07

Futbol boýunça dünýä çempionaty: sanlar we maglumatlar

Türkmenistan döwletimiz bilen bir hatarda tutuş dünýäniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan futbol boýunça dünýä çempionaty şu ýylyň 14-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynda badalga aldy. Russiýa Federasiýasy ilkinji gezek futbol dünýäniň iň uly sport ýaryşyny geçirmek hukugyna eýe boldy. Russiýanyň 11 şäheriniň 12 stadionynda dünýäniň 32 ýurdunyň milli ýygyndylary 8 topara bölünip, futbol duşuşyklaryna başlady.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda-da sportuň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistan ýurdumyzda-da iri sport ýaryşlary guralýar, dünýäniň iri sport baýramylyklaryny göni ýaýlymda “Türkmenistan-Sport” teleýaýlymynda görmäge mümkinçilik döredilýär. Türkmen futbol muşdaklary hem Russiýada geçirilýän futbol duşuşyklaryna “Türkmenistan-Sport” teleýaýlymynda tomaşa edýärler.

 

Şu ýylyň 14-nji iýunynda futbol çempionatynyň resmi açylyş dabarasy hem-de ilkinji duşuşgy geçirildi. Onda ýer eýeleri Russiýanyň hem-de Saud Arabystanynyň milli ýygyndylary duşuşdy. Ýer eýeleri Russiýanyň milli ýygyndysynyň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Köpleriň garaşylmadyk netijesi alyndy. Russiýanyň futbolçylary garşydaşlarynyň derwezesinden 5 pökgini geçirdiler.

Ilkinji duşuşyk bilen toparçalardaky futbol oýunlary badalga aldy. “A” we “B” toparyndaky duşuşyklar örän çekeleşikli geçirildi. Eýranyň milli ýygyndysy Marokko ýygyndysy bilen duşuşyp, soňky 20 ýyldan soňra ýeňişini baýram etdi. Soňky gezek Eýranyň milli ýygyndysy 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynda 2:1 hasabynda rüstem gelipdi. Bu gezek olar duşuşygyň ahyrky minutlarynda marokkoly futbolçynyň öz derwezesine girizen goly bilen çempionatda, galyberse-de “B” toparyndaky güýçli garşydaşlary Portugaliýanyň hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndylary bilen duşuşyň öň ýanynda 3 utuk toplamaga mümkinçilik  berdi.

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk hem-de örän çekeleşikli bolmagyna garaşýan Portigaliýa bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň duşuşygy hem şeýle boldy. Ýewropanyň çempiony Portugaliýa dünýä belli futbolçy Kristiano Ronaldonyň geçiren 3 golunyň hasabyna Ispaniýa bilen 3:3 deňme-deň oýnady.

Ýer eýeleri Russiýanyň toparyndaky Mohammed Salahly Müsür bilen Urugwaý ýygyndysy duşuşdy. Janköýerler müsürli Mohammed Salaha garaşdylar, ýöne ol şikesi sebäpli ildeşlerine kömek edip bilmedi. Urugwaýyň ýygyndysy duşuşygyň 90-njy minutynda geçiren goly bilen hem ýeňiş gazandy hem-de 48 ýyldan soňra futbol çempionatynyň birinji duşuşygynda garşydaşyny ýeňmegi başardy.

Şu güne çenli oýnalan toparlardaky duşuşyklaryň ýagdaýy şeýleräk:

 

14-nji iýun

 

A topary

Russiýa                                                            5 : 0                                 Saud Arabystany

Gollar: 12 Gazinskiý, 43 Çeryşew, 71 Dzýuba, 90 Çeryşew, 90 Golowin

 

15-nji iýun

 

A topary

Müsür                                                            0 : 1                                 Urugwaý

Gol: 90 Himenes

 

B topary

Marokko                                                       0 : 1                               Eýran Yslam Respublikasy

Gollar: 90 Buhadduz (awtogol)

 

B topary

Portugaliýa                                                  3 : 3                               Ispaniýa

Gollar: 4 (p), 44, 88 Ronaldo: 24, 55 Diýego Kosta, 58 Naço

 

 

 

16-njy iýunyň duşuşyklary

 

 “Ç” topary

 

15:00  Fransiýa – Awstraliýa :2:1

21:00  Peru – Daniýa :0:1

 

“D” topary

18:00  Argentina – Islandiýa :1:1

00:00  Horwatiýa – Nigeriýa. :2:0

 

17-nji iýunyň duşuşyklary

 

“E” topary

17:00  Kosta Rika – Serbiýa : 0:0

23:00  Braziliýa – Şweýsariýa

 

“F” topary

20:00 Germaniýa - Meksika

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *