07

Türkmenistanyň Wekileýeti WHA mejlisine gatnaşýar

2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti j-p Alan Berse we BSG-nyň Baş direktory j-p Tedros Adanom Gebreisus tarapyndan açyldy.

194 BSG-nyň agza ýurtlarynyň salgygy goraýyş minisltrleri meseleleriň giň toplumyny, şol sanda On üçünji umumy iş meýilnamasyny - 2019-2023-njy ýyllar üçin Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýurtlara ýardam etmek boýunça bäş ýyllyk maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.  2018-nji sentýabrynda geçiriljek BMG-niň Baş Asambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda geçiriljek Baş Assambleýanyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek boýunça ýokary derejeli üçünji Mejlisine taýýarlygyň gidişini ara alyp maslahatlaşmak garaşylýar.

Bu maslahatyň çäginde Türkmenistan BSG-nyň «Ýardam beriji tehnologiýalarynyň elýeterligini kämilleşdirmek» atly rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şunlukda, Türkmenistanyň wekili BSGA-niň 71-nji mejlisiniň Ygtyýarlyklaryny barlamak boýunça Komitetiniň agzalygyna saýlandy.

Türkmenistan 1992-nji ýylda BSG-nyň agzasy boldy. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden saglygy goraýyş Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Pudagara hyzmatdaşlygyna esaslanýan çäreleriň öňüni alyş ugruna aýratyn üns berilýär. 2025-nji ýyla çenli Türkmenistany temmäkiden azat ýurt etmek boýunça hökümetiniň tagallalary munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işini 2018-nji 26-njy maýynda tamamlaýar.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *