07

Makalalar toplumy başlaýar: “Amul-Hazar 2018”

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýene-de sanlyja günden iri halkara ýaryş -  “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine badalga berler. “Atawatan Türkmenistan” döredijilik topary hökmünde awtoralli mynasybetli Türkmenistany we “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň geçirilýän ugurlaryny tanyşdyrmak maksady bilen makalalar toplumyny çap etmäge başlaýarys. Gysga gysga makalalar www.atavatan-turkmenistan.com internet sahypasynda türkmen we türk dillerinde çap ediler.

Şeýle hem makalalarymyzy “Facebook”, “Linkedin”, “Twitter” ýaly sosial sahypalardaky “Atawatan Türkmenistan” döredijilik toparynyň resmi sahypalaryndan okap bilersiňiz. İMO sahypasynda-da makalalar bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler. Bu sosial sahypalardaky makalalarymyzy has köp okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin olary siziň hem paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçirilýän bu halkara ýaryş gadymy Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy we medeni mirasyň bütindünýä wagyz edilmegi maksady bilen geçirilýär. Awtoulag sportunyň muşdaklarynyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu bäsleşigine dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan dünýä belli türgenler gatnaşar.

9-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi Türkmenistanyň gündogaryndaky Amul galasyndan badalga alyp, Hazar deňziniň kenaryndaky syýahatçylyk merkeziniň merjeni hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanar.

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

IMO Hesabı : +993 65 80 24 70     

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *