07

Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

 Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Milli Lider “Amul – Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip, bu çäräniň geçirilmeginiň sportuň bu görnüşini giňden ýaýramaga hem-de iri ýaryşlary ýokary derejede guramaga ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.

 

New Ýork sapary meýilleşdirilýär 

Bilelikdäki mejlisiň.dowamynda 24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýandygy, 28-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde GDA-nyň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilýändigi, 29-njy sentýabr 2-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Wezipä bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Amandurdy Bekdurdyýewiç Işanow,  Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenip, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.  Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bolsa, Begenç Şadurdyýewiç Çaryýew bellenildi.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *