GENEL

Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan üçtaraplaýyn resminama gol çekdiler

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Daşary işler ministri R.Meredow, gazak tarapyndan – Daşary işler ministri M.Tleuberdi, özbek tarapyndan – Daşary işler ministri A.Kamilow tarapyndan gol çekildi.

Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu gün Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen düýn Aşgabat şäherine gelendiklerini bellemek zerurdyr.

Related posts

Irak, Türkmenistan ve Katar’dan gaz ithal etme çabalarını sürdürüyor

Türkmenistan uluslararası tenis turnuvalarına ev sahipliği yapmaya hazır

Rus enerji şirketlerinden Türkmenistan’a büyük ilgi

vepa