07

Messi, Ronaldo we Ispaniýa dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Russiýa Federasiýasynda dowam edýän futbol baýramçylygy gyzykly hem-de çekeleşikli duşuşyklary bilen ýatda galdyryjy pursatlara baý bolýar. Toparçadaky duşuşyklar tamamlanyp, 1/8 finalyň ýagny 16 milli ýygyndynyň duşuşyklary haýran galdyryjy netijeler bilen tamamlanýar.

32 ýygyndynyň baş kubogy almak ugrundaky futbol boýunça dünýä çempionatynda 2014-nji ýylyň çempiony Germaniýa topardan çykyp bilmedi. Onuň yzysüre başlan, 1/8 final duşuşyklarynyň netijesi boýunça dünýäniň iň ökde futbolçylary Lionel Messiniň Argentinasy hem-de Kristiano Ronaldonyň Portugaliýasy çempionat bilen hoşlaşdy. Fransiýa, Urugraý, Russiýa we Horwatiýa çärýek finala çykmagy başardy.

1/8 finalyň ilkinji duşuşygy Argentina bilen Fransiýanyň arasynda boldy. Fransiýalar duşuşyga gowy başlap, ilkinji minutlarda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp, hasaby açdy. Argentinler birinji ýarymyň soňky minutlarynda Anhel Di Marianyň owadan goly bilen hasaby deňledi. Ikinji ýayrmyň ilkinji minutlarynda argentinler Merkadonyň goly bilen 2:1 hasabyna öňe saýlandy. Ýöne birnäçe wagtdan soňra Fransiýanyň ýygyndysy Pawaryň geçiren goly bilen hasap deňlendi. Soňra yzly-yzyna Kilian Mbappe 2 pökgini tora girizip, Fransiýanyň ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşdy. Argentinler duşuşygyň soňky minutlarynda ýene-de bir gol geçirip, hasaby 4:3-e ýetirdi, ýöne soňra gol geçirmek başartmady we Messi öýüne dolandy.

Portugaliýa bolsa Urugwaýyň ýygyndysyndan asgyn geldi. Urugwaýyň ýygyndysyndaky Luis Suares bilen Edison Kawaninyň sazlaşykly oýuny Urugwaýyň üstünlik gazanmagyna şert döretdi. Kawani duşuşykda iki gezek tapawutlandy we soňra şikes alyp oýunda çykmaly boldy. Portugaliýanyň ýeke-täk goluny Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynda oýnaýan Pepe geçirdi. Şeýlelikde Ronaldy hem çempionat bilen ir hoşlaşan dünýä futbol ägirtleriniň biri boldy. Urugwaý – Portugaliýa 2:1.

Ýer eýeleri Russiýa bolsa haýran galdyrmagy dowam edýär. Olaryň Ýewropanyň iň güýçli topary Ispaniýany 11 metrlik jerime urgulary bilen ýeňmegi başardy. Duşuşygyň 90 minudy 1:1 deňme-deň gutardy. Soňra 30 minut goşmaça wagt berildi, goşmaça wagtda-da toparlara ýeňiş gazanmak başartmady. Ahyrynda 11 metrlik jerime urgulary bellendi. Russiýanyň derwezebany Igor Akinfeýew ispan futbolçylaryň ikisiniň – Koke we Aspasyň pökgilerini tora geçirtmän, Russiýany ¼ finala çykmaga şert döretdi.

Şeýle hem 1/8 finalyň çäklerinde Horwatiýa bilen Daniýanyň ýygyndylary duşuşdy. Bu duşuşyk hem örän çekeleşikli geçip, toparyň oýunyň ilkinji minutlarynda tapawutlandy. Duşuşygyň ýeňijisini 11 metrlik jeirme urgulary esasynda anyklandy. Bu ýerde-de Horwatiýanyň ýygyndysy üstün çykdy.

1/8 finalyň galan duşuşyklarynyň ýagdaýy:

2-nji iýun:

19:00  Braziliýa – Meksika

23:00  Belgiýa – Ýaponiýa

3-nji iýun:

19:00 Şwesiýa – Şweýsariýa

23:00 Kolumbiýa – Angliýa

 

Çärýek finalda (¼ final) duşuşjak toparlaryň ýagdaýy:

6-njy iýul

19:00 Fransiýa – Urugwaý.

7-nji iýul

23:00 Russiýa – Horwatiýa.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *