Ösümlikler janly tebigatyň aýrylmaz bir bölegi. Sebäbi zerur iýmit çeşmesi bolup, ösümliklersiz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol sebäpden häzirki döwürde ösümlikleri içgin öwrenmek uly üns merkezinde durýar. Elbetde, bütin dünýäde ösümlikleriň dürli görnüşleri bar. Olar ýaşaýyş şerti, daşky görnüşi bilen tapawutlanýar. Şeýlelik-de ösümlikleriň ylymda belli bolmadyk syrlary örän köp. Olaryň adaty bolmadyk, täsin häsiýetleri häzirki döwürde ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösen zamanasynda her birimizi haýran galdyrýar. Muňa mysal edip ösümlikleriň adam ýaly sazy diňläp olary tapawutlandyrmak ukybyny aýtsa bolýar. Bu häsiýet her birimize geň ýaly bolup görünýär. Sebäbi ösümlik bir ýerde ösüp oturan, gulagy, beýnisi, ýokary nerw ulgamy ýok organizm hasaplanýar. Ýöne häzirki döwürde köp sanly ylmy barlaglaryň netijesinde ösümlikleriň saza bolan duýgurlyk ukybynyň bardygyny anyklamak başartdy. Sazyň ösümligiň ösüşine täsirini ilkinjileriň biri bolup, Hindistanyň Madras şäherindäki Annamalaý uniwersitetiniň botanika kafedrasynda Sink tarapyndan ylmy barlaglar alynyp barylypdyr. Olar şalynyň ir, aralyk we giç ýetişýän 6 sany sortuny, 7 sany Hindi obasynda synag geçiripdiler. Olar günde birnäçe sagat hindileriň “Gandharwa Wedasynyň” halk sazyny instrumental halk saz guralynda çalyp synag geçiripdirler. Netijede, şalynyň hasyllygy belli bir göterim aralygynda artandygy hasaba alnypdyr. Şeýlelik-de ösümlikleriň saza bolan duýgurlygy dünýäniň beýleki ýurtlarynyň alymlarynda hem uly gyzyklanma döredipdir. Hindi alymlaryndan başga-da ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň we beýleki döwletlerde ösümlikleriň saza duýgurlygy barada köp sanly ylmy barlaglar alynyp baryldy. Barlaglar netijesinde saz ösümlikleriň organizmine gönüden göni täsir edýändigi barada maglumatlarda duş gelmek bolýar. Saz goýberlende yrgyldylar ösümligiň organlaryna täsir edip, ösümlik öýjügindäki sitoplazmasynyň akymyny çaltlandyryp madda çalşyk organizminde güýçlenipdir. Ösümligiň baldaklary, ýapraklary ösüpdir. Mundan başga-da bilermenleriň aýtmagyna görä ösümliklerde gaz çalşygyny geçirýän agyzjyklaryň sany artyp, göwrümi ulalypdyr. Ösümlik üçin zerur bolan kömürturşy gazy we suw buglarynyň kabul edilişi we kislorodyň bölünip çykyşy ýokarlanypdyr. Bu bolsa fotosintez hadysasynyň geçmegini çaltlandyryp, organiki maddalaryň emele gelmegi artypdyr. Köküň göwrümi ulalyp sorujylygyň güýçlenmegi barada ylmy edebiýatlardaky belliklerde duş gelmek mümkin.
Ösümliklerde saz bilen baglanşykly ylmy barlaglar Italiýanyň Florense uniwersitetinde üzüm agajynda ýörite tejribe geçirýärler. Tejribede ýörite üzüm baglarynda günde birnäçe sagat klassiki sazlary goýlupdyr. Saz goýberilmedik üzüm baglary daşky massasy boýunça 30% tapawut beripdir. Klassiki sazlary goýberilen üzüm agaçlaryna pestisidleri sepmeklik zerurlygy ýüze çykmandyr. Şunuň ýaly tejribeleri Belgiýanyň “Genta” oba hojalyk unwersitetinde Ýannik Wan Doorn hem alyp barypdyr. Ol esasan üzüm agaçlarynda sazyň molekulýar derejede täsirini öwrenipdir, ýagny ylmy işgär saz üzümde belogyň biosintezini ýokarlandyrypdyr.
Oba hojalyk ekinlerine sazyň täsirini dünýäniň köp sanly bilermenleri tarapyndan öwrenildi. Olaryň bellemegine görä saz oba hojalyk ekinleriniň hasyllygynyň artmagyna getiripdir. Agrotehnikanyň talaplary doly berjaý edilende we saz bilen barlag geçirilende ortaça hasyldan 20-60% hasyl ýokary alyp boljakdygyny synaglaryň netijeleri görkezipdir. Oba hojalyk ekinlerinden bugdaýda, şugundyrda, rediskada, mekgejöwende, nohutda, otag güllerinde synag geçirlende ýokary görkezijiler alynypdyr. Mundan başga-da saz bilen baglanşykly tejribeler ösümlikler ýaramaz şertlerde ýagny, duzlylygy ýokary, gurak klimatly ýerlerde geçirilen synaglarda ýokary netije beripdir. Hytaýda we Ýaponiýanyň miweli baglarynda we ýyladyşhanalarda ýörite saz goýbermek üçin enjamlar oturdypdyrlar. Şeýlelik-de ösümlikleriň saz diňlemek ukyby bar. Ýöne ösümlikler hemme sazlarda ýokary netijelilige eýe bolmaýar. Sebäbi dünýä belli kompozitorlar bolan Bahyň, Mozartyň, Şopeniň klassiki sazlary, instrumental halk sazlary, jaz sazlar goýberlende ýokary görkezijileri beripdir. Rok sazlary bolsa ösümliklere ters täsir edip, ösümlikler ösüşden galyp, guramak bilen bolupdyr. Şeýlelik-de käbir döwletlerde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin saz albomlar toplumlary satuwa çykarlypdyr.
Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy.