07

Aşgabatda mediaforum geçirildi

Aşgabatdaky “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Mediaforuma awtomobil rallini guraýjylar, oňa gatnaşyjylar, iri daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaryşyň başlanýan ýeri we pellehanasy

 “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşyjylar tebigatyň özboluşly gözelliklerini özünde jemleýän Garagum sährasynyň içi bilen geçip, Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaryşyň pellehanasyna ýeterler. Has dogrusy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna tarap geçerler. Ýaryşa gatnaşyjylar Garagum çölüniň üýtgeşik çylşyrymly böleklerini geçip, türkmen topragynyň täsin we gözel ýerlerini synlarlar.

Awtoralliniň geçirilişi              

Ralli-reýd ýolsuz ýerlerden uzak aralyklara geçirilýän köpgünlik ýaryşdyr. “Amul – Hazar 2018”  iri sport ýaryşy  şu ýylyň 9-14-nji sentýabrynda geçiriler. Ýaryşyň ugurlary 5 tapgyra bölündi. Ýaryşyň tizlikli bölegiň her biri ulagy dolandyryjy hem-de toparyň şturmany üçin köpsanly garaşylmadyk ýagdaýlary gizleýär. Halkara ýaryşyna gatnaşyjylar çölüň giň sähralyklaryndan 1500 kilometrden gowrak ýoly geçerler. Ussatlar üçin bu ýaryş öz güýçlerini, aýratynda kyn şertlerde ulagy sürmek emellerini hem-de nawigasiýa başarnyklaryny görkezmegiň hakyky synagyna öwrüler.  

Türkmenistanda Awtomobil sporty ösdürilýär

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy döredildi.  Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilen “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisi ilkinji iri ýaryşlaryň biri boldy. Üç ýurduň – Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçen  bu awtomobil ýaryşynda türkmenistanly topar ýeňiji boldy.  Geçirilen mediaforumda sport awtoulaglary toparynda awtomobil ýaryşlary boýunça dünýäniň birnäçe gezek çempiony, “Pariž-Dakar” rallisiniň iki gezek ýeňijisi  Žan-Lui Şlesser Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtosporty ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

Geçiriljek “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän ulag diplomatiýasynyň mynasyp dowamydyr.

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *