07

Daşary ýurt diplomyny Ykrar etmek : Soraglar we jogaplar

Daşary ýurtda okaýan we okap gelen talyplarymyzyň islegini hasaba alyp, daşary ýurt diplomyny ykrar etmek bilen baglanşykly habarlarymyzyň ählisini bir ýere jemleýäris we Size ýetirýäris.

Diplom ykrar etmek üçin kimler ýüz tutýar ?

Höküketara ylalaşyk esasynda döwlet tarapyndan daşary ýurt döwletlerine okuwa ugradylan raýatlar ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigi baradaky Ykrar şahadatnamasyny almak üçin Türkmenistanyň döwlet edaralarynda işleýändigini tassyklaýan kepilnama getirmeli.

Işe ýerleşmek üçin Ykrar şahadatnamasy talap edilen halatynda raýatyň Türkmenistanyň Bilim ministirligine ýüz tutmagy boýunça ýokary ýada orta hünär bilimi hakyndaky resminamasynyň ykrar edilendigini tassyklaýan Güwähat berilýär.

Hökümetara ylalaşyk esasynda Döwlet tarapynda daşary ýurt döwletlerine okuwa ugradylan raýatlara Türkmenistanyň döwlet edaralarynda işleýändigini tassyklaýan kepilnama getiren halatynda ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde Ykrar edilendigi baradaky şahadatnamalary beriler.

Raýat ynanç haty bilen ýüz tutup bilermi?

Türkmenistanyň Bilim ministirligine daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etdirmek ýa-da Ykrar şahadatnamasyny almak üçin raýatyň özi raýat pasportynyň asyl nusgasy bilen ýüz tutmaly.

Raýat harby gullukda bolan ýa-da dürli sebäplere görä gelip bilmeýän ýagdaýynda Türkmenistnyň Bilim ministirligine daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etdirmek ýa-da Ykrar şahadatnamasyny almak üçin ynanylýan adama raýatyň özi tarapyndan berlen Döwlet notorial edarasynyň tassyklanan ýa-da Harby bölüminiň tugraly möhür we serkerdesiniň goly bilen tassyklanan Ynanç haty esasynda ýüz tutmaly.

 Gaýybana okaýanlar hem gerekli şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda diplomyny ykrar edip bilýärler.

Ynanç haty bilen ýüz tutýan raýat öz pasportynyň asyl nusgasyny hökman görkezmeli.

Haýsy resminamalar zerur bolup durýär?

  1. Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el yazuwynda)
  2. Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa;
  3. Bellenen nusga boýunça özi we üç arkasy barada maglumat (nusga boýunça)- 2 sany
  4. 4 sany 3x4 fotosurat;
  5. Görkezilen nusga boýunça okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnama (türkmen dilinde terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  6. Türkmen diline resmi terjime edilen Diplomyň 2 sany göçürmesi (GDA agzasy bolmadyk ýurtlarda berilen diplom kanunlaşdyrylan bolmaly);
  7. Türkmen diline resmi terjime edilen  diplomyň goşundusynyň (ýa-da Diplom Supplement) – 2 sany göçürmesi;
  8. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama getirmeli  (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  9. GDA agza ýurtlaryň okuw mekdepleriniň akkreditasiasynyň (terjimesi bilen) okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany nusgasy
  10. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademik kepilnama getirmeli ( terjimesi bilen) – 2 sany (akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan halatynda, okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan nusgasy hökman bolmaly);
  11. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
  12. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
  13. Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;
  14. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany nusgasyny getirmeli( iş kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);
  15. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magstr derejesi hakynda resminama, orta hünär bilimiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň terjime edilen göçürmeleri we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň nusgasy – 2 sany
  • Resminamalar tabşyrlanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň, kepilnamalaryň asyl nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylýan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli.
  • Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.

Synaglar haçan geçirilýär ?

Daşary ýurt döwletlerinde berlen hünär bilimi hakynda Resminamanyň ykrar edilmegine dalaş edýän raýatlar iki sany Döwlet Synagyny üstünlikli tabşyrmalydyrlar.

Okuwyň gündizki görnüşinde okanlar üçin Döwlet synaglary ýylda 4 gezek (Fewral, Maý, Sentýabr we Noýabr) Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Okuwyň gaýybana ýa-da agşamky  görnüşinde okanlar üçin Döwlet synaglary ýylda 2 gezek (Fewral, we Noýabr aýlarynda) Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Döwlet synaglaryna gatnaşmak üçin raýat Döwlet synagynyň geçirilýän aýynyň öňündäki aýyň 25-ne çenli resminamalaryny Türkmenistanyň Bilim ministirligine tabşyrmaly.

Synaglar haýsy ugurlar boýunça geçirilýär?

  • Döwlet synaglary hünär ugry hem-de jemgyýeti öwreniş  dersleri boýunça geçirilýär.
  • Döwlet synaglary raýatyň hünär biliminiň mazmuny boýunça iň ýakyn taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli Türkmenistanyň ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdeplerinde tabşyrylýar.
  • Döwlet synagy boýunça kanagatlanarsyz baha alan raýat  öziniň synag tabşyran okuw mekdebine ýüz tutmagy esasynda nobatdaky synag aýlarynda      Döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyryp biler. (synaglary gaýtadan tabşyrmak mümkinçiligi çäklendirilmeýär)
  • Döwlet synaglaryna sebäpli gelip bilmedik raýatlar nobatdaky synag aýlarynda Döwlet synaglaryna gatnaşyp bilerler. Synaga gatnaşmak üçin raýat taýýarlyk ugry (hünäri)boýunça degişli okuw mekdebine ýüz tutmalydyr. (synaglary tabşyrmagyň möhleti ýok)

Täze okuwa gidýänler üns bermeli :

Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň maglumat tagtasyna ýerleşdirilen maglumata laýyklykda,   okuw maksatly daşary ýurda gidýän Türkmenistanyň raýatlary bu ýagdaýy hasaba aldyrmalydyr.

Daşary ýurda okuwa gidýän talyplarymyz bu ýagdaýy raýatyň hemişe ýaşaýan  welaýatynyň Baş bilim müdirliklerinde we etrap  bilim bölümlerinde hasaba aldyrmalydyr. Paýtagtyň ýaşaýjylary bolsa, Aşgabat şäher Baş bilim  müdirliginde hasaba alynýar.

Gerekli Resminamalar :

Täze okuwa gidýänler üçin:

  1. Çakylyk hatynyň nusgasy,
  2. Wizasynyň nusgasy
  3. Raýat pasportynyň nusgasy we özi
  4. Daşary ýurda gitmek we gelmek üçin pasportynyň (zagranpasport) nusgasy we özi

Öň okuwyna dowam edýänler üçin:

  1. Talyp şahadatnamasynyň nusgasy we özi
  2. Raýat pasportynyň nusgasy we özi
  3. Daşary ýurda gitmek we gelmek üçin pasportynyň (zagranpasport) nusgasy we özi

Diplom Ykrar etmek üçin diplom we resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Gat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com  

Telefon   : +993 63 78 96 73

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Resmi IMO hasaby : +993 63 78 96 73

 

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *