Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.
Degişli wizalary bar mahaly daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Döwlet serhedinde halkara gatnawlary üçin açylan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üsti bilen ýaşyna garamazdan özlerine aýrybaşga resmileşdirilen hakyky daşary ýurt pasportlary boýunça, raýatlygy bolmadyk adamlar bolsa, özleriniň hemişelik ýaşaýan ýurtlarynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen şahsyýetine güwä geçýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistana gelýärler hem-de Türkmenistandan gidýärler.
Halkara sport çäreleriniň geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalary bar mahalynda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hakyky daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalar esasynda wizasyz Türkmenistana gelýärler we Türkmenistandan gidýärler.
“Türkmenistanyň hormatly raýaty” diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýaty “Türkmenistanyň hormatly raýaty” diýen ada berlen şahadatnamany görkezip, hakyky daşary ýurt pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminama esasynda Türkmenistana gelýär we ondan gidýär. Şu halatda daşary ýurt raýaty Türkmenistana wizasyz gelip biler.
Türkmenistana ýaşamak üçin gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň gelmegi we onda bolmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar.
Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar şu halatlarda Türkmenistandan çykyp gitmäge borçludyrlar:
– wizanyň, ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti tamamlananda;
– wizany, ýaşamak üçin ygtyýarnamany uzaltmak hakyndaky towakganamalary kanagatlandyrylman galdyrylanda;
– olaryň ýurduň çäginde bolmaly möhleti gysgaldylanda ýa-da olara berlen wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama ýatyrylanda;
– şeýle hem beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhleti tamamlananda.
Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek
Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üstaşyr geçmegiň düzgünlerini berjaý etmelidirler we bellenen ugur boýunça geçmelidirler. Olar Türkmenistanyň çäginde üstaşyr geçmegiň wizasynda görkezilen möhletden artyk diňe wizanyň möhletiniň uzaldylan halatynda saklanyp bilerler.
Türkmenistanyň çäklerinde hereket etmek
Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinde daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň barmagy üçin açyk bolan ýerlere erkin baryp we hereket edip bilerler.
Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň barmagy üçin ýapyk bolan ýere olaryň barmagy we şol ýerde hereket etmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat almak bilen amala aşyrylýar.
Bellik : Bu maglumatlar Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň resmi web saýtyndan göçirildi.
Reklam
Türkiye’de eğitim almak için lise diploması (Atestat) ile başvuru dönemi başlarken, Atavatan Danışmanlık’tan önemli bir hizmet geliyor. Türkiye’de Türk kanunlarına göre faaliyette bulunan, Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm Bilişim ve Ticaret Limited Şirketi lise diploması ile başvuru yapacak öğrenci adaylarına danışmanlık hizmeti sunuyor.
Atestat ile başvuru için hemen başvurun!
Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 633 4000
IMO Atavatan : +90 532 401 71 52
WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52
Atestat ile üniversite başvuru evraklarınızı
Makul Hyzmat Tercüme Bürosunda tercüme ettirebilirsiniz.
Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň : +993 63 78 96 73
İrtibat bilgileri :
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401
E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com
Telefon : +993 63 78 96 73
Telefon : + 993 12 96 48 55
Resmi IMO hasaby : +993 63 78 96 73