07

Ilçi wezipä girişdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň  Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žandos Asanowy kabul etdi. Işçi türkmen Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat we Milli Lider Gazagystanyň we Türkmenistanyň öňden gelýän dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek babatda bellediler. Türkmen Baştutany Prezident Nursoltan Nazarbaýewe hoşniýetli sözlerini aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Gazagystan bilen özara gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika ýaly beýleki pudaklarda netijeli ganaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şol sanda häzirki wagtda ýokary derejede ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň birek-birek üçin möhüm hyzmatdaşdygy nygtaldy.

Häzirki döwürde ekologiýa ähli döwletler üçin aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Iki ýurt hem bu ugurda, aýratyn-da, ýurdumyzyň häzirki döwürde başlyklyk edýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işleşdirýär. Duşuşygyň ahyrynda diplomat Žandos Asanow birek-birege hormat goýmak we işjeň esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini ynandyrdy.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *