GENEL

Bir jan, bir ten bolup goldadylar

Angliýanyň «Aston Willa» futbol toparynyň hüjümçisi Mbwana Samatta APL-däki (Angliýanyň Premiýer ligasy) ilkinji duşuşygyny çempionatyň öňdebaryjylarynyň biri «Lesteriň» garşysyna geçirdi.

Hüjümçiniň watandaşlary ― Tanzaniýaly janköýerler 27 ýaşly futbolçynyň Angliýadaky ilkinji duşuşygyna agzybirlik bilen ägirt ekranda tomaşa etdiler. Olaryň bu pursatlaryndan suratlary hüjümçiniň özi sosial ulgamlardaky sahypasynda paýlaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, Samatta Angliýada çykyş edýän ilkinji tanzaniýaly futbolçydyr. Ol «Aston Willanyň» düzümine Belgiýanyň «Genk» toparyndan goşuldy.

Agzalan duşuşykda «Aston Willanyň» «Lesteri» 2:1 hasabynda ýeňendigine garamazdan, tapawutlanyp bilmedi. Ol esasy düzümde meýdana çykyp, 67 minut futbol oýnady. Emma düýn ― 1-nji fewralda «Bornmut» bilen bolan duşuşykda toparynyň 1:2 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, Samatta APL-däki ilkinji pökgüsini geçirdi. Ol duşuşygyň 70-nji minudynda tapawutlandy.

Related posts

Türkmen Lider, Rusya Başbakan Yardımcısını kabul etti

vepa

Türkmenistan Turkmentravel 2026 Fuarı’na ev sahipliği yaptı

THY’nin eylül ayı uçuş planı belli oldu

Dr.Döwran Orazgylyjov