07

Energiýa Pudagyna Syn

Dünýä ykdysadyýetinde nämeler bolup geçýär we geljekde bize esasanam energiýa pudagynda nämeler garaşýar?! Muny bilmek üçin dünýä metbugatyna syn salmak ýeterlik. Synymyza dünýä energiýa pudagynyň iň esasy agzasy bolan nebit bilen başlasak ýerlikli bolsa gerek.

2015-nji ýylda jemi öndürilen nebitiň mukdary 4,36 milliarda deň, jemi sarp edilen nebitiň mukdary bolsa 4,33 milliard tonna barabar bolupdyr. Bu maglumat nebitiň sarp ediliş görkezmesiniň 2014-nji ýyla garanyňda 1,9 göterim ýokarlanandygyny aňladýar. Bu sarp edilen nebit mukdary, jemi sarp edilen energiýanyň 32,9 göterimine deň bolup durýar we bu göterim ýylsaýyn azalmaga dowam edýär. Ýagny ýylsaýyn nebitden özge energiýa çeşmeleri durmuşymyza has-da uly möçberde ornaşýar.

Bu hasabata görä 568,5 million tonna bilen iň köp nebit öndüren ýurt Saud Arabystan bolsa, degişli döwürde iň köp nebit sarp eden ýurt  851,6 million tonna bilen ABŞ bolupdyr. Bu görkezmeden ABŞ-nyň ýolbaşçylarynyň özleri hem megerem hoşal bolmasa gerek. Sebäbi ABŞ köp ýyllardan bäri alternatiw energiýa çeşmelerine iň köp serişde sarp edýän ýurtlaryň biridir. Meselem dünýä belli elektromobil öndürijisi bolan "Tesla" Amerikanyň kompaniýasydyr.

Bugünki döwürde nebite bolan garaşlylyk ýokary bolsa-da meselem Norwegiýa 2025-nji ýyldan, Germaniýa bolsa 2030-nji ýyldan başlap benzinli awtoulaglary aradan aýyrjakdygyny mälim etdi we bu bolsa dünýä energiýa pudagyna has derwaýys täzelikleriň geljekdiginiň alamatydyr. Norwegiýa bu babatda örän täsin bir mysal; bu ýurt Ýewropanyň iň uly nebit we gaz eksportçylarynyň biridir. Ýurduň ykdysadyýetiniň 39 göterimini bu pudakdan gelýän girdejiler emele getirýär, emma Saud Arabystanyň tersine bu ýurt alternatiw energiýa pudagyna iň köp üns berýänleriň biri bolup durýar. Bu ýurtda elektroulaglaryň sany juda köp, hatda ýurtda ulanylýan awtoulaglaryň 1/4-i elektroulag bolup durýar. Bu ýurt dünýä belli elektromobil öndürijisi "Tesla"-nyň iň köp ulag satýan ýurdy. Sebäbi şeýle ulaglary alan sürüjilere dürli ýeňillikler döredilýär. Norwegiýa bilen bir hatarda Gollandiýada hem şeýle täzelikleriň girizilmegi meýilleşdirilýär. Iň özboluşly mysal bolsa Hindistan bolup durýar; bu ýurt hem 2039-njy ýyldan başlap nebit önümleri bilen işleýän awtoulaglaryň önümçiligini bes etjekdigini mälim etdi.

Bu pudak barada ýene bir bellärlikli täzelikleriň biri-de megerem ýel we gün energiýalary barada bolsa gerek. Global Ýel Energiýasy geňeşiniň baş sekretary Stiw Sawýeriň aýtmagyna görä 2015-nji ýylda günden we ýelden energiýa öndürmek üçin dünýä möçberinde 18,8 milliard$ maýa goýum edildi. Bütindünýä Bankynyň maglumatyna görä bolsa geçen ýyl dünýä derejesinde dürli infrastruktura taslamalary üçin 111,6 milliard$ bölünip berildi we bu serişdäniň energiýa pudagyna degişli bolan 37,6 milliardynyň 63 göterimi alternatiw energiýa önümçiligine sarp edilipdir. Alternatiw energiýa çeşmelerine maýa goýum eden kompaniýalaryň arasynda Facebook, Microsoft, Google, Lego, DuPont, General Motors, HP we Walmart ýaly ägirtler hem bar.

Energiýa pudagyna üns bermäge dowam edeliň..

GADYR NURYADIYEV

Hünärmen

Kaynak : Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

                                                            

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *