GENEL

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Şweýsariýanyň Nýon şäherinde 2019-2020-nji ýylyň möwsümi üçin Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda duşuşjak toparlaryň bijeleri çekildi.

Bije çekilişiginiň netijelerine görä, Ýewropanyň iň ökde toparyny kesgitlejek ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyrlarynyň birinde duşuşjak toparlaryň sanawy şeýleräk:

“Borussiýa” (Dortmund, Germaniýa) – “Pari Sen-Žermen” (Fransiýa).

“Real Madrid” (Ispaniýa) – “Mançester Siti” (Angliýa).

“Atalanta” (Italiýa) – “Walensiýa” (Ispaniýa).

“Atletiko Madrid” (Ispaniýa) – “Liwerpul” (Angliýa).

 “Çelsi” (Angliýa) – “Bawariýa” (Germaniýa).      

“Lion” (Fransiýa) – “Ýuwentus” (Italiýa).

“Tottenhem Hotspur” (Angliýa) – “PB Leýpsig” (Germaniýa).

“Napoli” (Italiýa) – “Barselona” (Ispaniýa).

Ilkinji duşuşyklar 18-nji, 19-njy, 25-nji we 26-njy fewralda, jogap duşyşklary bolsa 10-njy, 11-nji, 17-nji we 18-nji martda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Sport ulag merkezine bardy

vepa

Enerji Şartı Türkmenistan Başkanlığı için özel site faaliyete başladı

vepa

Türkmenistan ve Azerbaycan, fiber optik kablo ile bağlanacak

vepa