07

“Amul-Hazar 2018” Galalar: 2

“Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň geçirilýän ugurlaryny tanyşdyrmak maksady bilen makalalar toplumyna uly gyzyklanma boldy. Bugünki sanymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky galalar baradaky gysga setirlerimize dowam edýäris. Makalalary www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda neşir edýäris.

 

Sarahs galasy

Sarahs Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen adybir sebitiň merkezi şäheri bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ýerli mirasdarlary bilim alanlaryndan soň, Sarahsyň ähmiýeti ep-esli artýar.  Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Ýöne mongol basybalyşlary Sarahsyň tozdurylmagyna, ilatynyň gyrylmagyna getiripdir. Merkezi galanyň berkitmeleri öz gorag wezipesini bes edipdir, şähristanyň berkitmeleri ýumrulypdyr.

Köne Kaka

Gurluşy boýunça bu şäher köpsanly diňli, içinden garym gazylan kuwwatly gala diwarlary bilen biraz süýndürilen dörtburçlugy emele getirýär. Birmahallar hatarlanyp duran köpsanly, çürelip gidýän diňler indi ýöne tümmek bolup galypdyr, diňe käbir ýerlerinde olary anyk saýgaryp bolýar. Ilatly ýeriň edil merkezinde diýen ýaly içki gala hem bolupdyr, häzir onuň töwerek-daşyny içi zeý suwundan doly uly kölçe gurşapdyr. Öň ol galanyň goragy üçin gazylan garym ekeni, ol hem şäheriň daşyndan gazylan garym bilen birleşdirilipdir.

Hysrowgala

Abiwerdiň günbatarynda dagyň eteginde Hysrowgala şäheri howalanyp görünýär. Irki antik zamanlarda bina edilen bu şäher iki sany berkitmeden ybaratdyr. Ol laýdan galdyrylan dokuz metrlik tekiz ýer bolup, harby gorag maksadynyň juda kämil usulynyň aňlatmasydyr. Şäheriň gündogar ugrunda içki gala ýerleşip, ol giň garym arkaly bölünip aýrylypdyr. Şähristan hem-de Hysrowgala hersi özbaşdak, şonuň bilen birlikde hem, duşman çozan halatynda hyzmatdaşlykda bolmagyň mümkinçiligi göz öňünde tutulan gorag ulgamyna eýedir.

Köne we Täze Nusaý galalary

Köne Nusaý galasynyň döremegi parfiýalylaryň şasy Mitridat bilen bagly hem bolsa, Täze Nusaý şäheriniň dörän wagty barada anyk maglumat ýok. Köne Nusaýdan tapylan tapyndylaryň içinde tutuş synasynyň gözelligi görnüp duran ýaş aýalyň heýkeli bar. Onuň Parfiýa şasy Mitridat I-niň gyzy Rodoguna bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Köne Nusaýdan tapawutlylykda, Täze Nusaý Parfiýa darganyndan soň hem şäher galasy hökmünde köp asyrlar ýaşaýar.

Täkýazyr

Häzirki Bäherdeniň merkezinden 20 kilometr demirgazykda orta asyr Täkýazyr galasynyň galyndylary, häzir Şähryslam ady bilen tanalýan şäher ýerleşýär. Galyndylara ser salsaň, bu şäheriň iki galaly hem-de bir inedördül kilometr meýdany bolan (töwerek-daşy bilen) şähristanly uly şäherdigi mälim bolýar. Häzire çenli saklanyp galan gala diwarlary, gorag maksady bilen gurlan diňleriň köplügi şäherlileriň ýurduň goragyna uly üns berendigini aýan edýär. Hususan-da, çarwa kowumlarynyň geljek ugruny, galanyň demirgazyk tarapyny has berkidipdirler.

Paraw

Nusaýdan Dehistana barýan ýolda orta asyrlara degişli Paraw şäheri ýerleşýär. Dagyň eteginde gurlan bu şäher diwarlary daşyna halkalanan örän berk gala görnüşindedir. Onuň yzlary häzirki wagtda hem açyk bildirip dur. Şäher dag eňňidinde gurlup, dag çeşmesiniň bir kilometr çemesi aşaklygyna iki kenaryny hem öz çägine alýar. Şäheriň ýokary böleginde içki galasy bar. Taryhy çeşmelerde Paraw şäheri oguzlaryň çölüň etegindäki, Horasan bilen Dehistanyň serhedinde gurlan galalary hökmünde beýan edilýär.

Gürgenç

Amyderýanyň aşak akymynda bol hasylly, gür ilatly sebitiň merkezi Gürgenç şäheri bolupdyr. Häzirki Köneürgenjiň merkezinde we günorta künjeginde gadymy şäheriň asyrlaryň sarsgynyna ýan bermän oturan ýadygärlikleri 650 gektara barabar meýdany eýeleýär. Häzirki goraghananyň ähli ýeri kuwwatly gala diwarlary bilen gurşalypdyr. Galanyň iç ýüzünde iki sany içki galasy, ýaşaýyş jaýlarynyň sansyz köp hatarlary, dürli hünärmentçilik ussahanalary, kerwensaraýlar, aramgähler, minaraly metjitler, köşkler hem-de patyşa çarbaglary saýa salypdyr.

Döwkesen

Gürgenjiň demirgazyk çetinde Döwkesen şäheri bar. Onuň gala diwarlary hem-de binalary Üstýurt tekizliginiň üç sany eňňit ýerinde gurlup, ol ýerden ýokarda howalanyp görünýär. Oňa «Arwahlaryň kesen galasy» – Döwkesen diýilýär. Bu gadymy ilatly ýeriň taryhy has ir döwürlerden, biziň eýýamymyzdan öňki VI–III asyrlardan başlanýar, alymlar onuň Wezir şäheri bolandygy hakynda belläp geçýärler. Bu şäheriň kuwwatly içki galasy hem-de ybadathanasy bolup, ol orta asyrlarda hem bar eken.

Maňgyr gala

Köneürgençden günbatara, Sarygamyşa tarap giden kerwenler Maňgyr belentligine çykypdyrlar. Onuň depesinde şu wagtlar hem etekleri bilen ýaýran uly şäheriň yzlaryny görmek bolýar. Bu ýere Maňgyr gala diýilýär, ýöne onuň esasy ýörgünli ady Halapdyr. Ol Siriýadaky köne Halap şäheriniň adydyr. «Şasenem – Garyp» dessanynda bu şäheriň ady getirilýär.

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

IMO Hesabı : +993 65 80 24 70     

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *