07

TÜRKSOY ýaşlar orkestriniň çykyşy

Türki dilli halkaryň medeniýet we sungat guramasynyň (Türksoy) ýaşlar orkestri Balkan ýurtlarynda çykyş edýär. Orkestr Çernogoriýanyň Setinýe şäherinde geçirilen “Espressiwo” gözden geçirilişine gatnaşdylar. Aýratyn bellemeli zat, bu ýaşlar orkestriniň hatarynda Sabina Alikperowa, Kakageldi Hojalekow, Toýly Ýagşyýew we Bahram Bolyýew ýaly türkmenistanly zehinli ýaşlar bar.

Ol gözden geçiriliş konsertiniň dowamynda ynsanlaryň hemişelik aňynda mukam bolup ýatda galan daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi. Olaryň arasynda türkmen halkynyň belli ägirtleri bolan Nury Halmämmedowyň we Gara Garaýewiň eserleri hem bar.

Türksoy Halkara guramasynyň ýaşlar orkestri gastrol çykyşlary bilen 3-nji awgustda Saraýewoda boldular, 4-nji awgustda bolsa Zenisede geçiriljek konsertde bolarlar.

Ýeri gelende bellesek, Türksoy halkara guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek barada netijeli işleri alyp barýar.  Bu gurama 2014-nji ýyly türki medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan şahsyýet hökmünde türkmen şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etdi. 2015-nji ýylda bolsa “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip Mary şäherine hormatly derejäni berdi.

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *