JEMGYÝET

Wideokonferenasiýanyň ähmiýeti

Häzirki wagtda tehnologiýa çalt depginler bilen ösýär we özgerýär. Şu döwürde internet ulgamynyň çäksiz mümkinçiliklerinden hem giňden peýdalanylyp, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýa-da öz ýurduň çäginde, ýöne daşrakda ýaşaýan adamlar bilen wideokonferensiýa arkaly ýüzbe-ýüz gürleşmäge şertler döredildi.

Mälim bolşy ýaly, şu wagt dünýäde ýiti respirator keseliniň giňden ýaýran döwründe internetiň mümkinçilikleri has-da giň gerimde ulanylyp başlandy. Dünýäniň köp ýurdunyň döwlet Baştutanlary hökümet mejlislerini ýa-da degişli döwlet ýolbaşçylary bilen wideokonferensiýa ulgamy arkaly habarlaşýarlar.

Wideokonferensiýanyň ähmiýetiniň has-da ýokarlanan we dünýä metbugatynda has köp tehnologik adalga hökmünde agzalan döwründe bu ulgamyň taryhy ýa-da giňden ulanylyp başlan döwri köpleriň ünsüni çekmegi mümkin. Şol barada ýene-de internet maglumatlary esasynda käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Wideokonferensiýa näme?

Wideokonferensiýa – iki ýa-da has köp ýer bilen bir wagtda wideo we sesli gürleşmäge mümkinçilik berýän telekommunikasiýa tehnologiýasydyr. Ýüzbe-ýüz hakyky söhbetdeşlige meňzeýär. Mysal üçin, ýygnaga gatnaşyp bilmeýän adam wideokonferensiýa ulgamy arkaly gatnaşyp biler. Iki tarap hem biri-birini görüp hem-de eşidip bilýärler. Bu ulgamy, döwlet işgärleriniň arasynda ähli ýygnaklarda we ş.m. görnüşde ulanylyp bolar.

Wideotelefoniýa düşünjesi ilkinji gezek 1870-nji ýyllaryň ahyrynda ABŞ-da we Ýewropada ýüze çykypdyr. Bu ulgamy ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda ABŞ-da işlenip düzüldi. “Picturephone” tehnologiýasynyň bir bölegi. Bazara “AT&T” kompaniýasy tarapyndan hödürlendi.  Köp sanly hususy kompaniýalar tarapyndan ulanyldy we ösdürildi. 1980-nji ýyldan soň “wideokonferensiýa” ady bilen giňden ulanylyp başlandy. XXI asyryň başynda bütin dünýäde elýeterli boldy. Şeýlelikde wideokonferensiýa ahyrsoňy köp sanly ulanyjy tarapyndan peýdalanyp başlandy. Tehnologiýa bazaryny ösdürmegiň täze tapgyrynyň başlangyjy boldy.

1995-nji ýylda Demirgazyk Amerika bilen Afrikanyň arasynda ilkinji köpçülikleýin wideokonferensiýasy bolup, San-Fransiskodaky tehnologiýa ýarmarkasyny Keýptaundakylara görkezildi. 2000-nji ýyllarda internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanlamagy bilen bu ulgam has giňden ulanylmaga başlandy.

Wideokonferensiýa okuwçylara we talyplara iki taraplaýyn aragatnaşyk forumlaryna gatnaşyp öwrenmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, dünýädäki mugallymlary bu ulgam arkaly başga bir ýokary okuw mekdeplerindäki derslere gatnaşdyryp bolýar. Dürli jemgyýetlerden we dürli gatlaklardan gelen talyplar, telekommunikasiýa diýlip atlandyrylýan amallar arkaly birek-biregi öwrenmek üçin birleşip bilýärler.

Şeýle hem wideokonferensiýa, anyklaýyş, maslahat bermek, lukmançylyk suratlaryny ibermek we ş.m. ýaly lukmançylyk üçin hem örän peýdaly tehnologiýadyr. Wideoşekilli konferensiýa bilen hassalar adatdan daşary ýa-da adaty ýagdaýlarda şepagat uýalary we lukmanlar bilen habarlaşyp bilerler; lukmanlar we beýleki saglygy goraýyş işgärleri bilen uzak aralyklardan ýagdaýlary barada ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

Metbugat wideokonferensiýasy düşünjesi, 2007-nji ýylyň oktýabrynda “PanAfrican Press” assosiasiýasy (APPA) tarapyndan afrikaly žurnalistleriň halkara metbugat konferensiýalaryna gatnaşmaga mümkinçilik döretmek üçin işlenip düzüldi.

Şu ýerde ýene-de bir zada ünsüňizi çekmek isleýäris. Türkmenistan döwletimizde hem sanly ulgama we häzirki zaman tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Muňa Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hem aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň Prezidenti 2013-nji ýyldan bäri wideoşekilli iş maslahatlaryny geçirip gelýär. Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň we beýleki hökümet mejlisleriniň köpüsi wideokonferensiýa ulgamy arkaly geçirilýär.

Ýene-de okaň

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär