GENEL

Omega ― «akylly» kömekçi

Ýakynda dünýä liderleriniň Dubaýda geçirilen 7-nji maslahatynda Will.I.am atly dünýä belli sazanda emeli aň bilen işleýän kömekçi robot ― Omega bilen tanyşdyrdy.

ABŞ-ly sazanda beýleki käbir meşhur adamlar ýaly öz güýjüni işewürlik dünýäsinde hem synap görmekçi. Munuň üçin ol Omegany döretmek üçin özüniň «I.am.Plus» kompaniýasy bilen Dubaýdaky «Majid Al Futtiam» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Omega agşamlyk naharynyň başynda kömekçi bolmak, öýe azyk satyn almak, kinoteatr üçin petek almak ýaly gündelik işleriň birnäçesini amala aşyryp bilýär. Ilki bilen onuň nemes dilindäki görnüşi synagdan geçirildi we synag üstünlik bilen tamamlandy. Ýakynda bolsa iňlis we arap dillerinde hem «gürläp bilýän» Omega döredildi. Ýakyn geljekde onuň arap diliniň ähli şiwelerinde suwara gürläp biljekdigi aýdylýar.

 

Related posts

İtalyan işadamlarından Türkmenistan çıkarması

Türk şirketleri Arkadag şehrinin ikinci etabının inşasına katılmaya hazır

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Raşid Meredov TÜRKSOY’u ziyaret etti