07

Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işler barada durlup geçildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz alyp barýan ulgamlary boýunça ýanwar-iýul aýlarynda edilen işler hakynda hasabat berdiler.

Hasabat döwründe  121 sany halkara resminama gol çekildi

Mejlisde wise-premýer R.Meredowyň belleýşi ýaly,  hasabat döwründe döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, jemi 121 sany halkara resminama gol çekildi.  Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistan özüniň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalary, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Şu günki günde Türkmenistan 146 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda dürli derejedäki wekiliýetleriň 478-si Türkmenistana sapar bilen geldiler. Şonuň ýaly-da, Türkmenistandan 335 wekiliýet gitdi. Şol döwürde halkara ähmiýetli çäreleriň  167-si geçirildi.

 Ýedi aýda içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy

Mejlisde ýurduň makroykdysady görkezijileri barada bellenildi. Onda önüm öndürilişiniň 4,4 göterim, içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim ýokarlanandygy barada hasabat berildi. Ýurduň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň 77-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, 235 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek we toplumy ösdürmek üçin toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmelidigini döwlet Baştutany nygtady. Hasabat döwründe nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 102 göterim, nebiti gaýtadan işlemekde ösüş depgini 103,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 119 göterim berjaý edildi.

Ýedi aýda obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy mukdarynyň ösüş depgini 104,2 göterime deň bolup, ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça  hasabat döwründe maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144,1 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Senagat ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113,6 göterim berjaý edildi. Şol sanda, haly we haly önümleriniň önümçiligi boýunça meýilnama 125,9 göterim berjaý edildi.

Mejlisde döwlet Baştutany ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak söwda ulgamyny ösdürmek bilen baglylykda, başga döwletlerde Söwda öýlerini açmaklygyň wajypdygyny belledi. Hasabat döwründe jemi 146 sany birža söwdasy geçirildi.

Bilim we sport ulgamyndaky gazanylan üstünlikler

Hasabat döwründe ýurduň  mekdep okuwçylary  halkara ders olimpiadalarynda 93 medal gazandylar. Türkmen talyplary bolsa, 14 medal gazanmagy başardylar.

Ýedi aýda jemi 101 içerki ýaryşlar we sport köpçülikleýin çäreleriniň 65-si guraldy. Türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynyň 9-syna gatnaşyp, 4 medala eýe boldular. Aziýa çempionatynyň 22-sinde 58 medal, beýleki halkara bäsleşikleriniň 35-sinde bolsa 82 medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabatlary diňländen soň, mejlisi jemläp, ýurduň ykdysadyýetiniň  ösüş depgininiň durnukly galýandygyny belledi. şol döwürde iri senagat desgalarynyň we maldarçylyk toplumlarynyň 30-dan gowragy işe girizildi. Bir million inedördül metre golaý täze ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar we şypahanalar, çagalar baglarydyr mekdepler, dükanlar, jemi bahasy üç ýarym milliard amerikan dollaryna barabar bolan desgalar ulanmaga berildi. 

 

 

 

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *