07

Dünya çempionatynda soňky ýagdaý: “A” we “B” toparçanyň oýunlary tamamlandy

“Makul Hyzmat” terjime merkeziniň hem mahabat bilen goldaw berýän “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda göni ýaýlymda tomaşa edilýän Russiýa Federasiýasynda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionaty barha gyzyşýar. 8 toparçada 32 milli ýygyndynyň dünýäniň baş kubogyny almak ugrundaky futbol baýramçylygynda toparçalardaky ikinji tapgyryň duşuşyklary tamamlanyp, ahyrky üçünji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi. 2 tapgyryň ahyrynda 6 ýurduň milli ýygyndysy 1/8 finala çykmaga hukuk gazandy. 1/8 final böleginde bäsleşjek toparlaryň ahyrky sanawy 3-nji tapgyryň netijeleri boýunça mälim ediler. 3-nji tapgyryň duşuşyklary 28-nji iýunda jemlener. Häzirlikçe 1/8 finala çykan ýygyndylar: Russiýa, Urugwaý, Belgiýa, Angliýa we Fransiýa.   

“A” toparçasynda Russiýanyň hem-de Urugwaýyň ýygyndylary geçiren 2 duşuşygynyň netijeleri boýunça indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik aldy. Düýn, ýagny 25-nji iýunda Russiýanyň we Urugwaýyň ýygyndylary öz aralarynda duşuşdy we toparyň 1-nji we 2-nji orunlaryny eýelejek ýygyndylary kesgitlediler. Urugwaý ýer eýeleri Russiýanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykyp, toparçada birinjiligi eýeledi. Russiýanyň ýygyndysy 2 duşuşykda gazanan ýeňşinden soňra, üçünji duşuşykda Urugwaýdan asgyn geldi. Bu topardaky beýleki duşuşykda Saud Arabystanynyň ýygyndysy Mohammed Salahly Müsüri 2:1 hasabynda utdy.

“B” toparçada 3 topar indiki tapgyra çykmak mümkinçiligine eýedi. Olar: Ispaniýanyň, Portugaliýanyň we Eýranyň milli ýygyndylarydy. Emma toparçadaky 3-nji duşuşygyň jemleri boýunça Ispaniýa birinji, Portugaliýa bolsa ikinji bolup, indiki tapgyra çykdy. Bu topardaky esasy gyzykly oýun Portugaliýa bilen 3 utugy bolan Eýranyň arasynda boldy. Eýran utan ýagdaýynda indiki tapgyra çykmak mümkinçiligine eýedi. Emma duşuşyk 1-1 deňme-deň gutardy. Kristiano Ronaldo 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Ronaldo 1966-njy ýyldan bäri, dünýä çempionatynda 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirip bilmedik ilkinji portugal futbolçy boldy.

Şeýlelikde “A” we “B” toparçanyň duşuşyklary tamamlandy. “A” toparynyň birinjisi Urugwaýyň ýygyndysy “B” toparyň ikinjisi Portugaliýa bilen duşuşar. “B” toparyň birinjisi Ispaniýa bolsa “A” toparyň ikinjisi, ýer eýeleri Russiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

“С” toparynda Fransiýa indiki tapgyra çykdy. Daniýanyň ýygyndysy soňky duşuşykda Fransiýa bilen oýnar we deňme-deň gutaran ýagdaýynda 4 utugy bolan Daniýa hem indiki tapgyra çykar. Bu topardaky Awstraliýa Perunyň ýygyndysyny utan ýagdaýynda, Daniýa hem Fransiýadan ýeňlen halatynda Awstraliýanyň ýygyndysy indiki tapgyra çykar.

“D” toparçada Horwatiýa indiki tapgyra adyny ýazdyrdy. Bu toparyň gyzykly oýuny Nigeriýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylarynyň arasynda bolar. Lionel Messili Argentina indiki tapgyra çykmak üçin hökmany suratda köp gol geçirip, Nigeriýany utmaly bolýar.

“E” toparçada Braziliýa bilen Şweýsariýanyň 4 utugy, Serbiýanyň bolsa 3 utugy bar. Serbiýa bilen Braziliýa we Şweýsariýa bilen Kosta-Rika duşuşar.

“F” toparçada Meksikanyň 6 utugy bar, geçen çempionatyň çempiony Germaniýanyň we Şwesiýanyň 3 utugy bar. 3-nji tapgyrda Germaniýa bilen Günorta Koreýa, Meksika bilen Şwesiýa duşuşar.

“G” toparçada Angliýa bilen Belgiýa 6 utug bilen 1/8 finala çykdy.

“H” toparda 3 ýygynda 1/8 finala çykmak mümkinçiligine eýe. Polşanyň ýygyndysy öýüne gaýdýar. Ýaponiýanyň, Senegalyň we Kolumbiýanyň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligi bar. 3-nji tapgyrda Senegal bilen Kolumbiýa we Ýaponiýa bilen Polşa duşuşar.

1/8 final oýunyň duşuşyklary 30-njy iýunda başlar. Çempionat 15-nji iýulda tamamlanar.

Häzirki wagtda çempionatda 0:0 tamamlanan duşuşyk hasaba alynmady. Ähli oýunlarda pökgiler tora gönükdirildi. Iň köp golly oýun Angliýa bilen Panamanyň ýygyndylarynyň duşuşygynda hasaba alyndy. Bu duşuşyk 6:1 hasabynda Angliýanyň peýdasyna tamamlandy.

Iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň bäsleşigem gyzyşýar. Angliýanyň kapitany Harry Kein 5 gol bilen öňdeligi eýeler. Kristiano Ronaldonyň we Belgiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Romelu Lukakunyň 4 goly, Russiýadan Denis Çeryşewiň we Ispaniýadan Diego Kostanyň 3 goly bar.

Dünýä çempionatynda şu wagta çenli duşuşyklarda eminler tarapyndan 20 gezek 11 metrlik jerime urgusy berildi. Bu ugurda rekord boldy. Mundna ozalky rekord 18. Ol hem 1990-njy, 1998-nji we 2002-nji ýyldaky dünýä çempionatlarynda bolupdy.

26-njy iýunyň duşuşyklarynyň sanawy:

19:00     Daniýa – Fransiýa.

23:00     Nigeriýa – Argentina. (Argentina indiki tapgyra çykmak üçin Nigeriýany azyndan 2:0 hasabynda utmaly)

23:00    Islandiýa – Horwatiýa.

Dünýä çempionatynyň ýene-de bir gyzykly maglumaty: Müsüriň derwezeçisi Essam El Hadari (45 ýyl+161 gün) dünýä çempionatynyň iň garry futbolçysy boldy. Ol Kolombiýanyň öňki derwezeçisi Mondragony (43 ýyl+3 gün) geçdi.

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *