07

Messiniň 1-nji, çempionatyň 100-nji goly: “C” we “D” toparçalarynyň duşuşyklary tamamlandy

Russiýada dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynda ýene-de 2 toparçadaky duşuşyklar tamamlandy. “C” toparçasynda indiki tapgyra çykmaga hukuk gazanan 2 ýygyndynyň – Fransiýanyň we Daniýanyň ýygyndylarynyň duşuşygy boldy we ol 0:0 deňme-deň gutardy. Bu hasap futbol çempionatynyň ilkinji hasap açylmadyk duşuşygy boldy. Şeýle hem bu toparçadaky beýleki oýunda Perunyň ýygyndysy Awstraliýanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda utmagy başardy. C” toparçasynda Fransiýa birinji, Daniýa bolsa ikinji bolup, 1/8 finala çykmagy başardy.

Düýnki duşuşyklaryň arasynda hemmeleriň garaşan esasy oýny “D” toparçasynda boldy. Bu ýerde dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň biri hasaplanýan Lionel Messili Argentinanyň ýygyndysy indiki tapgyra çykmak üçin Nigeriýanyň ýygyndysyny hökmany ýagdaýda utmagy zerurdy. Şeýle-de boldy. Ýöne argentinler munuň üçin köp güýç sarp etmeli boldular. Dünýä çempionatynda tapawutlanyp bilmedik Messi duşuşygyň 14-nji minutynda toparyny 1:0 hasabynda öňe çykardy. Duşuşygyň birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy. Ikinji ýarymyň ilkinji minutlarynda Nigeriýanyň ýygyndysy 11 metrlik jerime urgusy gazandy. Duşuşygyň emini türkiýeli Jüneýt Çakyr Argentinanyň derwezine 11 metrlik jerime urgusyny berip, argentinleriň badyny ýatyrdy. Nigeriýadan Mozes 11 metrlik jeirme urgusyndan tapawutlandy. 

Argentinanyň ýygyndysy duşuşygyň tamamlanmagyna 5 minut çemesi wagt galanda Markos Rohonyň geçiren goly bilen indiki tapgyra çykmagy başardy. Bu duşuşyk Messiniň çempionatdaky 1-nji goly hem-de şol goluň çempionatdaky 100-nji gol bolmagy bilen ýatda galdy.

Bu toparyň beýleki duşuşygynda Horwatiýanyň ýygyndysy Islandiýany 2:1 hasabynda utdy. Şeýlelikde Horwatiýa birinji, Argentina bolsa ikinji bolup, topardan çykdy.

1/8 finalda Fransiýa bilen Argentina, Horwatiýa bilen Daniýa duşuşar.

Şu gün bolsa “E” bilen “F” toparçalarynyň soňky duşuşyklary oýnalar.

27.06.2018

“F” topary

19:00  Günorta Koreýa – Germaniýa

19:00  Meksika – Şwesiýa

“E” topary

23:00  Serbiýa – Braziliýa

23:00 Şweýsariýa – Kosta Rika

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *