07

Türkmen-kuweýt gatnaşyklarynda täze döwür

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň çagyrmagy boýunça bu ýurda resmi sapar amala aşyryldy.

 

Türkmen Lideriniň Aziýanyň günorta-günbataryndaky bu arap ýurduna sapary soňky ýyllarda däp bolan dostluk hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini ýüze çykarýar.Iki ýurduň ykdysadyýetleri barada aýdylanda bolsa, olaryň meňzeş taraplary hem, biri-biriniň üstüni ýetirýän taraplary hem bar. Eger Kuweýt nebitiň baý ätiýaçlyklary bilen meşhur bolup, bütin dünýäniň ätiýaçlyk gorlarynyň, takmynan, ondan birini emele getirýän bolsa, onda Türkmenistan ägirt uly gaz serişdeleri bilen belli bolup, dünýäde olaryň möçberleri boýunça dördünji orny eýeleýär.

Milli Liderimiziň uçary iki ýarym sagada golaý wagtdan soň, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Kuweýt Döwletiniň Emiriniň «Baýan» köşgüniň Maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerdäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy geçirilip, mahsus bolan hemme hormatlar bildirildi. Soňra Maslahatlar merkeziniň uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirildi.

 

Kuweýt Döwletiniň Emiri türkmen Lideriniň häzirki saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny hem-de biziň dostlukly ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynda täze sahypany açýandygyny belledi. Bu gün duşuşyk dürli pudaklarda ýakynlaşmagyň ýollaryny kesgitlemäge hem-de Kuweýtiň we Türkmenistanyň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etmek üçin gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmäge, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara gün tertibi boýunça has möhüm meseleleriň çözülmeginde tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik berer.

 

Hormatly Prezidentimiz Kuweýt Döwletiniň Emirine bu gözel ýurda sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de ýokary myhmansöýerlik bilen mähirli garşylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda möhüm orny eýeleýän Kuweýt Döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňden ösdürmäge aýratyn üns berýär diýip belledi hem-de döwletlerimiziň we halklarymyzyň umumy ruhy gymmatlyklarynyň hem-de taryhy-medeni kökleriniň bolmagynyň şeýle maksatlara esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.

 

Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmakda täze tapgyryň başlanýandygy barada ynamly aýtmak bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de häzirki saparyň we gepleşikleriň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşi üçin taryhy ähmiýete eýe diýip hasaplaýandygyny belledi.

 

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, munuň diňe bir milli we ikitaraplaýyn bähbitler däl-de, eýsem, dünýä hem-de sebit ykdysadyýeti üçin hem uly ähmiýete eýe bolan ösüşlere ýetirmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

 

Ýakynda dabaraly ýagdaýda owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde Kuweýt Döwletiniň iri nebitgaz kompaniýalary hem-de maýa goýum we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Mundan başga-da, nebit-himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary gurmakda özara tejribe alyşmak möhüm ugurlara degişli bolup durýar. Uglewodorodlardan taýýar önümiň önümçiligine aýratyn ähmiýet berip, Türkmenistan hem Kuweýt ýaly önümçiligiň ýokary tehnologik ulgamyny döredýär, bu bolsa öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de nou-haular üçin giň meýdançadyr. Hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky çäreleri anyklaşdyryp, taraplar energetika pudagy boýunça bilelikdäki Türkmen-Kuweýt iş toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

 

Tebigy gazyň diňe agtarylyp tapylan gorlary energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistany dünýäde 4-nji orunda goýýar, geljegi uly känler ýerleşen meýdançalardaky dowam edýän barlaglar bolsa ýurdumyzyň energetiki kuwwatyny has-da giňeldip, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin has giň gözýetimleri açyp biler. Türkmenistan eksport ugurly gaz akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny öz energetika syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly goşandyny goşýar. TOPH gaz geçirijisi munuň mysaly bolup biler. Onuň gurulmagyny ýakynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem Owganystan boýunça kabul eden öz Kararnamasynda goldady. Şol resminamada ýurdumyzyň başyny başlan beýleki taslamalaryna, şol sanda ulag ulgamyndaky taslamalara hem goldaw beýan edilýär.

 

Türkmenistanyň we Kuweýtiň öz sebitlerinde geografik taýdan örän amatly ýerleşýändikleri babatda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi üçin zerur şertleriň döreýändigi, şonuň üçin hem bu ulgamy ösdürmekde mümkinçilikleri birleşdirmegiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir esasy ugurlarynyň biri bolup biljekdigi bellenildi.

 

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen bir wagtda telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli pudaklarda özara maýa goýuma esaslanýan bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine hem üns çekildi.  Şeýle mümkinçilikleri nazara almak bilen, telekeçilik aragatnaşyklary boýunça bilelikdäki işçi topary döretmek, şeýle hem ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum boýunça işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň geçirilmegini Aşgabat öz üstüne almaga taýýar.

 

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuweýte şu saparynyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bu sapara özara bähbitli gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň, olary many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň möhüm tapgyry hökmünde garaýarlar.

 

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty we oba hojalygy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhlete niýetlenen ugurlarydyr. Şu we beýleki pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan Kuweýt tarapy bilen mundan beýläk-de netijeli işleşmäge taýýardygyny beýan edýär.

 

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

 

- Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;

- Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;

- Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatik institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Söwda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

- Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kuwait Petroleum Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sungat we medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

- Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasyndaky tehniki ýardamy bermek hakyndaky bilelikdäki resminamany kabul etdiler.

 

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti “Al Jahran” kabulhanasynda Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri, Arap Ykdysady ösüşi boýunça Kuweýt Gaznasynyň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah hem-de Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşygy boldy.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *