DÜNYA

Dünýädäki iň uly gül

“CNN” habarlar gullugynyň habar berşine görä, Indoneziýanyň Günbatar Sumatra Merkezi tebigy baýlyklary goraghanasynyň jeňňelinde, alymlar ägirt uly “Elhenç-gül” tapýarlar. Onuň diametri 111 santimetre ýetip, dünýäde iň uly gül diýip hasaplanýar. Bu ösümlik 2017-nji ýylda rekorda giren gülüň ýerinde ösüp, deňeşdireniňde öňki güle görä, 10 santimetr uludyr.

“Raffeliýa” atly jeňňelde ösýän bu ösümligiň hiç hili köki we ýapraklary bolman, ýakynyndaky ösümliklerden peýdaly maddalary we suwy sorup alýar. Alymlar bu güli mugthor ösümlikleriň bir görnüşi diýip hasaplaýarlar. Mundan başga-da, bu “elhenç-gül” zaýalanan etiň ysyna çalymdaş ýakymsyz yslary bölüp çykarýar.

Related posts

ABŞ-da Golliwud, Hindistanda Bolliwud, Özbegistanda Solliwud

vepa

Uluslararası Orta Asya Enstitüsü kuruldu

Türkmen Lider sporda yeni hedefler belirledi

vepa