07

Dünýä çempionatynda nobat çärýek finalda

Russiýada dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionaty ahyrlap gelýär. 1/8 final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça baş kubogy almak ugrundaky ýaryşda 8 topar galdy. Olar, ýer eýeleri Russiýa, şeýle hem Braziliýa, Horwatiýa, Angliýa, Şwesiýa, Urugwaý, Fransiýa we Belgiýadyr. Ýewropa ýurtlaryndan 6 döwlet we Amerika yklymyndan 2 ýurt dünýä kubogyny almak üçin çärýek finalda (¼ final) duşuşar.

Çärýek finalyň gatnaşmaga hukuk gazanan toparlar düýn geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça mälim edildi. Şwesiýa Şweýsariýany 1:0 hasabynda utdy. Angliýa bilen Kolumbiýanyň duşuşygynň ýeňijisini bolsa 11 metrlik jeirme urgular mälim etdi. 11 metrlik jerime urgulary boýunça utuşly tarap Angliýa boldy.  1966-njy ýylda dünýäniň çempiony bolan Angliýa şu wagta çenli çempionatyň duşuşyklarynda 11 metrlik jeirme urgularynda ýeňlen tarap bolupdyr. Ilkinji gezek Angliýa ýeňen tarap boldy.  

¼ finalyň duşuşyklarynyň tertibi

¼ finalyň duşuşyklary 6-nji iýulda başlanar. Şoňa çenli iki gün hem janköýerler hem-de futbolçylar dynç alar.

6-nji iýul

19:00 Urugwaý – Fransiýa (Nižniý Nowgorod stadiony)

23:00 Braziliýa – Belgiýa (Kazan Arena stadiony)

7-nji iýul

19:00  Şwesiýa – Angliýa (Samara Arena stadiony)

23:00 Russiýa – Horwatiýa (Fiş stadiony)

ÝARYM FINAL DUŞUŞYKLARY

10-NJY IÝUL

Urugwaý – Fransiýa / Braziliýa -Belgiýa (Şu ýygyndylaryň ýeňijileriň arasynda bolar).

11-NJI IÝUL

Russiýa – Horwatiýa / Şwesiýa – Angliýa (Şu ýygyndylaryň ýeňijileriň arasynda bolar).

 

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *