07

Türkmen köli ralli muşdaklaryna gujak açdy

Türkmenistanda şu gün tamamlanýan “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisinde esasy düşelgeleriniň biri Garagum sähralygyny bezeýän «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Atawatan Türkmenistan žurnalynyň döredijilik topary tarapyndan taýýarlanylýan we www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda neşir edilýän makalalar toplumynda bu gün Türkmen köli baradaky setirleri ýetirýäris.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyna 2000-nji ýylda girişildi. Köli döretmegiň esasy maksady zeý suwlaryň ýygnalmagyny kadalaşdyrmak we olary ekologiýa taýdan howpsuz ýere akdyrmakdan, zeýkeşleriň geçýän ýeriniň ugrunda şora çydamly oba hojalyk ekinlerini ekmekden, öri meýdanlaryny suwlulandyrmakdan, zeý suwlary bilen doldurylan howdanlarda balyk hojalygyny ösdürmek üçin ýurdumyzyň hojalygara we esasy zeýkeşlerini bir bitewi ulgama birleşdirmekden ybaratdyr.

2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň birinji nobatdakysy ulanmaga berildi. Onuň Garagum çölüniň içi bilen geçýän iki sany şor suw akabasy bolup, Daşoguz şahasy 380, Baş şor suw akabasy 720 kilometre deňdir.

Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy «2003—2010-njy ýyllar üçin Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça anyk hereketleriň maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama 2002-nji ýylyň oktýabrynda Merkezi Aziýadaky döwletleriň Baştutanlary tarapyndan hem-de 2003-nji ýylyň awgustynda Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy. Şeýlelikde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň wajyplygy we maksadalaýyklygy Merkezi Aziýadaky beýleki döwletler tarapyndan hem ykrar edildi.

Suw hojalygy, meliorasiýa we ekologiýa boýunça «Soýuzwodproýekt» inženerçilik ylmy-önümçilik merkeziniň baş direktory, Russiýanyň Tebigy ylymlar akademiýasynyň akademigi, geografiýa ylymlarynyň doktory professor Igor Sergeýewiç Zonn bu ägirt ekogidrotehniki taslama bagyşlap, «Altyn asyr» Türkmen köli we Türkmenistanda suw serişdeleri» atly kitabyny hem ýazdy. Bu kitap 2014-nji ýylda Germaniýanyň «Şpringer» neşirýaty tarapyndan çap edildi.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *