- Özüne ynamsyz adam şüpheli garaşýarka, telekeçi batyrgaý hereketi bilen gazanýandyr. Amerikan psihology Henry C. Link
- Telekeçilik- bu täzelenmek üçin ruhumyzyň, akylymyzyň hem-de bedenimiziň gaýratly bolmagydyr. Fransuz biology Alexis Carrel
- Pikir edil ýangyç ýalydyr we ol hemme-de bar hem bolsa, ony motora guýup ýakyp biljek diňe telekeçidir. Kanadaly ýazyjy Herbert N. Casson
- Öz işiňi gurmak we dolandyrmak, başgalary üçin işlemekden has abraýlyrakdyr. Amerikan ýazyjysy H. L. Mencken
- Iş beriji hökmünde işgärlere zähmet hakyny töläp görmedik adam, entek kämil adam däldir. Amerikan ýazyjysy Ivan Shaffer
- Abraýly telekeçi bolmak üçin diňe bir iş wagtyňyzy däl, bütin ömrüňizi berip biljek kärhanany gurmalysyňyz. Amerikan ýazyjysy Warren Rodgers
- Telekeçiligiň esasy syry hiç kimiň bilmedigini bilmekdir. Grek işewüri Aristotle Onassis
- Öňdebaryjy bolmak her bir telekeçiniň adaty häsiýetidir… Ine diňe şol ýagdaýda gyt serişdeler bolçulyga öwrüler. Amerikan ykdysatçysy Peter F. Drucker
- Durmuşda öz aýaklarynda durup bilýänler: ukydan turan badyna isleýän şertlerini gözleýänler, tapmasalar özleri döredenlerdir. Irlandiýaly syýasatçy George Bernard Shaw
- Eger telekeçilik ösýän bolsa, bolçulyk ykdysadyýeti güllär, emma telekeçilik bolmasa bolçulyk ykdysadyýeti gurap, ýok bolar. Iňlis ykdysatçysy John Maynard Keynes
- Telekeçi gysgaça aýdanyňda kynçylyklary we pursatlary tapawutlandyryp, ikisini hem öz bähbidine öwrüp bilýän adamdyr. Amerikan işewüri Victor Kiam
- Bir adam derrew ýola rowana bolar, emma iki adamyň ýola çykmagy uzaga çeker, sebäbi bir-birine garaşmaly bolarlar. Amerikan ýazyjysy Henry David Thoreau
- Maksada okgunly telekeçilik üçin meýilleşdirenleriň hemmesi gazanylynça goýulmaly däldir. Iňlis ýazyjysy William Shakespeare
- Kiçi hem bolsa öz işini guraýanlaryň sany artdygyça döwletimiz has ynamly öser. Iň hyjuwly watandaşlar, öz bähbidini Watanynyň ösüşinde gözleýänlerdir. Amerikan syýasatçysy John Hancock
- Telekeçiniň ilkinji başdan geçirmeleri belki girdejiniň deregine tejribe gazandyrar, bu bolsa çaganyň süýt dişleriniň gopmagy ýalydyr, ýerine has berk dişleriň çykmagy wagt alar. Amerikan ýazyjysy Jackson Brown
- Başgalary dükan açar ýaly ilki özüň bir dükan aç. Iňlis nakyly
- Telekeçiniň täzelikçi hem-de ruhy deňagramlylygy: höwesjeňlik, sabyrlylyk, durnuklylyk, kararlylyk, öňdebaryjylyk, satyjylyk, pikirleniş we hyzmatdaşlykdyr. Amerikan işewüri Deaver Brown
- Kiçi kärhanalarda islendik bir işgäriň ýerlikli pikiri täze önümi döreder. Uly kärhanada şol pikir aýlarça dowam eden ýygnaklaryň içinde ýitip gider. Amerikan marketology Al Ries
- Telekeçi rugsat almagyň deregine bagyşlamagy saýlap alýandyr. Amerikan ýazyjysy Joe Mancuso
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.