07

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi: uly gurluşyk taslamasy

Uglewodorod serişdelerine uly goruny özünde jemleýän Türkmenistanda gurluşyk pudagynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurtda täze iri göwrümli gurluşyk taslamalaryna badalga berler. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkeziniň taslamalary bilen tanyşdy.

Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginde geçirilen tanyşdyrylyş çäresinde welaýatda guruljak iri taslamalar hödürlendi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi, bu welaýatdan saýlanan milli parlamentiň deputatlary, şeýle hem taslamalaryň degişli bolan edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taslamalary jikme-jik gözden geçiren hormatly Prezidentimiz bu iri göwrümli durmuş maksatly taslamanyň  ekologiýa we innowasiýa talaplaryna laýyk gurulmalydygyny belledi. Taslamalara birnäçe düzedişler girizen milli Liderimiz Ahal welaýatyndan saýlanan milli parlamentiň deputatlaryna welaýatyň ilaty bilen bilelikde, täze dolandyryş merkeziniň takyk ýerleşjek ýerini kesgitlemegi tabşyrdy. Taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda adamlar üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeni-durmuş binalarynyň guralmalydygyny, jemagat gulluklarynyň işiniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Täze taslamalar boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler.

SEBITDE GURULJAK IRI TASLAMALAR

- Ýadygärlik binasyny, Döwlet Baýdagy üçin beýik sütüni bolan meýdançany, häkimliginiň hem-de beýleki düzümleriň edaralaryny, şol sanda jemgyýetçilik guramalaryna, oba hojalyk, maliýe-ykdysady pudaklaryna, saglygy goraýyş toplumlara, ulag, aragatnaşyk, jemagat hojalygy we söwda pudaklaryna degişli edaralary bilen bir hatarda Ruhyýet köşgi, welaýat medeniýet we baş bilim müdirligi üçin binalar, drama teatry, kitaphana hem-de muzeý bina ediler.

- Döwrebap stadion hem-de sport toplumynyň ikisi gurlar. Seýilgäh gurmak hem meýilleşdirilýär. Bank toplumy üçin Merkezi bankyň Ahal welaýat dolandyrmasy hem-de ýurdumyzyň iri banklarynyň şahamçalarynyň desgalary bina ediler. Ahal welaýatynyň hukuk goraýjy düzümleri üçin niýetlenen binalaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

-  Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde aýlawy türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini gurmak maksat edinilýär.

- Täze gurluşyklarda orta hünär okuw mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

- Köpugurly hassahana, saglyk öýi, aragatnaşyk edarasy, köp gatly awtoduralga we açyk awtoduralga, işewürlik merkezi, Bagt köşgi, bazar we söwda merkezi gurlar.

- Sebitde köp gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Taslamalaryň görnüşleriniň birinde 874 gektar meýdanda öýleriň 208-sini gurmak teklip edilýär. Şolaryň, umuman, 13 müň 452 maşgala niýetlenen 142 öýi — 12 gatly, 66-sy bolsa 9 gatlydyr. Şeýlelikde, şeýle ýaşaýyş toplumynyň ilaty 67 müň 260 adam bolar.

- Taslamanyň ikinji görnüşi 212 sany 7 gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolup, olar jemi 7 müň 916 hojalyga ýa-da 39 müň 580 adama niýetlenendir.

- Taslamanyň üçünji görnüşinde jaýlaryň 235-sini gurmak göz öňünde tutulýar, şonda jaýlaryň köpüsi 9 gatly hem-de 72 öýli 12 gatly bolar. Umuman, şeýle ýaşaýyş toplumy 67 müň 770 adamyň ýaşap biljek öýleriniň 13 554-sine niýetlenendir.

- Taslamanyň dördünji görnüşiniň eýeleýän meýdany 880 gektara deňdir. Bu ýerde 5 we 7 gatly jaýlary gurmak meýilleşdirilýär.

- Bäşinji görnüş bolsa, 862 gektar meýdany eýelär, onda hem dokuz gatly jaýlary gurmak teklip edilýär.

- Sebitde 4 gektar meýdanda 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy gurlar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin degişli karar kabul edildi. Umumy meýdany 19 müň 500 inedördül metre barabar bolan hassahanada awtoulaglary goýmak üçin ýerler, hlorator, hojalyk ammarlary, agyz suwy, suwaryş suwy üçin çelekler, ýangyna garşy gidrantlar, tehniki desgalar, transformator bekedi, sanitar ulaglary üçin garaž hem-de ýokançsyzlandyrma üçin meýdança ýerleşdiriler.

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *