üstünde dur. Bu kalba öz mährin çaýyp duran hem bolsa, ol wagtynda ömrümiň iň uly gorkusy bolupdy. Emma ol indi ýanymda. Diňe bir romaly däl, özi hem. Şükür!

Ahal, 2009 ýyl.

Kerimberdi Hakberdiýew.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri