07

Daşary ýurtlarda okamak mümkinçiligi

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan metbugata berilen bildirişe laýyklykda, 2018/2019-njy okuw ýyly üçin daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekteplerine seçip alyş işleri geçirilýär. Daşary  ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekteplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2017/2018-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekteplerini tamamlaýan, degişli daşary ýurt dillerini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglaryň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Daşary ýurtlarda ýokary bilim barada habarlary we bildirişleri yzygiderli neşir edýän www.atavatan-turkmenistan.com  saýty resminama tabşyrjaklara üstünlik dilemek bilen okuwa iberiljek daşary ýurt döwletleriniň, ýokary okuw mektepleriniň we hünärleriň sanawy, okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp biljekdigiňizi habar berýär. Resmi iş kagyzlary 2018-nji ýylyň 16-nji Iýunyna çenli kabul edilýär. Giriş synaglary we seçip alyş işi 2018-nji ýylyň iýun aýynyň 21-24-i aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär. Habarlaşmak üçin 39 85 25/ 62

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *