07

Dünýä çempionatynda ýatda galan gyzykly maglumatlar

14-nji iýun-15-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasynda ilkinji gezek geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Fransiýanyň ýygyndysy 20 ýyldan soňra özüniň 2-nji çempionlygyny yglan etdi. Bu çempionatyň tamamlanmagy bilen estafeta baýdagy Katar Döwletine berildi. Ýene-de 4 ýyldan, ýagny 2022-nji ýylda dünýä kubogy 21-nji noýabr – 18-nji dekabr aralygynda gyş paslynda Katarda geçiriler. Ol gyşda geçirilen ilkinji futbol çempionaty hökmünde häzirden taryha girdi.

3 milliondan gowrak syýahatçy kabul eden Russiýadaky çempionatyň ýatda galan wakalary şeýle:

  •  Russiýanyň ýygyndysy ilkinji gezek dünýä çempionatynda topardan çykdy. Şeýle hem 1/8 final duşuşygynda çempionatyň esasy toparlarynyň biri Ispaniýany ýeňmegi başardy.
  • Ilkinji gezek dünýä çempionaty Ýewropa we Aziýa yklymynda geçirildi. Bu ýaryşyň gündogar şäheri Ýekaterinburg bolup, ol Ýewropa bilen Aziýanyň serhedinde ýerleşýär.
  • 2014-nji ýylyň çempiony Germaniýanyň topardan hem çykmagy başarmazlygy köpleri haýran galdyrdy. Çempionlar bilen şeýle ýagdaý üçünji gezek gaýtalanýar. 2014-nji ýylda ispanlar, 2010-nji ýylda italiýalar pleý-off tapgyryna çykyp bilmändi.
  • Belgiýanyň ýygyndysy 48 ýyldan soňra 2:0 hasabyna utulyp barýarka, utmagy başaran ilkinji topardyr. Olar 1/8 final duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndysyny 3:2 hasabyna utdy.
  • “Altyn aýakgap” baýragyna Angliýanyň hüjümçisi Harri Keýn (6 gol), “altyn pökgi” baýragyna horwatiýaly Luka Modriç mynasyp boly, şeýle hem çempionatyň iň ýaş futbolçysy hökmünde fransiýaly Kilian Mbappe saýlandy.
  • Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “janköýer pasportyna” eýe bolan daşary ýurtlularyň şu ýylyň ahyryna çenli Russiýa gelip gitmegine rugsat berdi.
  • Horwatiýanyň ýygyndysy finaldaky garşydaşyndan bir oýun köp oýnady. Sebäbi horwatlaryň pleý-offdaky 3 duşuşygynyň netijeleri goşmaça wagtlardan soňra berilýän 11 metrlik jerime urgularyndan soňra mälim boldy. Şonuň üçin horwatlar köpräk oýnamaly boldy.
  • Eýranyň zenanlaryna 1979-njy ýyldan soňra erkekler bilen stadionynda futbol tomaşa etmäge mümkinçilik aldy. Zenanlar we erkekler bilelikde Tährandaky “Azadi” stadionynda oturdylan ullakan monitorda Eýran bilen Ispaniýanyň duşuşygyny tomaşa etdi.
  • Wideo kömekçi ulgamynyň (VAR) işe goýberilen ilkinji çempionatydyr.
  • Kriştian Ronaldu 52 ýylyň dowamynda çempionatda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedik ilkinji portugal futbolçysydyr. Topardaky oýunda onuň 11 metrlik jerime urgusyndan depen topuny eýranly derwezeban Alireza Beýranwand yzyna gaýtarypdy.
  • Çempionatda iň köp golly duşuşykda gazanan Russiýa bilen Angliýa boldy. Ýer eýeleri Russiýa Saud Arabystanyny 5:0 hasabynda, Angliýa bolsa Panamanyň ýygyndysyny 6:1 hasabynda utdy.
  • Braziliýanyň ýygyndysynyň ýyldyzy Neýmar şikesli hökmünde meýdançada 15 minutdan gowrak ýatdy. Bu dünýä çempionatynyň rekordy.
  • Fransiýanyň ýygyndysy iň köp milletli topardyr. 23 futbolçydan 17-si migrantlar ýa-da migrantlaryň çagasy. Olaryň 12-si Afrikadan göçüp gelipdir.
  • Ispaniýanyň ýygyndysy çempionaty gurnaýan ýer eýeleriniň ýygyndylaryny şu wagta çenli utmandyr. Bu gezek hem başartmady. Russiýanyň ýygyndysy 1/8 final duşuşygynda Ispaniýany ýeňdi.
  • Senegalyň topary topardan çykyp bilmedi. Bu topardan sary duýduryş kartlary az alan Ýaponiýanyň ýygyndysy indiki tapgyra çykdy.
  • Bu çempionat Ýewropanyň bäsleşigi hökmünde ýatda galdy. Topardan çykan 16 toparyň 10-sy Ýewropa ýurtlarynyň ýygyndylary boldy. Afrika yklymynyň toparlaryna pleý-off tapgyryna çykmak başartmady.
  • Fransiýaly Kilian Mbappe (19 ýaş) Peleden soňra dünýä çempionatynyň final duşuşykda tapawutlanan futbolçy boldy. Pele 17 ýaşynda final duşuşygynda tapawutlanypdy.
  • Fransiýanyň tälimçisi Didýe Deşam dünýä çempionatynyň taryhyna girdi. Ol hem futbolçy hem-de tälimçi hökmünde kubogy galdyran 3-nji şahsyýetdi. 1998-nji ýylda Fransiýanyň ýygyndysynyň kapitany hökmünde, 20 ýyldan soöra tälimçi hökmünde kuboga eýe boldy. Mundan ozal, Braziliýaly Mario Zagallo 1958-nji we 1962-nji ýyllarda futbolçy, 1970-nji ýylda tälimçi hökmünde, germaniýaly Frans Bekkenbaur bolsa 1974-nji ýylda futbolçy, 1990-njy ýylda tälim hökmünde kuboga eýe bolupdy.

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *